Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň resmi mediasy ýurduň ilkinji gezek kompýuter öndürip başlandygyny habar berýär


Türkmen okuwçylary özlerine sowgat berlen noutbuklary bilen, Aşgabat
Türkmen okuwçylary özlerine sowgat berlen noutbuklary bilen, Aşgabat

Türkmenistanda ilkinji gezek kompýuterleriň önümçiligi ýola goýuldy. Bu barada türkmen hökümetiniň 2018-nji ýylyň birinji ýarymynyň netijelerine bagyşlanyp, 5-nji iýulda geçirilen giňeldilen maslahatynda aýdyldy.

Читайте также на русском

Resmi medianyň maglumatyna görä, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda ilkinji gezek kompýuterleriň önümçiliginiň özleşdirilmeginiň "ykdysadyýetiň infrastrukturasyny sifirleşdirmek programmasynyň" mundan beýläk ösüşi üçin gowy esas döredendigini belledi.

Käbir media maglumatlarynda Türkmenistanda öndürlen kompýuterleriň sanynyň 100 müňdigi habar berilýär.

Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň, Transport we aratnaşyk döwlet institutynyň wekilleri, şeýle-de türkmen işewürleriniň birnäçesi geçen ýylda Hytaýa sapar edip, kärdeşleri bilen tejribe alyşdylar diýip Arzuw neşri habar berýär we öz tarapyndan Hytaýyň kompýuter öndürijileriniň türkmen alymlarynyň döreden guralynyň ýokary derejede berkligini we netijeliligini belländigini ýazýar.

Emma Türkmenistanyň resmi mediasynyň we beýleki habar serişdeleriniň maglumatlarynda ýurtda öndürlen kompýuterleriň tehniki mümkinçilikleri, bahasy we ondürijisi barada habar berilmeýär.

Türkmenistanyň hökümeti ozal ýurtda noutbuklary öndürmek planynyň bardygyny mälim edipdi.

Şu ýylyň başynda resmi habar beriş serişdeleri ýurduň "Aýdyň gijeler" atly kärhanasynyň noutbuk we planşet ýaly ýan kompýuterleri öndürmek planlary barada habar beripdi. Senagat ministrliginiň "Türkmenmaşynstroý" konserniniň şeýle-de Senagatçylar we telekeçiler bileleşiginiň "Täze zaman gurluşykçy" atly hususy kärhanasynyň ýardamy bilen döredilen "Aýdyň gijeler" atly bu bileleşik LED lampalaryň we swetodiod yşyklandyryjylaryň önümçiligi bilen meşgullanýar.

Türkmenistanyň habar serideleri şu günki gün ýurduň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň we jemgyýetiň sosial durmuşynyň kompýuterleşdirilmegine, şeýle-de ilatyň kompýuter ugrundan sowatly bolmagyna ilkinji derejede üns berilýändigini aýdýarlar.

2011-nji ýyldan bäri ýurduň orta mekdeplerine barýan birinji klas okuwçylaryna prezidentiň adyndan noutbuk kopýuterlerini bermek däbi dowam etdirilýär. Hususan-da, 2017-nji ýylda hökümetiň permany bilen okwuçylar üçin 140 müňden gowrak noutbukyň satyn alynjagy habar berlipdi. Okuwcylar üçin kompýuterler Hytaýdan satyn alnypdy.

Resmi maglumatlarda noutbuklaryň okuwçylara hususy ulanylyş üçin sowgat berilýändigi aýdylan bolsa-da, çagalaryň ene-atalarynyň we mekdep mugallymlarynyň ençemesi okuwçylara berilýän noutbuklar üçin pul alynýandygy we olary mekdepde galdyrmagyň talap edilýändigini gürrüň berdiler.

Türkmenistanyň hökümetiniň 5-nji iýulda geçiren maslahatynda aýdylyşyna görä, kompýuterleriň öndürilmegi milli ykdysadyýetiň ugruny üýtgetmek boýunça çäreleriň çäginde, şol sanda milli önümler bilen daşary ýurtly önümleriň öwezini dolmak we eksporta niýetlenen harytlary çykarmak ýaly maksatlara görä ýola goýlupdyr.

XS
SM
MD
LG