Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaponiýa, Ýewropa Bileleşigi erkin söwda ylalaşygyna gol goýdy


Erkin söwda ylalaşygyna Ýaponiýanyň premýer-ministri Şinzo Abe, Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Donald Tusk we Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Jean-Claude Juncker dagy gol goýdy. 17-nji iýul, 2018 ý.
Erkin söwda ylalaşygyna Ýaponiýanyň premýer-ministri Şinzo Abe, Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Donald Tusk we Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Jean-Claude Juncker dagy gol goýdy. 17-nji iýul, 2018 ý.

Ýaponiýa we Ýewropa Bileleşigi erkin söwda baradaky giň gerimli ylalaşyga gol goýdular. Olar bu çäräniň ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp tarapyndan kabul edilen proteksionistik söwda çärelerine garşy deňagramlylyk görkezmegini umyt edýärler.

17-nji iýulda Tokýoda gol goýlan şertnama Ýewropa Bileleşigi tarapyndan häzire çenli baglaşylan iň uly ylalaşyk bolup, ol dünýäniň iň uly açyk ykdysady zonasyny emele getirýär. Bu ylalaşyk ýapon ulaglaryndan tä fransuz syrlaryna çenli ähli zatlar üçin söwda tariflerini ýatyrýar.

Ýewropa Bileleşigi bilen Ýaponiýanyň arasynda baglaşylan bu ylalaşyk, Birleşen Ştatlar bilen Hytaýyň arasyndaky söwda urşunyň dünýä ykdysadyýetinde erkin söwdanyň rolyny kemeldip biljekdigi baradaky aladalaryň artan mahalyna gabat geldi.

Gürrüňi edilýän söwda ylalaşygyna Ýaponiýanyň premýer-ministri Şinzo Abe, Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Donald Tusk we Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Jean-Claude Juncker dagy gol goýdy.

XS
SM
MD
LG