Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda ähli çagalar üçin deň derejede şert ‘döredilmeýär’


Garpyz satýan çaga
Garpyz satýan çaga

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň körpelerini 1-nji iýunda bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni bilen gutlap, olaryň “rahat, sagdyn, şadyýan durmuşda ýaşamagyna, hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösmegine gönükdirilen milli maksatnamalaryň hem-de giň gerimli toplumlaýyn özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini” aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde, Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan ýerli ýaşaýjylaryň we synçylaryň ençemesi ýurduň oba ýerlerindäki çagalara ýeterlik derejede üns berilmeýändigini, olaryň tomusky dynç alyşlarynda işlemäge mejbur bolýandygyny habar berýärler.

Berdimuhamedowyň 1-nji iýunda Türkmen döwlet habarlar (TDH) gullugynyň websaýtynda çap edilen gutlag hatynda: “Çagalaryň saglygyny, hukugyny goramak, olara ahlak-demokratik ýörelgeler esasynda bilim-terbiýe bermek, zenanlaryň hem-de çagalaryň bähbitlerini we hukuklaryny goramak ugrunda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýäris” diýilýär.

Şeýle-de, Türkmenistanda orta mekdepleriň tamamlanmagy we halkara güni bilen utgaşdyrylyp, türkmen lideri “Köpetdagyň sergin jülgelerinde, Gökderede, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda, ýurduň welaýatlaryndaky döwrebap çagalar sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümine badalga berilýändigini” hem sözüniň üstüne goşdy.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylaryň ençemesiniň tassyklamagyna görä, çaglaryň ýokarda gürrüňi edilýän çagalar sagaldyş merkezlerinde dynç almagy üçin ýörite ýollanma talap edilýär. Bu ýollanmalar bolsa, diňe döwlet edara-kärhanasynda işleýän işgärleriň çagalaryna berilýär.

“Gökderedäki, Awazadaky dynç alyş merkezleri diňe döwletiň wezipeli we baý gatlagynyň çagalaryna degişli. Kärendeçi daýhanlaryň çagalaryna täze gurlan dynç alyş ýa-da sagaldyş merkezlerinde dynç almaga rugsat berilmeýär. Ýagny, kärendeçileriň çagalaryna ýollanma berilmeýär. Şeýlelikde, çagalaryň hukuklary depelenýär” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny soran daşoguzly çeşmemiz aýtdy.

Oba ýaşaýjylarynyň we çagalaryň onlarçasy bilen söhbetdeş bolan çeşmämiziň tassyklamagyna görä, Daşoguz welaýatynyň etrapdyr obalarynda işsizligiň giňden ýaýrandygy we maşgala sebedine girýän girdejiniň pesligi sebäpli, oba ýerlerinde ýaşaýan çagalaryň aglabasy tomusky dynç alyş möwsüminde dürli işlerde işlemäge mejbur bolýarlar.

“Maşgaladaky ýeter-ýetmezçilik sebäpli çagalaryň köpüsi ene-atalary bilen ekin meýdanlarynda işleýärler. Olaryň käbiri bazarlarda araba sürüp, ýa-da balyk tutup, maşgalasyna ykdysady taýdan goşant etmäge mejbur bolýar. Käbir çagalar adamlaryň mal ýataklaryny arassalaýarlar. Iş tapmadyk çagalaryň käbiri bolsa, ogurlyk ýa-da beýleki jenaýatlara baş goşýarlar” diýip, çeşmämiz aýdýar.

Mundanam başga, söhbetdeşimiz çagalaryň gazanç etmek üçin işleýän döwründe olaryň betbagtçylyga uçrap, heläk bolmagy ýaly wakalaryň hem her ýyl diýen ýaly gaýtalanýandygyny aýdyp, sözüni şeýle dowam etdirýär:

“Geçen ýyl Daşogzuň Şabat kanalynyň we ondan bölünýän ýaplaryň käbirinde suwuň joşmagy netijesinde, bu ýere balyk tutmaga baran mekdep okuwçylarynyň ençemesi gark boldy. Şonda bir çaganyň jesedini asla tapmadylar. Edil şuňa meňzeş hadysalar ýylyň-ýylyna gaýtalanýar. Şeýle-de, geçen ýyl Daşogzuň bazarynda araba sürýän 9-njy klas okuwçysy arabaly köçeden geçip barýan mahaly, ony maşyn kakyp öldürdi” diýip, çeşmämiz sözüniň jemledi.

Türkmenistanyň resmi mediasynda ýurtda çagalaryň “bagtyýar durmuşda ýaşaýandygy we olaryň tomusky dynç alyş möwsüminde öz wagtyny boş geçirmezligi üçin ähli şertleriň döredilýändigi” aýdylsa-da, ýokarda gürrüňi edilýän ýagdaýlar barada mesele gozgalmaýar.

Türkmenistan öz garaşsyzlygyna eýe bolansoň, çagalaryň ýaşaýşyny, goraglylygyny we ösüşini üpjün etmek boýunça Bütindünýä Jarnamasyna, Birleşen Milletler Guramasynyň çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyna, Çagalaryň halkara derejede ogurlanmagynyň raýat jähetleri boýunça Gaaga Konwensiýasyna goşuldy. Resmi Aşgabat bu babatda öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge “örän jogapkärli çemeleşýändigini tassyklaýar”.

XS
SM
MD
LG