Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Minskide Stalin döwri öldürilenleriň ýerinde açylmaly restorana garşy protest geçiren aktiwistler tussag edildi


Aktiwistler Minskiň etegindäki Käkilik goraghanasynda açylmaly restorana garşy protest geçirip gelýärler.

Minskide sowetler döwri gizlin polisiýa tarapyndan müňlerçe adamyň öldürilen sebitinde restoranyň açylmagyna garşy protest geçiren ençeme demonstrant tussag edilip, olaryň käbiri türme tussaglygyna hem höküm edildi.

Oppozisiýa aktiwistleri Pawal Sewýarynets we Wolha Mikalaýçuk 10 gün türme tussaglygyna höküm edildiler. Sewýarynets oppozisiýadaky Hristiýan Demokratik Partiýasynyň esaslandyryjy komitetiniň ýolbaşçylarynyň biridir. Beýleki tussag edilen iki aktiwist Dzýanis Urbanowiçiň we Barys Anikeýewiň sud diňlenişigine garaşylýar.

Aktiwistler bir aýdan bäri Minskiň etegindäki Käkilik goraghanasynda açylmaly restorana garşy protest geçirip gelýärler. Bu ýerde sowet diktatory Iosif Stalin döwründe, ýagny 1930-njy we 1940-njy ýyllar aralygynda azyndan 30 müň töweregi adam öldürilip, jaýlanypdy.

XS
SM
MD
LG