Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede ‘ýiten’ türkmenistanly migrantyň başga-başga hekaýalary


Stambul görnüşi

Golaýda “Facebook” sosial ulgamyndaky "Türkiýedäki türkmenistanlylar“ atly toparda "Laçka Ýagdyýewa“ atly agza ýitendigi aýdylýan türkmenistanly zähmet migranty barasynda bildiriş ýaýratdy.

Bildirişde "Lena atly zenanyň 3 çagasy tarapyndan ençeme aýdan bäri gözlenilýändigi, onuň iň soňky gezek Stambulda bolandygy aýan edilip, gören-eşidenlerden kömek soralýar.

Azatlyk Radiosy şeýle bildirişden ugur alyp, Stambuldaky çeşmeleriniň üsti bilen ýitendigi aýdylýan türkmenistanly migrant zenanyň ogly Reşitden maglumat aldy. Onuň yz ýanyndan hem ýitendigi aýdylýan migrant zenan, ýagny onuň ejesi Lena bilen gürrüňdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy redaksiýa gelip gowuşýan köp sanly islegleri nazarda tutup, "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň bu sanyny Türkiýede ýitdi diýilýän we hossarlary tarapyndan gözlenýän türkmenistanly zähmet migrantlarynyň ykballaryna gönükdirýär.

Gepleşigi diňläp, bu ugurdaky öz tejribeleriňizi ýa-da pikirleriňizi aşakdaky foruma teswir görnüşinde ýazyp bilersiňiz.

Türkiýede ‘ýiten’ türkmenistanly migrantyň başga-başga hekaýalary
please wait

No media source currently available

0:00 0:10:00 0:00

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG