Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow 61 ýaşady, şahyr ony 'zemine gonan asman şazadasy' hasaplaýar


 Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň baş gazetleri, “Türkmenistan” we “Neýtralnyý Turkmenistan” 29-njy iýunda, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan güni mynasybetli, adatdaky ýaly 4 sahypa däl-de, 8 sahypa bolup çykdy we olarda döwlet baştutanynyň häkimiýet başyna geleli bäri gazanandygy aýdylýan üstünlikler ýene bir gezek bellenip geçilýär.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň durmuşy giň möçberli işler hem-de uly üstünlikler bilen kesgitlenilýär” diýip, gazetleriň çap eden baş makalasynda ýurtdaky problemalar, ykdysady kynçylyklar, azyk gytçylygy we manat-dollar krizisi agzalmazdan gürrüň edilýär. Şol bir wagtda-da Berdimuhamedowyň “meşhur döwlet işgäri, ajaýyp guramaçy hökmünde dünýäde tanalýandygy” nygtalýar.

Prezidentiň doglan güni, soňky birnäçe ýylda adat bolşy ýaly, bir hepdä çeken Medeniýet hepdeliginiň, býujet işgärleriniň we beýleki raýatlaryň mejbury gatnaşdyrylmagynda guralan aýdym-sazly dabaralaryň, şol sanda birinji gezek tomusda bellenen Magtymguly gününiň yz ýanyna gabat geldi.

Ýerli synçylar Berdimuhamedowyň 61-nji ýaş toýuna on ýyl bäri dowam edýän yzygiderli kadr çalyşmalary, soňky birnäçe ýylda has çuňlaşan ykdysady meseleler bilen gelendigini, soňky bir ýylda bolsa onuň daşary ýurtlardan maýa, karz pul almak tagallalarynyň tas boş çykandygyny belleýärler.

“Ozal daşary ýurtly bagşylaryň çagyrylmagynda, daşary ýurtly işewürleriň gatnaşmagynda has uludan tutulan doglan gün toýlarynyň şowhuny biraz peselýär, häzir 2013-nji ýyldaky ýaly, amerikan estrada ýyldyzy Jenifer Lopez derejesindäki million dollarlyk bagşylary çagyrmak mümkinçiligi ýok, bu hili dabaralary maliýeleşdiren daşary ýurt firmalary Türkmenistandan çekildi” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran 70 ýaşly aşgabatly synçy aýtdy.

Emma muňa garamazdan, şahyr Gözel Şagulyýewanyň 29-njy iýunda çap edilen uly göwrümli poemasynda Berdimuhamwedow “zemine gonan asman şazadasy” hökmünde suratlandyrylýar.

Elbetde, prezidentiň waspy döwlet eýeçiligindäki “Türkmenistan: Altyn asyr”, “Türkmenistan bu gün” saýtlarynda hem türkmen we rus dillerinde dowam etdirilýär.

Türkmen gazetleri welaýatlardan, dürli kärdäki adamlardan gowşan gutlag hatlary bilen bir hatarda Berdimuhamedowy irgözinden gutlan hytaý, özbek, belarus, ukrain, gyrgyz liderleriniň gutlaglary hem hem çap etdi.

Ýöne häzirlikçe gazetlerde rus pezidentiniň türkmen kärdeşine iberen gutlagy görünmeýär. Ýöne ozal Berdimuhamedowy doglan gününe gabat söweş sylagy - Aleksandr Newskiý ordeni bilen sylaglan Wladimir Putiniň 28-nji iýunda Berdimuhamet Annaýewi – doglan güni bellenilýän prezidentiň atasyny “Edermenligi üçin” diýen medal bilen sylaglandygy belli boldy.

TDH-nyň maglumatyna görä, prezidentiň atasy bu sylagaWatany goramakda we harby borjy ýerine ýetirmekde görkezen şahsy edermenligi, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda görkezen batyrlygy hem-de gaýduwsyzlygy üçin mynasyp boldy.

Şu aralykda Orsýetde çykýan “Nezawisimaýa gazeta” Berdimuhamedowyň doglan gününiň bir gün öňünden, has anygy onuň atasynyň Putin tarapyndan sylaglanan güni, ýurtdaky durmuş, gün-güzeran kynçylyklaryna ünsi çekip, Türkmenistanyň “gozgalaňyň öň ýanynda durandygyny” öňe sürdi.

Türkmen meseleleri barada yzygiderli ýazýan Wiktoriýa Panfilowa Berdimuhamedowyň ýaş toýunyň ýurtdaky ýiti maliýe krizisiniň we azyk nobatlarynyň fonunda bellenilýändigini aýdyp, türkmen prezidentiniň Kazana, Orsýetde geçýän dünýä futbol çempionatynyň oýunlaryny görmäge barmakçy bolýandygyny habar berýär.

Emma häzirlikçe Azatlykda Berdimuhamedowyň doglan gün toýunyň anyk nirede we nähili derejede bellenjekdigi, şeýle-de onuň Orsýete sapar etjekdigi barada anyk maglumat ýok.

XS
SM
MD
LG