Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Hazarýaka meselesi: Konwensiýa kabul edilende-de Trans-hazaryň gurluşygy gümana


Kartada Hazar deňzi we hazarýaka döwletleri görkezilýär

Hazarýaka döwletleriniň hataryna girýän 5 ýurduň ýokary derejeli resmileriniň 12-nji awgustda Gazagystanyň Aktau şäherinde Hazar deňziniň kanuny statusyny kesgitlemek boýunça geçiriljek V sammite gatnaşmaklaryna garaşylýar. Gazagystanyň daşary işler ministri Kairat Abdrahmanow 17-nji iýulda žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda bäş ýurduň ählisiniň diplomatiki kanallar arkaly duşuşyga gatnaşjakdygyny tassyklandygyny aýtdy. Bu barada “Interfaks” habar beripdi.

“Häzirki wagtda hazarýaka döwletleriň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Russiýa Federasiýasynyň hem-de Türkmenistanyň daşary syýasat boýunça edaralary 12-nji awgustda Aktauda geçirilmegi meýilleşdirilýän Hazar sammitine işjeň taýýarlyk görýär” diýip, Abrahmanow habarda sitirlenýär.

Bu sammitde Hazar deňziniň kanuny statusy boýunça Konwensiýa gol çekilmegine garaşylýar. Synçylar Türkmenistanyň Trans-hazar gaz geçirijisini gurmak meýli sebäpli Hazar deňziniň kanuny statusynyň kesgitlenmegine möhüm çäre hökmünde çemeleşýändigini aýdýarlar.

24-nji iýulda “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri “Kommersant” saýtynyň maglumatlaryna salgylanyp, sammitde kabul ediljek konwensiýanyň Türkmenistanyň islegini doly kanagatlandyrmazlyk ähtimallygyna ünsi çekdi.

“Taslamalaryň daşky gurşawa ýetirjek täsirine baha bermek prosedurasy boýunça protokol peýda bolar we şoňa laýyklykda Kaspiniň düýbünden gaz geçiriji gurmak üçin deňze çykalgasy bolan döwletleriň ählisinden razylyk almak zerur bolar. Şeýlelikde, Eýran bilen Orsýet Türkmenistandan Azerbaýjana çekilmekçi bolýan gaz geçirijiniň gurluşygyny gijikdirmek, eglemek guralyna eýe bolar” diýip, “Hronika Türkmenistan” “Kommersanta” salgylanýar.

Türkmenistan Hazaryň astyndan Azerbaýjana çekilmeli Trans-kaspi gaz geçirijisini durmuşa geçirmek üçin, konwensiýanyň kabul edilmegi bilen, diňe iki ýurduň bu taslama razylyk bermegine ýeterlik esas hökmünde garap gelýärdi.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeşlikde Ottawanyň Karlton uniwersitetiniň Ýewropa, Orsýet we Ýewraziýany öwrenmek boýunça insitutynyň uly ylmy işgäri Robert Katler kabul ediljek konwensiýanyň Azerbaýjana we Türkmenistana gaz geçiriji çekmäge rugsat bermekden öte, onuň biznes gurşawy bilen bagly meseleleri aýdyňlaşdyrýandygyny aýtdy. Ol AÝ/AR-da eden çykyşynda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň onsuzam, konwensiýa kabul edilmände-de Hazaryň astyndan gazgeçiriji gurmaga hukuklarynyň bolandygyny aýtdy.

“[Konwensiýa düşünmek üçin] “rugsat berýär“ diýen sözüň deregine “aýdyňlaşdyrýar” diýen sözi ulansak has dogry bolar. Sebäbi, Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň onsuzam deňziň astyndan gaz geçiriji gurmaga hukuklary bardy. Ýöne täze konwensiýanyň kabul edilmegi maýa goýum goýmak üçin zerur bolan biznes gurşawynyň şertlerini aýdyňlaşdyryp, olary kesgitlär. Bu hakykatdanam örän möhüm ylalaşyk” diýdi.

“Kommersantyň” gaz pudagyndaky söhbetdeşleriniň bellemeklerine görä, hatda bu protokol bolmadyk ýagdaýynda hem geçiriji gurmak mümkinçiligi beýle uly däldi. Olar Türkmenistanyň Hytaýa uly möçberde gaz satmak üçin şertnama baglaşandygyny, şol bir wagtda şu gyş şertnamada boýun alan gazyny doly iberip bilmändigini belleýärler diýip, “Hronika Türkmenistan” ýazýar.

Hazar deňziniň bölünişigi hem-de onuň statusynyň kesgitlenmegi boýunça mesele 90-njy ýyllaryň başynda Sowet Soýuzynyň dargamagynyň netijesinde deňziň kenarynda dört garaşsyz döwletiň emele gelmeginden soň ýüze çykdy. Ondan öň taraplar Sowet Soýuzynyň we Eýranyň arasynda 1921 we 1940-njy ýyllarda baglaşylan ylalaşyklaryň esasynda Hazar deňzinden peýdalanypdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG