Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hindistanyň Kabuldaky ilçihanasy hindilere, sihlere garşy edilen hüjümi ýazgardy


Hüjümiň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” ekstremistik topary öz üstüne aldy.
Hüjümiň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” ekstremistik topary öz üstüne aldy.

Hindistanyň Kabuldaky ilçihanasy Owganystanyň gündogar Nangarhar welaýatynda janyndan geçeniň hindileriň we sihleryň toparyna garşy amala aşyran hüjümini ýazgardy.

“Bu hüjüm tutuş dünýäniň halkara terrorizme garşy göreşmelidigini, şeýle-de terroristleri goldaýanlaryň jogapkärçilige çekilmelidigini ýene bir sapar görkezdi” diýip, hindi ilçihanasynyň Twitterde ýerleşdiren ýazgysynda aýdylýar

Ýekşenbe güni amala aşyrylan hüjümde azyndan 20 adam heläk bolupdy. Owgan resmileri janyndan geçen hüjümçiniň prezident Aşraf Ghani bilen duşuşmaga barýan hindileriň we sihleriň toparyna garşy hüjüm edendigini mälim etdiler.

Ilçihananyň resmileri azlykdaky sih jemgyýetiniň lideri – Awtar Singhiň hem hüjümde ölendigini tassyklady. Singh oktýabrdaky parlament saýlawlaryna gatnaşmagy hem göz öňünde tutýardy.

Hüjümiň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” ekstremistik topary öz üstüne aldy.

XS
SM
MD
LG