Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainanyň Goranmak ministrligi ýurduň gündogarynda bir esgeriň ölendigini aýdýar


Ukrainanyň kartasy

Ukraina ýurduň gündogarynda bir esgeriň öldürilendigini aýdýar.

Ukrainanyň Goranmak ministrliginiň maglumatynda 17-nji iýulda amala aşyrylan iki hüjümde Orsýet tarapyndan goldanylýan separatistleriň granatomýotlary we hüjüm edýän tüpeňleri ulanyp, bir ukrain esgerini öldürendigi aýdylýar.

Mundan öň, has takygy 17-nji iýulda irden ýaýradylan beýanatda ministrlik soňky 24 sagadyň dowamynda separatistleriň ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygy 19 gezek bozandygyny we bir ukrain esgeriniň ýaralanandygyny mälim edipdi.

Bu aralykda, separatistler ukrain hökümet güýçleriniň ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygy ýedi gezek bozandygyny we munuň netijesinde parahat ilatdan bir ýaşaýjynyň ýaralanandygyny öňe sürdiler.

2014-nji ýyldan bäri Kiýew güýçleri bilen Donetks, Luhansk regionlarynyň käbir böleklerine kontrollyk edýän separatistleriň arasynda bolan çaknyşyklarda 10,300-den gowrak adam öldi.

XS
SM
MD
LG