Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek sudy Özbegistanda doglan amerikan raýatyny jeňçiler bilen gatnaşykda aýyplap, jerime saldy


Zokir Aliewiň doglan Karşi şäheri

Özbegistanyň welaýat sudy Özbegistanda dogaln amerikan raýatyny jeňçiler bilen ilteşigi we hökümeti agdarmak çagyryşy üçin günäli tapdy, emma tas 20 ýyl ozal edilendigi aýdylýan jenaýat üçin diňe $67 jerime salmak bilen çäklendi.

46 ýaşyndaky Zokir Aliew 16-njy iýunda, terrorçy topara goşulmakda we Owganystandaky yslamçy söweşijileriň hatarynda söweşmekde güman edilip saklandy.

Ol alty gün soň, Kaşkaderýa welaýatynyň Karşy şäherinde boljak suda çenli azatlyga goýberildi.

Döwlet howpsuzlyk gullugy 18-nji iýunda Aliýewiň terror bilen bagly aýyplamalar esasynda tutulandygyny, ýagny onuň 2000-nji ýylda Özbegistanyň Yslam hereketine goşulyp, Owganystanda owgan goşunlaryna we NATO güýçlerine garşy guralan hüjümlere gatnaşmakda güman edilýändigini aýtdy.

Özbegistanyň Ýokary sudunyň metbugat gullugy 4-nji iýulda suduň Aliýewi hökümeti agdarmaga çagyrmakda we ekstremist topara goşulmakda günäli tapandygyny aýtdy.

Alieýw özüniň ÖYH bilen baglanyşygyny ret edýär. Ol 23-nji iýunda Azatlyk radiosynyň Özbek gullugyna prezident Şawkat Mirziýoýew 1991-nji ýyldan soň ýurdy terk eden özbekleri yzyna dolanmaga çagyrandan soň, Özbegistana sapar etmek kararyna gelendigini aýtdy.

2014-nji ýyldan bäri amerikan raýaty bolan Aliýew Özbegistana kanuny esasda, 90 günlük wiza bilen girendigini gürrüň berdi.

XS
SM
MD
LG