Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda we Maryda migrantlaryň dolanmagy üçin indi ýaşululardan töwellaçy bolmak talap edilýär


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady krizisiň fonunda, daşary ýurtlara eklenç gözlegine gidýän raýatlaryň aşa köpelmegi sebäpli Lebap we Mary welaýatlarynyň käbir etraplarynda ýerli häkimiýetleriň indi ýaşululardan kömek soramaga başlandygy, hatda migrantlara töwellaçy bolmakdan ýüz öwürýän il ýaşulularyna hem çäre görülýändigi habar berilýär.

Читайте также на русском

Lebap welaýatynyň Serdarabat, Çärjew, Halaç we Sakar etraplaryndan, Mary welaýatynyň hem Baýramaly, Ýolöten we Murgap etraplarynyň obalaryndan bolan ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, ýerli häkimiýetler ýaşululardan zähmet migrantlaryny dürli wadalar bilen yzyna dolanmaga yrmagy talap edýärler.

“‘Täze iş ýerleriniň dörediljegini, işsizlik problemasynyň çözüljegini, kärendelerde boşap galan ýerleriň doldurylyp, watanyň ösüşine goşant goşulmagyny propaganda ediň. Daşary ýurtlarda bikanun işlere ilteşýän zähmet migrantlarynyň diňe bir döwletimizi däl, eýsem öz obasyny hem biabraý edýändigini nygtaň. Geliň, bu biabraýçylygy obamyzda öz aramyzda çözeliň diýiň. Migrantlar daşary ýurtlarda döwletimize we prezidentimize garşy söz aýtmasynlar, şony hem berk talap ediň’ görnüşinde ýerli häkimiýetler ýaşululara tabşyrýarlar” diýip, käbir ýerli ýaşaýjylar Azatlyk Radiosyna maglumat berýärler.

Azatlyk Radiosy bilen Mary welaýatyndan habarlaşan käbir migrantlaryň hossarlary bolsa, ýerli häkimiýetleriň töwellaçy bolmak talabyny kabul etmeýän käbir aksakgallaryň “il ýaşulysy” bolmakdan çykarylýandygyny hem öňe sürýärler.

"Her hepdäniň başynda etrap merkezinde geçirilýän ýygnaklarda häzir diňe şu meselä garaýarlar, ýagny käbir ýaşululary migrantlar üçin töwellaçy bolmaga yrmaga synanyşýarlar. Ýaşululara gaty güýçli basyş edip, gyssap başladylar welin iki sany il ýaşulysy ýerli häkimiýetlere: ‘Siz owaly bilen iş tapyň yzyna dolanmagyny isleýän migrantyňyza. Ondan soň olaryň özi hem dolanar yzyna. Galyberse-de, döwletiň şeýle işlerden jogapkär işgärleri barka, näme üçin ýaşululardan migrantlar üçin töwellaçy bolmagy islenýär? Bu biziň etmeli işimiz däl ahyryn. Biziň halk bilen aramyzy bozar bu synanşyk. Obanyň tertip-düzgünini biz boýnumyza alýarys. Ýöne migrantlar üçin bize tagallaçy boluň diýmäň. Adamlar eklenç gözleginde ahyryn. Biz halkyň arasynda migrantlar barada propaganda işlerini alyp baryp biljek däl’ diýen iki sany aksakgaly ýerli häkimiýetler ‘il ýaşulysy’ bolmakdan çykardy” diýip, käbir migrantlaryň hossarlary bolup geçýän ýagdaýlar barada gürrüň berýärler.

Sözi jemlesek, Türkmenistanda häkimiýetler daşary ýurtlardaky köne pasportly zähmet migrantlara döwlet derejesinde geçirimlilik ediljegi barada gürrüň ýaýradandygyna garamazdan, Azatlyk Radiosy bilen habarlaşýan migrantlaryň we olaryň hossarlarynyň aglaba köpçüligi muňa ynanmaýandygyny bildirýärler. Beýleki tarapdan, türkmen resmilerinden migrantlar bilen baglanşykly edilýän tagallalar barasynda nähilidir bir maglumat almak hem Azatlyk Radiosyna başartmaýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG