Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

‘MTS-Türkmenistan’ ýurtdaky emläklerini ‘satyp başlady’


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistandaky mobil aragatnaşyk hyzmatlaryny bes eden “MTS-Türkmenistan” kompaniýasy özüniň ýurtdaky emläklerini satyp başlady diýip, “Hronika Türkmenistan” neşiri habar berýär.

“Aprel aýyndan başlap MTS özüniň Aşgabatdaky, Marydaky we Daşoguzdaky ofislerinde öň ulanylan kondisionerleri, ýagny sowadyjylary satyp başlady. Mundanam başga kompaniýa transformator podstansiýasylaryny hem satmaga synanyşýar, ýöne bu babatda şowly bolmaýana çalym edýär. Sebäbi transformator podstansiýasylarynyň satuw möhleti uzaldylyp, onuň bahasy hem arzanladylýar” diýip, neşir özüniň 6-njy iýunda beren maglumatynda belleýär.

Ýatlap geçsek, 2017-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda MTS kompaniýasynyň Türkmenistandaky abonentleriniň aragatnaşyk hyzmatlary kesildi. Şol güni irden “MTS-iň” paýtagt Aşgabatdaky müşderileriniň interneti öçürilen bolsa, günüň dowamynda MTS-iň Türkmenistandaky ähli hyzmatlarynyň kesilendigi mälim boldy.

Şeýle-de, şol güni MTS-iň Moskwadaky baş edarasynyň metbugat wekili Dmitriý Solodownikow kompaniýanyň Türkmenistandaky aragatnaşyk hyzmatlaryny türkmen tarapynyň ýatyrandygyny we türkmen kärhanalarynyň aragatnaşygy üpjün etmek üçin zerur bolan käbir rugsatnamalaryň möhletini uzaltmandygyny Azatlyk Radiosyna mälim edipdi.

Şol bir wagtyň özünde, MTS-iň wekili kompaniýanyň öz müşderileriniň aragatnaşyk hyzmatlaryny dikeltmek boýunça “Türkmentelekom” bilen gepleşikleri alyp barýandygyny belläp, MTS kompaniýasynyň Türkmenistanda işlemegine degişli lisenziýanyň möhletiniň 2018-nji ýylyň 26-njy iýulynda tamamlanýandygyny nygtapdy.

Bu wakadan birnäçe aý öň bolsa, has takygy geçen ýylyň iýul aýynyň aýagynda Russiýanyň MTS kompaniýasy özüniň Türkmenistanda işlemeginiň şertleri boýunça türkmen häkimiýetleri bilen gepleşikleriň dowam etdirilýändigini habar beripdi.

Şol pursat, türkmen tarapynyň “Aý Nazar” atly täze mobil aragatnaşyk operatorynyň “MTS-Türkmenistanyň” infrastrukturasyndan peýdalanmagyna rugsat berilmegi baradaky ylalaşygy teklip edýändigi aýdylypdy.

Şonda MTS mobil aragatnaşyk kompaniýasynyň Moskwadaky baş edarasynyň metbugat wekili Dmitriý Solodownikow bu mesele boýunça özleriniň kommentariý bermekden saklanýandygyny aýdyp, bu maglumaty ne inkär etdi, ne-de tassyklapdy.

Bu gepleşikleriň nähili netije bilen gutarandygy barada häzirlikçe hiç bir tassyklanan maglumat ýok. Şeýle-de, türkmen häkimiýetleri MTS-iň ýurtda alyp barýan işini resmi taýdan bes edýändigi ýa-da etmeýändigi barada henize çenli resmi beýanat bilen çykyş etmän gelýärler.

Emma Azatlygyň türkmen hökümetine ýakyn çeşmeleri, şol sanda “MTS-Türkmenistan” mobil aragatnaşyk operatorynyň käbir resmileri, hökümetiň ýokary gatlaklaryna ýakyn durýan adamlaryň döredýän täze mobil telefon aragatnaşyk ulgamyna, ýagny “Aý Nazara” has artykmaç şert döretmek üçin, rus kompaniýasynyň lisenziýasynyň uzaldylmajagyny geçen ýylyň iýun aýynyň ortalarynda habar beripdiler.

2017-nji ýylyň noýabr aýynda Russiýanyň MTS kompaniýasy özüniň Türkmenistandaky mobil aragatnaşyk hyzmatlaryny bes etmegi bilen, bu ýurtdaky aktiwleriniň hümmetiniň gaçmagy sebäpli çeken zyýanyny kesgitläp, munuň 2017-nji ýylyň üçünji çärýeginde 1,1 milliard rubl, ýagny 18,3 million amerikan dollary möçberinde bolandygyny habar berdi.

MTS kompaniýasy Türkmenistandaky müşderileriniň sanyny 2017-nji ýylyň 2-nji çärýeginde 1 million 700 müň diýip kesgitledi.

XS
SM
MD
LG