Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet-NATO Geňeşinde Ukrainadaky konflikt we beýleki meseleler maslahat ediler


NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg.
NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg.

31-nji maýda NATO agza ýurtlaryň ilçileri Ukrainadaky konflikti we beýleki meseleleri maslahat etmek üçin orsýetli kärdeşleri bilen duşuşýarlar.

Orsýet bilen Günbataryň harby ýaranlygynyň arasyndaky gatnaşyklar 2014-nji ýylda Moskwanyň Ukrainanyň Krym ýarymadasyny anneksiýa etmegi we gündogar Ukrainadaky separatistlere beren goldawy sebäpli ýaramazlaşdy.

Bu gepleşikler Orsýet-NATO Geňeşiniň şu ýyl geçirýän ilkinji duşuşygydyr.

Soňky aýlarda Orsýet we günbatar ýurtlarynyň arasynda beýleki meseleler bilen bir hatarda, Siriýadaky uruş we Britaniýada orsýetli içaly Sergeý Skripalyň we onuň gyzy Ýuliýanyň zäherlenmegi bilen baglanyşykly birnäçe gezek gapma-garşylyklar emele geldi.

Ýakynda bolsa, NATO Orsýetden Ukrainanyň ýokarsynda Malaýziýanyň howaýollary kompaniýasyna degişli MH17 belgili uçaryň urlup ýykylmagynyň jogapkärçiligini öz üstüne almagy talap etdi. 2014-nji ýylyň 17-nji iýulynda urlup ýykylan uçarda 298 ýolagçy we ekipaž agzalarynyň ählisi heläk bolupdy.

XS
SM
MD
LG