Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen migrantlary resmileriň hereket azatlygy baradaky aýdanlary bilen "ylalaşmaýarlar"


Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň işgärleri.

7-nji maýda BMG-ň Ženewadaky edarasynda guramanyň Adam hukuklary geňeşiniň Ähliumumy syny boýunça işleýän topary Türkmenistanyň adam hukuklary borçlaryny ýerine ýetirişi baradaky milli hasabatyny diňledi. Şonda, türkmen resmileri Türkmenistanyň öz raýatlarynyň ýurduň daşyna çykmak hukugyny kanun taýdan berjaý edýändigini aýtdy.

Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan we özleriniň daşary ýurda goýberilmeýändigini öňe sürýän raýatlar bilen bir hatarda Türkiýedäki türkmen zähmet migrantlary türkmen resmileriniň Ženewadaky çykyşyna uly seslenme bildirip, hakykat ýüzünde Türkmenistandaky ýagdaýyň düýpgöter başgaçadygyny öňe sürýärler.

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri“ gepleşiginiň bu günki sanyny redaksiýa gelip-gowuşýan islegleri nazarda tutyp Türkmenistandan daşary ýurda goýberilmeýänleriň ykballaryna we olar bilen bir hatarda zähmet migrantlarynyň türkmen resmileriniň hasabatyna bildiren seslenmelerine gönükdirýär.

Gepleşigi diňläp, bu temadaky pikirleriňizi we tejribeleriňizi aşakdaky forumda teswir görnüşinde ýazyp bilersiňiz.

Türkmen migrantlary resmileriň hereket azatlygy baradaky aýdanlary bilen "ylalaşmaýarlar"
please wait

No media source currently available

0:00 0:10:00 0:00

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG