Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda birinji klasa başlajak çagalaryň ene-atalaryndan para talap edilýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Daşoguz welaýatynda şu ýyl mekdebe başlajak çagalara saglyk kepilnamasyny almak isleýän ene-atalardan 200 manat möçberinde para talap edilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýurduň demirgazyk welaýatynda çeşmeleri habar berýärler.

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny soran çeşmämiziň tassyklamagyna görä, ene-atalardan 2018-nji ýylyň sentýabr aýynda birinji klasa okuwa başlajak çagalarynyň saglyk kepilnamalaryny 20-nji iýula çenli tabşyrmak talap edildi we munuň netijesinde Daşogzuň tas ähli etraplaryndaky Saglyk öýleriniň öňünde nobatlar emele geldi.

“Bu ýerde para-peşgeş ýetik. Indi lukmanlar çagalar üçin hem para alyp başladylar. Daşoguz şäheriniň Saglyk öýünde çagalar kepilnamasy üçin alynýan paranyň möçberi 200 manada barabar. Eger şu parany lukmanlara bermeseň, kepilnamaň beýlede dursun, salamyňam almaýarlar. Parany berseň, çagany barlagdan geçirmegiň hem geregi ýok. Bir günde çaganyň sagdyn diýen kepilmanasy taýyn” diýip, çeşmämiz ene-atalaryň ençemesine salgylanyp gürrüň berdi.

Şeýle-de, ol gündelik ulanylýan beýleki harytlardan başga-da, mekdep esbaplarynyň hem bahasynyň ýyl-ýyldan ýokarlanýandygyna ünsi çekip, bu gymmatlamanyň fonunda, saglyk kepilnamasy üçin talap edilýän paranyň ene-atalar üçin artykmaç çykdajy bolýandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

“Häzirki krizis döwründe okuwçylaryň depder-ruçkasynyň, mekdep formasynyň we sumkasynyň bahalary hem geçen ýylka garanda, tas 10 esse gymmatlap, bu maşgalalaryň köpüsine kynçylyk döretdi. Mysal üçin, geçen ýyl Hytaýda öndürilen bir sany şarikli ruçka 30 teňňä barabardy, häzir 3,5 manatdan satylýar. Öň 50 teňňeden satylan depder indi 4,2-5 manada deň. Okuwçylaryň sumkalarynyň, rýukzaklarynyň iň arzany 150-200 manat aralygynda. Şeýle ýagdaýda ene-atalar we mugallymlar çagalar üçin talap edilýän kepilnamanyň zerurlygy hem ýok diýip hasaplaýarlar. Sebäbi Türkmenistanyň häzirki şertlerinde bu kepilnama kagyzdan başga zat däl, bolmasyz iş bolsa, ýa-da çagalar kesellese, onda çagalara mugt berilmeli dermanlary dermanhanalarda puluňa-da tapyp bolmaýar. Üstesine, çagaňa sanjym eden lukmana pul, ýagny para hem bermeli. Her sanjym üçin 15 manat bermeli” diýip, söhbetdeşimiz gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, ene-atalaryň we mugallymlaryň ählisi diýen ýaly bu kepilnamany hem lukmanlara gönüden-göni korrupsiýa ýol açyp bermek diýip hasaplaýarlar.

Azatlyk Radiosy ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar dogrusynda, Daşoguz şäheriniň Saglyk öýi we welaýat häkimligi bilen habarlaşanda, bu maglumaty ne tassyklatmak, ne-de inkär etdirmek başartdy.

Belläp geçsek, bu Türkmenistanyň döwlete degişli beýleki edara-kärhanalaryndan başga-da, çagalary çagalar bagyna, mekdebe ýa-da ýokary okuw jaýyna ýerleşdirmek meselesinde para-peşgeşiň giňden ýaýrandygy barada Azatlyk Radiosyna gelip gowşan ilkinji maglumat däl.

“Çagalary okuwa ýerleşdiren wagtyň talap edilýän resminamalary almak üçin para bermeli. Mundan başga-da, çagalary öz ýaşaýan ýeriňdäki çagalar bagyna ýa-da mekdebe gatnatmak üçin para bermeli. Soňra mekdepde ýygnalýan puly tapyp bermeli. Mekdebi gutardy diýýäňem welin, çagaňy ýokary okuw jaýyna salmak üçin ýene para bermeli. Çagaňa bilim berjek bolsaň, azyndan 15 ýyl diňe para berip geçmeli” diýip, adynyň efirde agzalmazlygyny soran daşoguzly zenan Azatlyk Radiosyna gürrüň beripdi.

Ýurtda geçirilýän hökümet maslahatlarynda “käbir ministrlikleriň, pudak edaralarynyň we welaýat häkimlikleriniň aýry-aýry işgärleriniň parahorluk edýändikleri” wagtal-wagtal boýun alynsa-da, parahorluk edýän edara-kärhanalar, parahorlugyň möçberi, aýyplamalaryň nämä esaslanýandygy we munuň öňüni almak üçin görülýän çäreler barada takyk maglumat berilmeýär.

Hökümetden aýry “Halkara aýdyňlyk” (Transparency International) halkara guramasynyň şu ýylyň fewral aýynda çap eden soňky hasabatynda Türkmenistan 180-den 167-nji orny alyp, iň bir korrupsiýa çümen ýurtlar – Demirgazyk Koreýa, Owganystan, Siriýa, Yrak we Wenezuela – bilen bir hatarda ýerleşdirildi.

XS
SM
MD
LG