Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Awaza" gurlanda ýykylan jaýlar we pulsuzlyk ýönekeý türkmenistanlylary deňiz boýunda dynç almakdan kesýär


Çeleken görnüşi
Çeleken görnüşi

Türkmenistanda tomsuň iň jöwzaly günleri dowam edýär, emma dowam edýän ykdysady kynçylyklar, “Awaza” milli dynç alyş zolagy gurlanda bu ýerdäki we beýleki kenarlardaky müňlerçe daça jaýynyň ýykylmagy netijesinde, ýönekeý adamlaryň deňiz boýunda dynç almak mümkinçilikleri barha azalýar diýip, ýerli çeşmeler habar berýär.

“Awaza” syýahatçylyk zolagy gurulmazdan öň ol ýeriň golaýynda 13 müň töweregi daça jaýy bardy we ol jaýlar ýerli ilat üçin-de, beýleki regionlardan gelip, kireýine ýaşaýan adamlar üçin-de arzan we amatly mümkinçilikleri döredýärdi, emma bu jaýlar ýykyldy diýip, Balkan welaýatyna belet synçy Amanmyrat Bugaýew Azatlyk radiosyna gürrüň berdi.

Dynç alşyň öňünde duran iň esasy bökdençlik durmuşyň aşa gymmatlamagy, adamlarda puluň bolmazlygy bilen bagly. Aýdaly, iki ýyl ozal “Awaza” baryp, şol ýerdäki jaýlarda bir hepde, on gün dynç alýan puluňa indi Çelekende, Garşyda, Helesde “ýabany”, ýagny özbaşyňa, hiç bir şertsiz ýagdaýda hem dynç alyp bolmaýar” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran ikinji türkmenistanly hem bu kynçylygy tassyk etdi.

Onuň sözlerine görä, “Puly bar adamlar on-on ikibolup, Türkmenbaşy şäherinde bir jaýy kireýine alyp, gündizlerine deňze gatnap, dynç alyp bilýärler, emmapul keýigiň şahyna çykdy”.

Aýdylmagyna görä, durmuşyň gymmatlamagy ähli zady, azyk önümleriniň, ýol kireýleriniň we jaý kireýleriniň bahalaryny hem öz içine alýar.

Şol bir wagtda çeşmeler “Awazadaky” jaýlaryň boş däldigini, ol ýerde esasan gurply adamlaryň dynç alýandygyny habar berýärler.

“Awazanyň” 500 metr çemesi uzaklygynda ýerleşýän Kottež posýology ozal dynç alýanlar üçin goşmaça mümkinçilikleri döredýärdi, bu ýerde garaşsyzlygyň başynda 300 töweregi hojalyga ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin ýer berlipdi we özboluşly şäherçe emele gelipdi diýip, aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew aýtdy. “Emma bu şäherçäniň kottežlerinden häzir diňe 3-4 jaý saklanyp galdy, galany ýykyldy” diýip,ol sözüniň üstüni ýitirdi.

Şeýle-de ýazyjy Krasnowodskiniň – Tükrmenbaşynyň “Mikroraýon” etrapçasynda, “Awazadan” iki kilometr çemesi demirgazykda ýerleşýän kwartira jaýlarynda hem dynç almak mümkinçiliginiň azalandygyny belledi. Bu ýerde 5-6 müň adamaniýetlenen kwartira jaýlary bolup, ozal adamlar ol jaýlary kireýine alýardy we şol ýerden pyýada deňze gatnaýardy.

Bu ýerdäki mümkinçiligiň azalmagynyň bir sebäbi, ol ýerdäki jaýlaryň ilaty indi ogul-gyzyny öýlendirip, durmuşa çykaryp, biraz köpeldi we öz jaýlaryna syganok. Emma muňa garamazdan, şäheriň Kenar etrabynda soňky 20 ýylda ýaşaýyş jaý fonduna niýetlenen bir kwadrat hem jaý gurlanok. Eger şu ýagdaýda-da adamlar bu ýerden kireýine jaý tapsa, ol jaýa kesilýän nyrhy tölemäge adamlarda gurp ýok” diýip Bugaýew gürrüň berdi.

Hazar deňzinde ýönekeý adamlaryň esasy ýykgyn edýän kenarlarynyň biri Priçal diýilýän ýer bolup, bu ýer Esenguly etrabyna degişli we deňziň iň arassa suwly ýeri diýip bilinýär. Soňky ýyllarda bu ýerden nebitçileriň käbirine daça jaýlaryny salmak üçin ýer berdiler. Netijede bu ýerde 100-e ýakyn jaý peýda boldy. Emma bu ýere Nebitdagdan barmak üçin 200 km çemesi ýol geçmeli we bu aralyga diňe taksi gatnawy bar.

Priçalda elektrik energiýasy bar, emma başga şertler ýok, bir gyrada adamlar suwa düşýär, beýleki gyrada bolsa, çöpe-çalama duwlanyp, hajat işlerini bitirýär” diýip, ýakynda bu ýerde bolan aşgabatly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Adamlara daça ýerleriniň paýlanyp berlen ýene bir ýeri bolsa, Heles diýilýän ýer, bu Nebitdaga golaý, Hazaryň ýakasy. Bu ýerde başda nebitçilere diýlip, 400-500 daça ýeri berildi, soň ýene ýer alanlar boldy we 1000-e ýakyn daça jaýy emele geldi.

"Awaza" görnüşi
"Awaza" görnüşi

Emma “Awaza” milli dynç alyş zolagy gurlup başlanandan soň, Helesdäki jaýlary hem ýykan-ýumran etdiler diýip, ýerli çeşme gürrüň berdi.

Bu ýere ilki 5-6 ýyl barmasyz etdiler, esgerleriň ala agajyny, barlag nokadyny gurdular, sebäbi bu ýer harby bölüme golaý ýerleşýär diýdiler, emma birki ýyllykda geçmäge rugsat berýärler, ýöne diňe nebit-gaz pudagynda işleýän we şol ýerde daçasy bar diýen dokumenti bolan adamlar geçirilýär" diýip, Azatlygyň çeşmesi ýönekeý adamlaryň Helesde dynç almak mümkinçiliginden kesilmeginiň sebäbini düşündirdi.

Awazadan” 30 km çemesi daşlykda ýerleşýän Garşyda hem adamlara berlen daça ýerleri, bikanun gurlan daçalar esasynda gowy dynç alyş mümkinçiligi döredi, emma “Awaza” gurlup başlananda, olar hem doly ýykyldy. Häzir bu ýerde 50-ä ýakyn otagy bolan iki sany dynç alyş jaýy dur, emma olaryň hem elektrik toguny kesipdirler" diýip, Amanmyrat Bugaýew Azatlyk radiosyna aýtdy.

Ýönekeý adamlaryň esasy dynç alýan ýene bir ýeri bolsa, suwy, howasy hapa-da bolsa, Çelekendi, emma durmuşyň aşa gymmatlamagy bu ýere gelýänleri hem örän azaltdy diýip, ýerli çeşmeler habar berýär.

Türkmenistanyň iň uzyn serhedi Kaspi, Hazar deňzi bilen bolup, ol 1 müň 800 kilometre golaý aralygy tutýar.

XS
SM
MD
LG