Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýä goýberilmedik bir zenan gan basyşyndan öldi


Türkmenistandaky ykdysady krizisiň fonunda, raýatlar mundan çykalgany köpçülikleýin ýagdaýda daşary ýurtlara eklenç gözlegine ýykgyn etmekde tapýarlar.
Türkmenistandaky ykdysady krizisiň fonunda, raýatlar mundan çykalgany köpçülikleýin ýagdaýda daşary ýurtlara eklenç gözlegine ýykgyn etmekde tapýarlar.

Aşgabadyň aeoroportunda Türkiýä goýberilmedik bir aýal maşgalanyň saglyk ýagdaýy ýaramazlaşyp, ol soňy bilen aradan çykdy. Bu ýagdaý barada Azatlyk Radiosynyň biri-biriden habarsyz ençeme çeşmesi habar berdi.

Читайте также на русском

28-nji maýda ýaşy 50-den hem aşan bir aýal, öz ogly bilen Stambula uçmak üçin Aşgabadyň aeroportuna barýar. Şonda, Migrasiýa gullugy oglany geçirip, onuň ejesini bolsa, yzyna gaýtarýar.

“Migrasiýa gullugy ol zenanyň soňky sapar Stambula uçanda, öz gyzy bilen gidendigini, yzyna dolananda bolsa, ýeke özüniň, ýagny gyzyny ol ýerde goýup gaýdandygyny aýtdy. Migrasiýanyň işgäri ol zenanyň üstüne gygyryp, ýurtdan çykarylmajakdygyny aýtdy” diýip, bu wakalara şaýat bolanlaryň biri Azatlyk Radiosyna maglumat berdi.

Türkiýä goýberilmedik ýolagçylar gahar-gazaba mündi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:29 0:00

Sözümiziň şu ýerinde bellesek, bu waka bilen ilteşikli şahsyýetleriň atlary belli bolsa-da, Azatlyk Radiosy howpsuzlyk jähtinden olary çap etmekden saklanmak netijesine geldi.

Aýal maşgala uçara goýberilmän, yzyna gaýatyrlanyndan soň, onuň gan basyşy ýokarlanyp, saglyk ýagdaýy ýaramazlaşyp, ol huşuny ýitirýär. Ol şol ýerden dessine keselhana äkidilýär.

Şaýatlaryň biriniň aýtmagyna görä, aýalyň ogly aljyraňňlyga düşüp, resmileriň üstüne “siziň etmişiňiz barada Azatlyk Radiosyna habar berip, tutuş millete aýan ederin” diýip, gygyrýar; munuň yzy bilen-de, ol aeroportda howpsuzlyk gulluklary tarapyndan 3-4 sagatlap soraga çekilýär.

Mundanam başga, howpsuzlyk gulluklary ýolagçylara “bu waka barada hiç ýerde gürläýmäň, dilleriňize bek boluň” diýip, tabşyryk berýärler.

Bu hadysanyň ýüze çykan güni uçar reýsleriniň ençemesi gijikdirilýär we başagaýlykda ýolagçylaryň ählisi Migrasiýa gullugyndan geçirilip, uçara goýberilýär.

Galyberse-de, keselhana äkidilen aýal maşgala şol ýerde jan berýär.

Adat bolşy ýaly, türkmen emeldarlary we mediasy bu pajygaly hadysa barada hiç dil ýarmadylar.

Emma, Azatlyk Radiosynyň türkmen hökümetindäki bir çeşmesi bu ýagdaý boýunça derňewiň başladylandygyny, “Türkmenhowaýollary” we howpsuzlyk gulluklarynyň ýolbaşçy işgärleriniň wezipelerinden çetleşdirilmek howpunyň bardygyny maglumat berdi. Ol 30-njy maýda geçirilen Howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň dowamynda milli howpsuzlyk ministri D.Baýramowa we Migrasiýa gullugynyň başlygy Mergen Gurdowa berlen berk käýinjiň hem aeroportdaky waka bilen baglydygyny sözüne goşdy.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, Türkmenistanda dowam edýän täsiri halkyň durmuşynda barha ýiti duýulýan ykdysady krizisiň fonunda, raýatlar mundan çykalgany köpçülikleýin ýagdaýda daşary ýurtlara eklenç gözlegine ýykgyn etmekde tapýarlar.

Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleriniň berýän habarlaryndan çen tutulanda, türkmen häkimiýetleri raýatlaryň köpçülikleýin ýagdaýda migrantlyga ýykgyn etmeginiň öňüni almak üçin durmuşa geçirýän tilsimleriniň gerimini giňeltmäge dowam edýär.

XS
SM
MD
LG