Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ, Orsýet ‘Ak kaskalylaryň’ ewakuasiýa edilmegine aýrybaşga baha berdi


“Ak kaskalylar” ady bilen tanalýan siriýaly meýletinçiler
“Ak kaskalylar” ady bilen tanalýan siriýaly meýletinçiler

Birleşen Ştatlar we Orsýet Golan beýiklikleriniň golaýyndaky durnuksyz serhet zonasyndan Siriýanyň meýletin raýat guramasynyň ewakuasiýa edilmegini gowy garşy aldy. Muňa garamazdan, bu iki ýurt operasiýa düýbünden aýrybaşga baha berdi.

22-nji iýulda ABŞ-nyň Döwlet departamenti ýörite beýanat ýaýradyp, özüniň
Siriýanyň raýat goranyşynyň 400-den gowrak agzasynyň howpsuz ýagdaýda ewakuasiýa edilmegini gowy garşy alýandygyny” aýtdy. Bu gurama “Ak kaskalylar” ady bilen hem tanalýar.

“Biz müňlerçe adamyň janyny halas eden şol edermen meýletinçileriň häzir howpsuz ýagdaýdadygyna örän şat” diýlip, beýanatda bellenilýär.

“Biz [Siriýa] režimini we Orsýeti öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge, tutuş Siriýada we öň günorta-günbatar de-eskalasiýa zonasynyň bir bölegi bolan territoriýalarda ýowuzlygyň soňuna çykmaga, ähli siriýaly raýatlary, şol sanda Ak kaskalylar ýaly ynsanperwerleri goramaga gaýtadan çagyrýarys” diýlip, Ak tamyň beýanatynda nygtalýar.

Bu aralykda, Orsýetiň Niderlandlardaky ilçihanasy “ýakasyny tanadan” diýip häsiýetlendiren “Ak kaskalylaryň” çykarylmagyny gowy garşy alýandygyny mälim etdi.

“Ýakasyny tanadan #AkKaskalylaryň Günbatar kollektiwi tarapyndan mejbury ewakuasiýa edilmeginden soň, Siriýada #HM (himiki ýaraglar) diýilýän täze hüjümleriň amala aşyrylmak ähtimallygy düýbünden pes derejede bolar” diýip, rus ilçihanasy Twitter sosial ulgamynda ýazdy.

“Ak kaskalylar”, aýratyn-da, pitneçileriň kontrollygyndaky territoriýalarda iş alyp barýarlar we bu gurama günbatar hökümetleriniň birnäçesinden, şol sanda Britaniýadan, Germaniýadan, Niderlandlardan we Birleşen Ştatlardan maliýe goldawyny alýar.

XS
SM
MD
LG