Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Deportasiýa edilen owgan migranty özüni öldürenden soň german ministrine basyş edilýär


Germaniýanyň içeri işler ministri Horst Seehofer
Germaniýanyň içeri işler ministri Horst Seehofer

Germaniýadan deportasiýa edilen owgan raýaty özüni heläkländen soň, migrantlara garşy berk çykyşlary bilen tanalýan german ministrine işden çekilmegi barada basyş edilýär.

Germaniýanyň oppozisiýadaky partiýalary 23 ýaşyndaky migrant 10-njy iýulda Kabulda özüni öldürenden soň içeri işler ministri Horst Seehoferiň işden çekilmegine çagyrdylar.

Özüni heläklän owganly 4-nji iýulda Germaniýadan Owganystana iberilen 69 bosgunyň biridi.

Owgan migrasiýa resmileriniň maglumatyna görä, ol Germaniýada sekiz ýyl ýaşanyndan soň zor bilen yzyna, Owganystana ugradylypdyr.

Migrantlara garşy ministr Seehofer oturym soraýjylaryň deportasiýa edilmegini gutlap, yzyna iberilen 69 owganystanlynyň özüniň 69 ýaşynyň dolan gününde deportasiýa edilendigini belledi.

"Meniň 69 ýaşymyň dolan gününde laýyk 69 adamy yzyna, Owganystana iberildi, bu meniň buýrugym boýunça däl” diýip,Seehofer 10-njy iýulda ýylgyryp aýtdy.

XS
SM
MD
LG