Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýedäki türkmenler Aşgabadyň 'geçirimlilik kararyna' bil baglap bolmajagyny aýdýarlar


Türkiýäniň "Türkpermit" firmasynda bu ýurtdaky durumlaryny kanunlaşdyrmaga çalyşýan türkmen migrantlary
Türkiýäniň "Türkpermit" firmasynda bu ýurtdaky durumlaryny kanunlaşdyrmaga çalyşýan türkmen migrantlary

Türkiýedäki türkmen zähmet migrantlarynyň ýurda dolanmagy üçin şu wagta çenli görlen çäreler netije bermänsoň, Türkmenistanyň hökümeti ýurda girip-çykmak üçin zerur bolan biometriki pasporty wagtynda alman, köne pasportlary bilen uzak wagtdan bäri daşary ýurtlarda ýaşaýan we işleýän türkmen raýatlaryna döwlet derejesinde geçirimlilik ediljegine ynandyrmaga çalyşýar.

Ýerli çeşmeleriň berýän maglumatlaryna görä, hökümet köne pasportly migrantlara, eger ýurda dolansalar, hiç hili kanuny jogapkärçiligiň garaşmaýandygyny, bu meselede prezident derejesinde karar kabul edilendigini aýdýar.

Şeýle karar baradaky maglumaty Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleri 6-njy iýunda habar berdi we bu täzelik ylaýtada Türkiýedäki türkmen zähmet migrantlarynyň arasynda uly gyzyklanma döretdi.

Eýsem, Türkiýedäki türkmen zähmet migrantlary Türkmenistanyň hökümetiniň daşary ýurtlardaky köne pasportly raýatlaryna ‘geçirimlilik etmek’ baradaky kararyna bil baglap, yzyna - ýurda dolanarmy?

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri“ gepleşiginiň bu günki sanyny Türkmenistanda daşary ýurtlardaky köne pasportly raýatlara döwlet derejesinde ediljekdigi aýdylýan "geçirimlilige" türkmen migrantlarynyň bildirýän reaksiýasyna gönükdirýär.

Gepleşigi diňläp, öz pikirleriňizi we tejribeleriňizi aşakdaky foruma teswir görnüşinde ýazyp bilersiňiz.

Türkiýedäki türkmenler Aşgabadyň 'geçirimlilik kararyna' bil baglap bolmajagyny aýdýarlar
please wait

No media source currently available

0:00 0:10:00 0:00

XS
SM
MD
LG