Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen lideri “Howandarmy” ýa-da “Garasöýmez”?


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanda “Arkadag” diýlip tanalýan prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ile goşulmagy halamaýan oguşýa. Belki-de, oňa “Garasöýmez” diýmelidir!

Читайте также на русском

2017-nji ýylyň maý aýyndan bäri onda wajyp halkara duşuşyklara gatnaşmak mümkinçilikleri döredi, ýöne ol olaryň hiç haýsysyna gatnaşmady. Aslynda, Berdimuhamedow soňky döwürde kän bir öýden arany açyberenok.

14-nji iýunda Berdimuhamedow Bütindünýä futbol çempionatynyň Moskwada geçirilen açylyş dabarasyna gatnaşmazlygy saýlap aldy. Belki-de, ony çagyran däldirler!? Ýöne beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň prezidentleriniň ählisi bu çärä gatnaşdy.

Türkmen häkimiýetleriniň çap edýän resmi fotosuratlarydyr wideo şekilli görnüşlerinden çen tutsaň Berdimuhamedow sportuň muşdagy. Ýöne ol sportuň toparlara bölünip oýnalýan görnüşini halamaýan ýaly! Tigir sürmek, agyr atletika bilen meşgullanmak, welosipediň üstünde basketbol topuny nyşana oklamak bilen ýakyndan gyzyklanýan Berdimuhamedowyň, belki-de, futbol kän bir maňzyna batýan däldir!

Ony aýtsaň, Berdimuhamedow 12-nji iýunda Türkiýäniň Eskişehir şäherinde geçirilen Trans-Anadoly (TANAP) gaz geçirijisiniň açylyş dabarasyna-da gatnaşmady.

Türkmenistan gaz eksport edýän döwlet, ýa-da başgaça aýdylanda, gaz eksport etmek isleýän döwletdir. Ol häzirki wagtda diňe Hytaýa gaz eksport edýär. Türkmenistan uzak ýyllardan bäri öz ummasyz gazyndan Ýewropa-da satmaga hyjuwlydygyny aýdyp gelýär. Şu wagta çenli bu mümkinçiligi TANAP ýaly gaz geçirijiniň ýokdugy bökdäp gelýärdi.

TANAP-yň kuwwatlylygy ilki ýyllyk 16 milliard kub metre barabar bolar, ýöne 2026-njy ýyla çenli bu mukdary 31 milliard kub metre çykarmak göz öňünde tutulýar. Soňlugy bilen TANAP ýyllyk 60 milliard kub metr gazy akdyrmaga ukyply bolar. Azerbaýjan gaz önümçiligini artdyrýar, ýöne şol bir wagtyň özünde Azerbaýjanda ýurduň içinde-de halkyň gaz üpjünçiligi artdyrylýar. TANAP-yň ugry giňeldilensoň, bu geçirijiniň talaplaryny Azerbaýjanyň ýeke özi ödäp bilmez. Şeýlelikde, türkmen gazy bu ugur boýunça alternatiw çeşme hökmünde ýygy-ýygydan agzalyp geçilýär.

Ýöne Hazaryň üstünden türkmen gazyny Azerbaýjana akdyryp, TANAP-a goşulmak üçin Trans-Hazaryň gurluşygy zerur bolup durýar. Berdimuhamedow bu taslamanyň durmuşa geçirilmegine ynamly garaýandygyny aýtdy.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan 2-nji iýunda Berdimuhamedowa jaň edip, türkmen kärdeşini TANAP-yň açylyş dabarasyna çagyrdy, ýöne 12-nji iýunda geçirilen bu çärä Berdimuhamedow gatnaşmady. Eger Berdimuhamedow muňa gatnaşan bolsady, ol iň bolmanda Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew bilen gepleşmek mümkinçiligine eýe bolardy. Alyýew dabara gatnaşdy.

Orsýet Hazaryň kanuny statusyny kesgitlemek boýunça hazarýaka döwletleriň arasynda gol çekilmeli ylalaşyga üstümizdäki güýz gol goýulmagynyň ahmaldygyna yşarat etdi. TANAP-yň açylyş dabarasy Alyýew bien maslahat etmek üçin Berdimuhamedowa gaýragoýulmasyz mümkinçiligi hödürläp bilerdi.

Elbetde, Berdimuhamedowyň TANAP-yň açylyş dabarasyna gatnaşmazlygy onuň Trans-Hazar gazgeçirijisiniň gurluşygyna ikirjiňli garaýandygyny alamatlandyrýar.​

Dost tutunmazlyk ýa-da adamlara täsir etmeklik

Berdimuhamedow 15-nji martda Astanada geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sammitine-de gatnaşmady. Oňa derek ol gaz eksporty bilen bagly taslamalary durmuşa geçirmek maksady bilen ýurda maýadar çekmek üçin Kuweýt döwletine we Birleşen Arap Emirliklerine sapar etdi.

Ol ondan ozal 2016-njy ýylyň sentýabr aýynda Germaniýa duýdansyz sapar eden türkmen delegasiýasyna ýolbaşçylyk edipdi.

Ol 2017-nji ýylyň maý aýynda musulman döwletleriň Saud Arabystanynda ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň hem gatnaşmagynda geçiren sammitine-de gatnaşmady. Gazagystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň prezidentleri bu duşuşyklara gatnaşdy.

Ondan ozal Berdimuhamedow 15-nji maýda Hytaýyň paýtagty Pekinde geçirilen “Bir guşak – Bir ýol” forumyna-da gatnaşmady. “Bir guşak – Bir ýol” inisiatiwasynyň binýadyndaky köpsanly söwda taslamalary Türkmenistandan geçýän demirýoly we deňiz portuny hem öz içine alýar. Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň prezidentleri bu foruma gatnaşypdy.

Ýöne, ony aýtsaň, Berdimuhamedow başdan-aýak öýdeçilem bolmady. Ol halkara suw forumyna gatnaşmak üçin Duşenbä sapar edýär. Prezident Kuweýte we Birleşen Arap Emirliklerine eden saparyndan daşgary, 23-24-nji aprelde Özbegistana, şeýle-de 2017-nji ýylyň oktýabr aýynda GDA ýurtlarynyň Soçide geçiren sammitine gatnaşdy.

2017-nji ýylyň iýun aýynda Berdimuhamedow EKSPO-2017 sergisiniň Astandaky açylyşyna gatnaşdy. Ýöne ol bu açylyşa ondan ozal Gazagystanyň hem-de beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň prezidentlerini 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyransoň baraýdy.

Türkmenistan uzak wagtdan bäri üzňe ýurt hökmünde tanalýar, ynha şeýle lider hem bu häsiýetnama bilen utgaşykly sazlaşýar. Ýöne Türkmenistan edil häzirki wagtda käbir keseki ýurtlaryň kömeginden peýdalanyp bilerdi, sebäbi ýurduň ykdysadyýeti ýaramazlaşmaga dowam edýär, şol bir wagtyň özünde türkmen-owgan serhedindäki ýagdaýlar hem nämälimliginde galýar.

Ýöne bu jelagaýda ýurduň ykdysady kynçylyklaryna degişli çözgüdiň göze ilmeýän wagty, Berdimuhamedow Türkmenistany gaz eksport edýän ýurda we üstaşyr merkeze öwürmekde wajyp rol oýnap biljek daşary ýurtly liderlerlerden üzňe galmagy saýlap alýar.​

Onuň sebäbi nämälim

Ýöne ýurtda dowam edýän ykdysady krizis belli bir derejede onuň syýahatçylaryň baryp görmegine rugsat berilmeýän ak mermerli taslamalara, dört ýyldyzly otelleriň gurluşygyna, deňziň kenarynda kurort şäherini gurmak boýunça durmuşa geçirilýän proýektlere, şeýle-de sentýabr aýynda Türkmenistanda geçirilen Oýunlar üçin sport desgalaryny gurmaga, ýa-da tas hiç kimiň diýen ýaly golf oýnap bilmeýän ýurdunda golf meýdançasyny gurdurmaga milliardlarça dollar sarp etmeginden düýp alýar.

Türkmenistan Terkidünýä şalyk hökmünde tanalýar, ýöne agyr günde terkidünýä lider ýurduň ýagty geljegine alamat bolmany biler.​

Bu makalada agzalan pikir-garaýyşlar awtoryň özüne degişli bolup, olar Azatlyk Radiosynyň pozisiýasyny aňlatmaýar

Teswirleri gör (2)

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG