Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda täzesini gurman, köne köprüleri ýumrup, gurluşyk materiallaryny satýarlar


Lebap welaýatyndaky köne köprüleriň biri.
Lebap welaýatyndaky köne köprüleriň biri.

Daşoguz welaýatynda sowet döwründe gurlan köprüler sökülip, olaryň gurluşyk materiallary hususy taraplara satylýar diýip, Azatlygyň ýurduň demirgazygyndaky çeşmesi habar berýär.

“Daşoguzlylar 1960-1985-nji ýyllarda gurlan köprüleri şu günlere çenli ulanyp gelýärdiler, emma indi olary welaýat häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasarynyň beren tabşyrygy esasynda ýykýarlar” diýip, çeşme aýtdy.

Azatlyk bilen anonim şertde gürleşen ýerli ýaşaýjylaryň biri adamlaryň köne köprüleriň ýerine täze köpri gurulmazdan ýykylmagyndan örän nägile bolýandyklaryny gürrüň berdi.

Azatlygyň habarçylarynyň we ýerli synçylaryň ýurt içinden berýän maglumatlaryna görä, Türkmenistanda oba, etrap ýerlerindäki ýollaryň, köprüleriň uzak ýyllar ideg edilmän, ýolagçylar üçin uly howp döredýän halatlary hem az däl. Bu aýdylýanlary ýurt içinden iberilýän suratlar, asfalt düşelmedik ýa uzak wagtlap bejerilmedik ýollaryň, çagşan köprüleriň gözgyny şekilleri hem tassyklaýar.

Emma muňa garamazdan, türkmen metbugaty ýurtda oba, etrap ýerlerindäki sosial meseleleri çözmek, obalardaky durmuş-ýaşaýyş şertlerini şäherlerdäki şertlere deňleşdirmek üçin uly işleriň edilýändigini tekrarlaýar.

Şu aýyň başynda başlanan köpri ýykyşlyga dolanyp gelsek, “Gurbansoltan eje (ozalky Ýylanly etraby) etrabynda daýhanlaryň kärende ýerlerine, gonamçylga barýan ýollaryndaky abat köprini ýumrup, materiallaryny satypdyrlar,bu ýagdaý etrapda 50 töweregi ýaşaýjynyň protest üçin toplanyp, etrap häkimligine arz etmegine sebäp boldy” diýip, Azatlygyň çeşmesi aýdýar.

Aýdylmagyna görä, etrap häkimi halkyň gazabyndan çekinip, ýumrulan beton köpriniň ornunda metal turba taşladyp, demir köpri gurdurýar. Ýöne welaýatyň beýleki ýerlerinde, Ýylanlydaky ýaly, halkyň arzyny diňläp, dogry netije çykarjak bolup duran häkim hem ýok bolarly.

Mysal üçin, Boldumsaz etrabynyň Almalyk daýhan birleşiginde, Guwanç Atamedow daýhan birleşiginde, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Magtymguly obasynda we beýleki obalarda kärendeçiler gowaça eken ýerlerin ne pyýada, ne traktorly baryp bilýärler. Ady agzalan obalaryň bugdaý ekilen meýdanlaryna kombaýnlaryň hem baryp bilmeýändigi, netijede, gowaça meýdanlarynda bejergi işleriniň, bugdaý ekilen ýerlerde oragyň gijigýändigi habar berilýär.

S.Türkmenbaşy etrabynda, köprüler ýumrulyp, bugdaýly meýdanlara kombaýn baryp bilmänsoň, mekdeplerde, hasshanalarda, arçynlyklarda işleýän adamlary, garawullary, bagbanlary we tämizlik işgärlerini ekin meýdanlaryna çykaryp, ýüzlerçe gektar bugdaýy elde ordurmaga başladylar diýip, çeşme aýtdy.

Sebitiň ýaşaýjylarynyň Azatlyk radiosynyň habarçysyna aýtmaklaryna görä, garaşsyzlyk ýyllarynyň başynda kolhoz-sowhozlaryň oba hojalyk tehnikasyna hyzmat edýän abat garažlarynyň, mal fermalarynyň, edara jaýlarynyň binalaryny, haýatlaryny ýykyp, olaryň gurluşyk materiallaryny satmak adaty bir zada öwrüldi.

“Bir satylman galan köprülerdi, indi olaram satyp başladylar” diýip, ýaşaýjylar Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdylar.

“Iň ýamany, oba merkezleriniň, şäherçeleriň ýeke-täk çykyş köprüleri hem ýumrulýar, adamlar maşynlaryny ýolda goýup, ýaplara paýapyl goýup, şondan geçip öýlerine gelýärler” diýip, Azatlyk bilen anonim şertde gürleşen ýaşaýjy aýtdy. Şeýle-de ol, eger-de obada “Tiz kömege” zerurlyk bolsa ýa-da toý-ýas bolsa, ilatyň örän kösenýandigini belledi.

Bu maglumat Türkmenistanyň prezidentiniň Lebaba iş saparyna baryp, “Amul-Hazar 2018” awtorallisine görülýän taýýarlyk barada ýörite maslahat geçiren wagtynyň yz ýanynda gelip gowuşdy. TDH-nyň maglumatyna görä, awtoralliniň çägindäki ýollaryň umumy uzynlygy 1 müň 566 kilometre deň bolup, olaryň 1 müň 158 kilometri ýaryşlaryň geçýän ugry, 408 kilometri bolsa ýaryş geçirilmeýän ýollardyr.

Şeýle-de, awtoralliniň duralgalarynyňher birinde 3 müň orunlyk naharhananyň, metbugat merkeziniň, lukmançylyk nokadynyň, sungat ussatlarynyň çykyş etmegi üçin sahnanyň, sergileri guramak üçin ýörite ýerleriň, ak öýleriň, beýleki desgalaryň boljakdygy, kiçi göwrümli uçarlar we dikuçarlar üçin gonuş meýdançalarynyň göz öňünde tutulýandygy habar berilýär.

XS
SM
MD
LG