Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda dermanlar gymmatlaýar we gytalýar


Illýustrasiýa suraty

Soňky iki aýyň dowamynda Türkmenistanyň dermanhanalarynda dermanlaryň bahalarynyň aşa ýokarlanýandygyny, käbir dermanlaryň bolsa asla tapdyrmaýandygyny görse bolýar.

Aşgabatly ýaşaýjylaryň Azatlyk Radiosyna aýtmaklaryna görä, mundan iki aý ozal dermanlaryň bahasy ýokarlansa-da, gerek dermanlaryňy gözläp tapsa bolýardy. Emma soňky iki hepde wagt bäri zerur bolan dermanlaryň käbir görnüşlerini tapyp bolmaýar. Dermanhanalarda bar bolan dermanlaryň bolsa, bahalary indi ýönekeý halk üçin elýeterden has ýokarlandy diýip, ýaşaýjylar aýdýarlar.

“Panangin” dermanynyň tabletka görnüşi, “Akson seftriakson” sanjymlyk dermany ýaly saglyk ätiýaçlyk pasportyna girýän dermanlary Aşgabadyň dermanhanalaryndan satyn alyp bolmaýar.Ýarym ýyl gowrak wagt mundan ozal, saglyk ätiýaçlyk pasportyna girýän dermanlaryň iň zerurlary sanawdan aýryldy. Ýeňil-ýelpaý dermanlara lukmanlar resept ýazyp berseler-de, olary dermanhanalardan satyn alyp bolmaýar.

“Ýeňillikli berilýän resept boýunça şu derman ýok, gymmat bahasyndan satyn alsaňyz bar” diýip, şol bir dermanhananyň işgärleri näsaglara jogap berýärler. Şol bir dermanhananyň resept bölüminde ýok dermanyň ikinji bir dermanlary doly bahasyna satylýan bölüminde bar bolmagy bolsa, derman gözleginde sergezdan bolup ýören näsaglaryň halyny has hem agyrlaşdyrýar diýip, özüni Aýna daýza diýip tanyşdyran aşgabatly pensioner aýdýar.

Aýna daýzanyň aýtmagyna görä, “Akson seftriakson” sanjym dermanyny ol iki aý mundan ozal ýeňillikli resept bilen 10 sanysyny 11 manada satyn alypdyr. Ol sowuklap bu sanjym dermanyny gaýtadan ulanmakçy bolanda, oňa resept bölüminde bu dermanyň ýokdugyny aýdypdyrlar. Aşgabadyň 1-nji dermanhanasynda bolsa, bu dermanyň bir ampulasyny ol 7 manatdan satyn almaga mejbur bolupdyr.

“Ozal 10 ampula üçin 11 manat tölän bolsam, doly bahasyna 10 ampula üçin 70 manat tölemeli boldum. Ýazylýan reseptlere näsaglara gerekli dermanlary berip bilmejek bolsalar, saglyk ätiýaçlyk pasportynyň hem geregi ýok .Biderek ilat oňa her aýda pul tölemeli bolýarlar” diýip, Aýna daýza janygýar.

Mundan bir aý ozal 5 ampuladan ybarat bolan bir gap sanjymlyk “Panangin” dermanynyň 38 manatdan 68 manada , 5 ampuladan ybarat bolan “Almiba” sanjymlyk dermanynyň bir gabynyň 98 manatdan 142 manada , 3 ampuladan ybarat bolan “Kokarnit” sanjym dermanynyň 59 manatdan 92 manada galdyrylandygny, ýeňillikli resepte berilýän 250 gramlyk “Fizrastwor” dermanyň ozal bir gabynyň 2 manat bolandygyny, häzir ony hem dermanhanalarda ýeňillikli resept bilen 3 manat 90 teňňeden satyn alyp bolýandygyny, Azatlyk radiosy bilen söhbetdeş bolýan käbir ýaşaýjylar gürrüň berýärler.

Azatlyk radiosy bilen söhbetdeş bolan bir dermanhana işgäriniň aýtmagyna görä bolsa, onuň işleýän hususy dermanhanasy häzirlikçe Türkmenistanda öndürilen dermanlardan gaplap, satuwa çykaryp iş ýöredýärler.

Sebäbi hususy dermanhanalara daşary döwletlerden getirýän dermanlary üçin döwlet tarapyndan konwertasiýa mümkinçilikleriniň ýokdugyny, dollary gara bazardan 20 manatdan satyn alyp, daşary döwletlerden derman getirmegiň hem kyn meseledigini, emma bu usul bilen işlemegiň hem işgärlere aýlyk tölemäge-de girdeýji getirmeýänligi sebäpli, öz hususy dermanhanasyny ýapmakdan başga alajynyň galmaýandygyny ol söhbetdeşlikde aýdýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG