Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde futbol boýunça 21-nji dünýä çempionaty başlanýar


Futbol boýunça dünýä çempionatynyň Moskwada ýerleşdirilen banner bildirişi, 13-nji iýun, 2018
Futbol boýunça dünýä çempionatynyň Moskwada ýerleşdirilen banner bildirişi, 13-nji iýun, 2018

14-nji iýunda Orsýetde futbol boýunça 21-nji dünýä çempionaty başlanýar. Moskwanyň täzelenen 80 müň adamlyk Lužniki stadionynda Orsýet Saud Arabystany bilen bäsleşer.

Iri halkara sport çäresiniň açylyş dabarasyna Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin we dünýä ýurtlarynyň liderleriniň ençemesi gatnaşýar.

Bir aýdan gowrak wagtyň dowamynda Orsýetiň 11 şäheriniň jemi 12 sany stadionynda geçiriljek çempionata 32 sany komanda, şol sanda 2014-nji ýylyň dünýä çempiony Germaniýanyň topary gatnaşar.

32 günüň dowamynda 64 sany oýun geçiriler.

Resmi maglumatlara görä, Orsýet futbol boýunça Dünýä çempionatyny guramalaşdyrmak üçin 13 milliard dollar çemesi pul sarp edipdir. Dünýä çempionaty adatça tomaşaçylaryň arasynda beýleki halkara ýaryşlaryndan has köp gyzyklanma döredýär.

Bu halkara ýaryşy Moskwanyň öz-özüni halkara derejesinde barha üzňeleşdirýän we birnäçe halkara krizislerindäki roly üçin sanksiýalara sezewar bolýan döwründe amala aşyrylýar. Moskwanyň Günbatar ýurtlary bilen gatnaşyklary Orsýetiň Ukrainadaky ýagdaýlara goşulyşmak, beýleki ýurtlaryň saýlaw proseslerine güman edilýän täsiri we Angliýada öňki gizlin agenti hem onuň gyzyny zäherlemek ýaly aýyplamalaryň daşynda dartgynly bolmagynda galýar.

Üstesine, Orsýetiň ABŞ-nyň 2016-njy saýlaw prosesine täsir ýetirmäge güman edilýän synanyşygy Moskwanyň sowuk urşundan bärki döwürde Günbatar bilen gatnaşyklarynyň iň ýaramaz ýagdaýa gelmegine sebäp boldy.

Londonyň Orsýeti öňki gizlin agent Sergeý Skripaly we onuň gyzyny Salisbury şäherinde zäherlemäge synanyşmakda aýyplamagynyň netijesinde Beýik Britaniýanyň patyşa maşgalasy we britan hökümetiniň agzalary Dünýä çempionatyna gatnaşmaýar.

Muňa garamazdan, Orsýetde geçýän ýaryşy boýkot etmek hakynda Britaniýanyň we gündogar Ýewropa ýurtlarynyň käbiri tarapyndan edilen teklip başa barmady.

Orsýetli guramaçylar Dünýä çempionatynyň açylyş dabarasyna 20 çemesi ýurduň baştutanlarynyň gatnaşmagyna garaşýandygyny aýtdylar. Munuň öňüsyrasynda adam hukuklaryny goraýjy “Human Rights Watch” (HRW) guramasy dünýä liderlerine ýüzlenip, Orsýetiň Siriýadaky “wagşyçylyklaryna” protest hökmünde çempionatyň açylyş dabarasyny boýkot etmäge çagyrypdy.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin 2018-nji ýylyň Dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynyň bir gün öňüsyrasynda futbol boýunça dünýä guramasy FIFA-nyň sporty syýasatdan aýra saklaýandygy üçin özüniň minnetdardygyny aýtdy.

"Biz FIFA-nyň sportyň syýasatdan daşda bolmagyna degişli prinsipiniň adalatlydygyny nygtamakçy” diýip Putin belledi.

Futbol boýunça dünýä çempionatynda ýeňiji bolmaga dalaş edýänleriň ilkinji hatarynda Germaniýa (1), Braziliýa (2), Portugaliýa (4), Argentina (5) we Fransiýa (7) görkezilýär.

Geçmişde Braziliýa dünýä çempiony adyna bäş gezek eýe bolupdy, Germaniýa dört gezek.

Futbol boýunça indiki Dünýä çempionatlary 2022-nji ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda Katarda, 2016-njy ýylda bolsa üç ýurtda ABŞ-da, Meksikada we Kanadada geçiriler.

XS
SM
MD
LG