Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatdaky salkyn duralgalaryň hözirini ýolagçylar däl, diňe howpsuzlyk işgärleri görýär


Aşgabatdaky täze duralgalaryň biriniň kölegesinde duran ýolagçylar.

2016-njy ýylyň aýagynda, 2017-nji ýylyň başynda, 5-nji Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlygyň çäginde Aşgabatda içi sowadyjyly we ýyladyjyly awtobus duralgalary gurlanda, adamlar çyndan begenipdiler, emma ol duralgalaryň hözirini diňe howpsuzlyk işgärleri görýär diýip, Azatlygyň türkmen paýtagtyndaky çemeleri habar berýär.

Türkmen telewideniýesi 6-njy iýunda Aşgabatda howanyň gyzgynyň 42 gradusa ýetýändigini habar berdi, emma ýerli ýaşaýjylar howanyň temperaturasynyň kölegede 45 gradusdan geçendigini aýtdylar.

Bu hili yssy howada ýolagçylar köplenç, eger bolsa, duralgalaryň golaýyndaky baglaryň saýasyna çekilýärler. Ýöne hemme duralganyň ýanynda saýaly bag hem tapdyryp durmaýar.

Bu ýagdaýda şäher ýaşaýjylary üçin gurlan “sowadyjyly duralgalar diňe garrylaryň, ýarawsyz ýa-da ýaş çagaly ýolagçylaryň däl, her kimiň-de gözüne degjek, emma olar gulply dur” diýip, Azatlyk radiosy bilen anonim şertde gürleşen 60 ýaşly aşgabatly aýtdy.

Aşgabatdaky awtobus duralgalarynyň köpüsi döwrebap däl, olaryň arasynda hatda 20-30 ýyl mundan öň gurlan we şol durkunda galan köne duralgalar hem az däl diýip, aşgabatlylar gürrüň berýär. Emma şäher merkezinde, hususan-da “protokol köçeleri” diýilýänlerde gurlan awtobus duralgalary daşyndan örän kaşaň görünýär.

Bu desgalar esasan üç bölümden durýar. Olaryň birinji bölegi – duralganyň öňündäki 10-12 adamlyk oturgyçly ýer bolsa, soňra duralgada biri-biriniň içinden geçilýän hersi 10-12 adamlyk, içinde oturgyç goýlan iki otag bar.

Olaryň birinjisine ýagyş-ýagmyr ýa ýel bolan wagtynda 15 adama çenli girip bilýär, emma aýna gapynyň aňyrsyndaky sowadyjyly otag welin, ýagyş-ýagmyrly güýzde-de, garly gyşda-da, häzirki jöwzaly yssyda hem, ýolagçylar üçin açylmaýar” diýip, Azatlygyň biri-birinden garaşsyz iki çeşmesi habar berdi.

Bellemeli ýeri, duralgalardaky gapylary gulply we ýönekeý adamlar üçin açylmaýanotaglarda sowadyjy oturdylan, ol sowadyjylary gyşyna ýyladyjy edip hem ulanmak mümkin.

Eger şu günler sowadyjyly otaglar açylsa, adamlar ol ýerde birsellem demini dürsejek, şäher häkimiýetlerine sagbol aýtjak, emma ýolagçylaryň bu islegi bu ýylam arzuw bolup galmasa ýagşy” diýip, 60 ýaşly söhbetdeşimiz gürrüňini dowam etdi.

Şol bir wagtda-da ol sowadyjyly duralgalaryň gijelerine, köçedäki tertip-düzgüne gözegçilik edýän howpsuzlyk işgärleri üçin açylýandygyny, gündizlerine jöwzaly yssyda kösenýän ýönekeý raýatlardan tapawutlylykda, olaryň gijäniň salkynynda hem sowadyjyly jaýda oturýandygyny gürrüň berdi.

Aşgabat şäheriniň protokol köçeleri gijelerine 20-30 ýaş aralygyndaky ýaş ýigitler tarapyndan goralýar, ellerindäki radio telefonda biri-biri bilen edýän gürrüňleri 20-30 metr uzaklykdan hem eşidilip duransoň, olaryň ýörite gulluklaryň işgäridigini hemmeler bilýär” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.

Raýat eşiginde protokol köçelerini goraýan ýigitler adatça agşam sagat 22:30-23-den soň işe çykaýrlar we gije ýarymdan geçýänçä köçäniň ugrunda bolup, soňundan ir sagat 6:30-a çenli içi sowadyjyly we ýyladyjyly otaglarda dynç alýarlar, soň bu otaglar ýene uzakly gün gulply durýar” diýip, bu maglumaty Azatlygyň başga bir çeşmesi hem tassyk etdi.

Şeýle-de ol bu otaglaryň ýönekeý adamlar üçin diňe yssy tomus we sowuk gyş aýlarynda däl, ýylyň dört paslynda hem hem ýapyk durýandygyny sözüne goşdy.

Aşgabatlylaryň köpüsi, şol sanda ýazyjy Amanmyrat Bugaýew sowadyjyly we ýyladyjyly duralgalaryň başda ýolagçylara niýetlenip gurlandygyny, emma olaryň indi başga adamlaryň meýdandaky iş otaglaryna öwrülip barýandygyna geň galýandyklaryny aýdýarlar.

Aşgabatdaky duralgalaryň ýagdaýy barada Azatlyk bilen söhbetdeş bolan raýatlaryň içi salkyn duralglaryň gapylarynyň açylmagyndan başga şäher häkimiýetlerinden ýene bir islegleri bar, olar yssy howada duralgalaryň gapdalynda boş duran gazet dükanlarynda ýolagçylara suw satylmagyny hem arzuw edýärler.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG