Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dollar 27 manada ýetdi; onuň ýene-de gymmatlajakdygy aýdylýar


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda, hususan-da, Aşgabatda we Daşoguz welaýatynda dollaryň “gara bazardaky” nyrhy ýene ýokarlanyp, rekord derejä ýetdi. 1-nji iýunda Aşgabadyň we Daşogzuň bazarlarynda 1 amerikan dollary 27 manada barabar boldy.

Читайте также на русском

“Bazarlarda kesgitli bir nyrh ýok. Söwdegärleriň ýanyna baryp, dollaryň bahasyny sorasaň, olar özleriçe nyrh kesýärler. Bahalar her sagatda ýokarlanýar” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny soran aşgabatly habarçymyz aýtdy.

Azatlygyň Daşoguz welaýatyndaky çeşmesi hem, regionyň bazarlarynda dollaryň her sagatda diýen ýaly gymmatlaýandygyny tekrarlap, onuň nyrhynyň mundan hem ýokarlanjakdygy baradaky myş-myşlaryň adamlary dollar satyn alyp goýmaga iterýändigini belleýär.

“Indi adamlar dollar alyp goýmana synanyşýarlar. Sebäbi dollar ýakynda 60 manat boljakmyşyn diýen gürrüňler bar” diýip, adynyň efirde agzalmazlygyny soran çeşmämiz gürrüň berdi.

Belläp geçsek, 30-njy maýda Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary hem, alyjylar tarapyndan daşary ýurt walýutasyny 25 manatdan satyn almaga islegiň bardygyny, emma dollar söwdegärleriniň dollaryň ýene gymmatlamagyna garaşyp, köplenç satmakdan saklanýandygyny habar beripdiler.

Türkmenistanyň Merkezi banky 2016-njy ýylyň başynda dollaryň nagt görnüşli çalşygyny doly ýatyrandan soň, ýurtda daşary ýurt walýutasynyň nagt söwdasy gadagan edildi. Türkmenistanyň Merkezi banky bolsa, dollaryň resmi kursuny 3,5 manat möçberinde saklap gelýär.

Ýurduň banklary ilatyň belli bir möçberdäki türkmen manadyny nagt däl görnüşde daşary ýurt walýutasyna öwürmäge mümkinçilik döretse-de, bu pul serişdesini nagtlaşdyrmak hem-de olardan nagt däl hasaplaşyklar arkaly peýdalanmak düzgünleri doly diýen ýaly çäklendirildi.

Häzirki wagtda dollaryň resmi bolmadyk çalşyk kursunyň 27 manada ýetmegi bilen, ýaşaýjylar, şol sanda daşary ýurtlardan haryt import edýän söwdegärler dollary resmi kursdan tas sekiz esse gymmada satyn almaly bolýarlar.

Dollaryň “gara bazardaky” nyrhy barha ýokarlanýan mahaly, Türkmenistanda öndürilýän we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň hem gün-günden gymmatlaýandygyny, olaryň käbir görnüşlerinde gytçylygyň emele gelendigini görse bolýar.

Soňky iki hepdäniň dowamynda daşary ýurtlardan getirilýän gök-bakja önümleri, çagalar üçin niýetlenen harytlar, towuk etleri, dermanlar, çaý önümleri we mesge ýaglary degişlilikde iki-üç esse gymmatlady. Munuň bilen bir wagtda, bu harytlary dükan tekjelerinde tapmak hem kynlaşdy.

Mundanam başga, ýurduň döwlete degişli dükanlarynda arzan bahadan satylýan önümler hem ilata diňe çäkli möçberde, ýagny bir günde her adama 1 kilogram un, 1 kilogram şeker we 1 guty “Ahal” ýagy satylýar. Dükanlara getirilýän bu harytlaryň möçberiniň çäklidigi sebäpli, bu ýerde uzyn nobatlary emele getiren adamlaryň, hususan-da, aýallaryň arasynda ýakalaşyklaryň hem bolýandygyny görse bolýar.

Türkmen mediasynda ýurduň “bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýandygy” tekrarlanýar. Türkmenistanyň syýasy durmuşyna ýakyndan syn edýän halkara we ýerli synçylaryň ençemesi bolsa, häzirki wagtda ýurduň öz garaşsyzlygyna eýe bolany bäri iň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigini aýdýarlar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG