Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Atasy ýogalandan 70 ýyl soň medal bilen sylaglanan Berdimuhamedowyň aty Ginnesiň kitabyna girdi


TDH prezident Berdimuhamedowyň halypaçylyk däplerini dowam etdirýändigini habar berýär. 
TDH prezident Berdimuhamedowyň halypaçylyk däplerini dowam etdirýändigini habar berýär. 

Türkmen döwlet habarlar gullugy 29-njy iýunda, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 61 ýaşynyň dolmagyny toýlaýan gününde Türkmenistanyň prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Akhan atly atyň artky iki aýagyna galyp ýöremekde Ginnesiň rekordlar kitabyna girendigini habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, Türkmenistanyň Döwlet sirkinde Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi wekili we emini Şeýda Subaşi-Gemijiniň gatnaşmagynda bedewleriň görkezme çykyşy guraldy hem-de "Akhan atly bedew 10 metr aralygy çarpaýa galyp, hemmelerden çalt geçmegi başardy".

Akhan 2016-njy ýylda görkezilen öňki netijäni iki esse gowulandyrdy, çarpaýa galyp, bu aralygy (10 metr) 4,19 sekuntda geçdi diýip, habarda aýdylýar (Belki-de artky iki aýaga galmak nazarda tutulandyr - redaktoryň belligi.).

Şeýle-de TDH Akhany prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň özüniň seýisleýändigini, onuň işden boş wagtlarynda ahalteke bedewleriniň arasyna baryp, “olar bilen didarlaşýandygyny” habar berýär.

Thehindu.com neşiri çarpaýa galyp ýöremekde mundan öňki rekordyň Dubaýda bir ata degişli bolandygyny we onuň bu aralygy9.2 sekuntda geçendigini habar berdi.

Türkmen prezidentiniň seýisleýän atynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girendigi baradaky habar Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň ýörite karary esasynda “Edermenligi üçin” diýen medal bilen sylaglanmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Bu medalyň Annaýewe Watany goramakda we harby borjy ýerine ýetirmekde görkezen şahsy edermenligi, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda görkezen batyrlygy hem-de gaýduwsyzlygy üçin berlendigi aýdylýar.

Ikinji jahan urşunyň weterany Berdimuhammet Annaýewiň 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda, Aşgabatda bolan ýer titremesi netijesinde, özüniň Gökdepedäki jaýynyň harabalarynyň aşagynda aradan çykandygy aýdylýar.

Berdimuhamedowyň atasynyň aradan çykandan 70 ýyl soňra Orsýetiň prezidenti tarapyndan medal bilen sylaglanmagyny sorag astyna alanlar hem boldy.

Mysal üçin, Arslan Mämedowyň 30-njy iýunda “Gündogar” saýtynda çap edilen makalasynda “Edermenligi üçin” diýen medalyň diňe söweşlere gatnaşanyň üçin berilmeýändigi, ony almak üçin hakykatdanam edermenlik görkezmelidigi bellenilýär.

Şeýle-de Mämedow “Edermenligi üçin” diýen sowet medaly bilen 4,6 milliona golaý adamyň sylaglanandygyny, emma olaryň hiç biriniň ony gaýduwsyz batyrlygyndan başga zat üçin almandygyny nygtaýar.

Emma muňa garamazdan, türkmen metbugaty prezident Berdimuhamedowyň “öz bilimini, başarnygyny hem-de parasatlylygyny ogluna we agtygyna geçirip, şöhratly halypaçylyk hem-de dowamatlylyk däplerini dowam etdirýändigini” habar berýär.

2006-njy ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň tarpa-taýyn ýogalmagy netijesinde häkimiýet başyna gelen Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan güni her ýyl bir hepdä çekýän Medeniýet hepdeligi, býujet işgärleriniň we beýleki raýatlaryň mejbury gatnaşdyrylýan syýasy-köpçülik çäreleri bilen utgaşdyrylýar we ol çärelerde “Arkadaga şöhrat” diýen şygara gygyrmak, prezidente we onuň ene-atasyna alkyş sözlerini aýtmak adaty däbe öwrüldi.

Bu däp Akhan atly bedewiň Ginnesiň rekordlar kitabyna girmegi mynasybetli guralan dabarada hem gaýtalandy.

XS
SM
MD
LG