Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Afinada ýangynyň pidalaryň sany 50 adama ýetdi


Afinanyň golaýyndaky Kineta zolagy, 23-nji iýul, 2018.
Afinanyň golaýyndaky Kineta zolagy, 23-nji iýul, 2018.

Afinada tokaý ýangyny zerarly heläk bolan ýene 26 adamyň jesedi tapylyp, pidalaryň jemi sany azyndan 50 adama ýetdi diýip, 24-nji iýulda resmiler aýtdylar.

Gresiýanyň paýtagtynyň golaýynda ýüze çykan bu ýagdaý ýurtda soňky on ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bolan iň güýçli ýangyndyr.

Ýangynyň 40 gradusdan aşan yssy howada Gresiýanyň paýtagtynyň gündogar we günbatar böleklerinde bolandygy habar berilýär.

Ýangyn söndürijiler 100-den gowrak adamyň ýaralanandygyny, käbirleriň agyr ýagdaýdadygyny we pidalaryň sanynyň ýene köpelmeginiň çak edilýändigini aýdýarlar.

Gresiýanyň premýer-ministri Aleksis Tsipras Bosniýa-Herzegowina saparyny ýatyrdy we ýangyny söndürmek üçin Ýewropa Bileleşiginden hem harbylardan ýardam sorady.

Ýangyn Mati atly obadan we port şäheri Rafinadan başlandy we şäheriň merkezine tiz ýetip, ýüzlerçe adamy gaçyp gutulmaga mejbur etdi.

Örän güýçli ýel oduň Kineta dynç alyş zolagyna we Afina ýaýramagyna getirdi.

XS
SM
MD
LG