Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen goşunyndaky çagyryş boýunça gullukdan ir boşamak üçin ‘para bermeli’


Türkmen esgerleri

Türkmenistanyň çägindäki dürli harby birikmelerde serkerdeler 2 ýyllyk çagyryş boýunça harby gullugy tamamlan esgerleriň ene-atalaryndan ogullaryny gullukdan ir boşatmak üçin 2-3 müň manat möçberinde para soraýarlar. Bu barada Azatlygyň Türkmenistandaky çeşmesi habar berýär.

Galyberse-de, çeşme gullukdan boşadylýan esgerleriň egin-eşik bilen üpjün edilmeýändigini, döwlet watana iki ýyllap gulluk eden raýatyny öýüne öz hossarlarynyň yzyndan elten eşiginde iberýändigini habar berdi.

Ol ýetiren maglumatynda öňe sürülýän tejribeleri başdan geçirendigini aýdýan ene-atalaryň sözlerine salgylanyp: “Ofiserlere para beren raýatlaryň çagalary 15-nji aprelden öň boşadylar. Para bermäge ýagdaýy bolmadyk esgerler henizem gulluk edýär. Olaryň şu aýyň 25-30-y aralygynda gelmegine garaşylýar” diýdi.

Türkmenistanyň prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakyndaky permana 19-njy martda gol çekdi.

Adatça, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän esgerleriň arasynda her ýyl prezidentiň permanyna sabyrsyzlyk bilen garaşylýar we onuň çykan gününi gullukdan boşamaly esgerler harby birikmelerde baýramçylyk howasynda geçirýärler. Däp bolşy ýaly permanyň çykan gününden başlap, gullukdan boşamaly harbylar çöregini ýaş esgerler bilen paýlaşyp, günlerini sanap başlaýarlar.

Ýöne, ynha ýurtdan gelip gowuşýan soňky habarda giň ýaýran korrupsiýa hadysasynyň esgerleriň goşundan boşadylmak çäresine-de baryp ýetendigi habar berilýär.

Galyberse-de, türkmen goşunyndaky nogsanlyklar we kemçilikler barada Azatlyk Radiosynda wagtal-wagtal dürli maglumatlar peýda bolup durýar.

Meselem, maýyň aýagynda Azatlyk Radiosyna Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Terbiýeçilik işleri boýunça müdirligi tarapyndan taýýarlanandygy aýdylýan wideo gelip gowuşdy. Onda harby birikmelerde esgerleriň arasynda höküm sürýän “dedowşina”, ýagny “agalyk” edähediniň henizem dowam edýändigine, munuň netijesinde esgerleriň manysyz kösenýändigine, hatda olaryň käbirleriniň kämahal birikmelerdäki bidüzgünçilikler zerarly el-aýagyny çapdyrýandygyna şaýat bolmak mümkin. Bu barada agzalýan wideoda giňişleýin gürrüň edilýär.

Azatlygyň çeşmesi 7-nji iýunda beren maglumatynda harby gulluk boýunça raýatlaryň sezewar bolýan kynçylyklarynyň eýýäm harby komissariatda başlaýandygyny gürrüň berip, şeýle diýdi:

“Esgerleriň kynçylygy woýenkomada çagyrylyp başlanan döwründe başlanýar. Eger soralan parany bermeseler hatda keselem bolsa gulluga alýarlar. [Häkimiýetler] hatda ýokanç inçekesel ýa-da gepatit keselli oglanlary gulluga alansoň, armiýa baran beýleki esgerlere kesel ýokaşýar we ýüzlerçe esger ömürlik maýyp bolup yzyna dolanýar. Geçen alty aýyň dowamynda Saragt serhedinden ýüze golaý esger inwalid bolup yzyna dolandy. Olara gepatit ýokaşypdyr” diýip, çeşme gürrüň berdi.

Bu öňe sürülýän gürrüňleri Azatlyk Radiosyna degişli häkimiýetlere tassyklatdyrmak ýa-da iňkär etdirtmek başartmaýar.

Ýöne türkmen goşunynyň häzirki ýagdaýy barada peýda bolýan maglumatlarda harby birikmeleriň üpjünçilik bölümleriniň işiniň ýaramazlaşýandygy, esgerleriň iýmit üpjünçiliginde-de bärden gaýtmalara ýol berilýändigi öňü sürülýär.

Soňky bir ýylyň dowamynda ogullaryny goşun gullugyna ugradan ene-atalar esgerleriň azyk bilen üpjünçiliginiň görnetin ýaramazlaşýandygyny habar berýärler.

“Çagam horlanmasyn diýip, göteribilen iýmitlermi göterip, ýurdyň o çetinde gulluk edýän oglumyň yzyndan gatnamaga mejbur bolýaryn” diýip, öz adynyň efirde tutulmazlygyny soran aşgabatly ýaşaýjy geçen ýylyň noýabrynda Azatlyk radiosyna gürrüň berdi.

Geçen ýylyň noýabar aýynda edilen bu gürrüňi türkmenistanly çeşmäniň 7-nji iýunda iberen maglumaty hem tassyklaýan ýaly. Ol: “Habry gullugy geçýän esgerler ofiserleriniň el telefonlaryna ene-atalarynyň kömegi bilen pul geçirdip, ony nagtlaşdyrýarlar. Şeýdibem çörek puly edinýärler” diýip sözüni jemledi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG