Türkmenistanda milli manadyň barha gowşap, dollaryň “gara bazardaky” bahasynyň rekord derejelere ýeten wagtynda, ýene bir gezek ýollar baglanyp, giň gerimli sport çäreleri geçirilýär. 3-nji iýundaky çäreler Türkmenistanyň başlangyçlary esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynda goldaw tapan Bütindünýä welosiped gününe bagyşlandy.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu çäreleriň “Türkmenistany sagdynlygyň we sportuň ýurdy hökmünde dünýä tanatjakdygyny” aýdýar.
Emma synçylar, şol sanda hukuk goraýjy Farid Tuhbatullin, Türkmenistanda gurlan sport desgalarynyň, şol sanda Aşgabatda gurlan Olimpiýa şäherçesiniň binalarynyň türkmen gaznasyna milliardlarça dollar serişdä düşmek bilen, ýurtdaky ykdysady krizisi has çuňlaşdyrandygyny belleýärler.
Şeýle-de synçylar Türkmenistanda sportuň, dünýäniň beýleki ýurtlaryndakydan tapawutlylykda, adamlaryň sport bilen meşgullanmagyna hakyky şert döretmezden wagyz edilýändigini we kähalatda gowy ideýalaryň hem gülkä öwrülmegine sebäp bolýandygyny aýdýarlar.
“Sportuň islendik görnüşi, şol sanda welosiped sporty hem adamlar üçin örän peýdaly we dünýäde örän meşhur. Emma bu ýerde, mysal üçin Ýewropada häkimiýetler adamlaryň welosiped ulanmaklary üçin şert döredýärler. Ozaly welosiped ýodajyklary, infrastruktura, şol bir wagtda häkimiýetler onuň mehurlaşdyrylmagyna kän gatyşmaýarlar, bu iş welosopediň janköýerleri tarapyndan edilýär” diýip, Farid Tuhbatullin sportyň dünýäniň başga ýurtlarynda has başgaça ösdürilýändigini nygtady.
Hukuk goraýjynyň ynanjyna görä, häzir Türkmenistanda sporty, şol sanda welosipedi meşhurlaşdyrmak üçin edilýän zatlar o diýen oýlanyşykly görünmeýär.
“Ýylda birki gezek ýa wagtal-wagtal ýolbaşçylary ýygnap, býujet edaralarynyň işgärlerini, studentleriwelosiped satyn almaga mejbur edip, sportuň bu görnüşini ýörgünli edip bolmaz, ozalam güzeranyny zordan aýlaýan adamlary bu hili çärelere gatnaşmaga borçly etmek welosiped sportuna söýgi däl, tersine, ýigrenç döreder” diýip, Tuhbatullin Azatlyk radiosy bilen telefon gürrüňinde aýtdy.
Ikinji tarapdan, synçylar Türkmenistanda ilatyň durmuş derejesiniň barha pese gaçýandygyny, harytlaryň bolsa yzygiderli gymmatlaýandygyny belläp, kadaly naharlanyp bilmeýän adamlaryň sagdyn bolup bilmejekdigini aýdýarlar.
Berdimuhamedow Welosiped güni mynasybetli çap eden ýüzlenmesinde Aşgabatda geçirilen V Aziýa oýunlarynyň Türkmenistany “sport ýurdy hökmünde dünýä tanatmakda gazanylan iň uly üstünlik bolandygyny” hem belläp geçýär. Emma Tuhbatullin prezidentiň bu sözleri bilen ylalaşmaýar.
“Eger biziň häkimiýetlerimiziň örän buýsanýan Aziadasyny, geçen ýyl Aşgabatda geçirilen 5-nji Aziýa oýunlaryny ýatlasak, häkimiýetler şonda-da ýurduň sport abraýy hakynda uly gürrüň edipdiler. Emma şonda Aşgabada baran žurnsliatler hakykatda Aziada bilen gyzyklanman, halkyň ýaşaýyş şertleri, dünýäniň iň ýapyk ýurdundaky geň ýagdaýlar bilen gyzyklandylar we soň şu barada hem ýazdylar” diýip, Tuhbatullin aýtdy.
Hukuk goraýjynyň pikiriçe, Türkmenistanyň geçirýän mejbury sport çäreleri hakykatda ýurduň negatiw obrazynyň dünýäde has giňden belli bolmagyna alyp gelýär.
“Türkmenistanyň pozitiw, oňyn keşbini döretjek bolsaň, ýylda bir näçe gezek köpçülikleýin kampaniýa gurnaman, halkyň abadançylygy üçin işlemeli, ýurdy açmaly, daşary ýurtlularyň gelip, bolup geçýän gowy zatlary görmegine mümkinçilik döretmeli, emma görkezere gowy zat bolmansoň, ýurt ýapyk bolmagynda galýar” diýip, Wenada ýaşaýan türkmen hukuk goraýjysy F.Tuhbatullin Azatlyk radiosyna aýtdy.