Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Prezident maslahat geçirip, oba hojalyk işlerine taýýarlygy tankytlady, galla hasylyny agzamady


Ahal welaýatynda bugdaý meýdany (Arhiwden alnan surat)

Düýn prezident Berdimuhamedow welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda beýleki käbir meseleler bilen bir hatarda ýurduň oba hojalyk pudagynda işleriň alnyp barlyşyna garaldy diýip, Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki Türkmen döwlet habarlar gullugy maglumat berýär. Ýöne maslahatyň barşynda bu ýyl ýygnalan galla hasylynyň netijeleri barada gürrüň edilmedi.​

Döwlet metbugatynyň habaryna görä, maslahatyň dowamynda welaýatlaryň çäginde beýleki pudaklarda alnyp barylýan işler bilen bir hatarda, pagta ýygymyna taýýarlyk işleri, şeýle-de güýzki bugdaý ekişine görülýän taýýarlyklar barada gürrüň edildi.

Her welaýatyň häkimine maslahat nobaty ýetende prezident ýerlerde traktorlaryň we beýleki tehnikalaryň üstümizdäki pagta ýygymyna we güýzki bugdaý ekişine taýýarlyk işleriniň derejesiniň pesdigine ünsi çekipdir.

“Welaýatda pagta ýygýan kombaýnlaryň, traktorlaryň we beýleki tehnikalaryň möwsüme taýýarlyk derejesiniň pesdigini bellemek bilen, bu ugurda alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi” diýip, prezidentiň bäş welaýatyň ählisiniň ýolbaşçylarynyň her haýsysyna aýratynlykda gönükdiren tankytlary birmeňzeş sözler bilen türkmen mediasynda gaýtalanýar.

TDH-nyň maglumatlaryndan çen tutulsa, Türkmenistanda azyk-harytlaryň gytçylygy, olaryň gymmatçylygy we çörek nobatlary barada garaşsyz habar çeşmelerinde dürli maglumatlaryň ýaýraýan döwri, düýn geçirilen maslahatda halkyň durmuşyndaky, belki-de iň aktual meseleleriň biriniň, ýagny golaýda tamamlanan galla oragynyň netijeleriniň gürrüňi edilmedi.

Düýn “Fergana” – maglumat agentligi “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň 28-nji iýuldaky sanynda çap edilen bir makala salgylanyp, Türkmenistanyň bu ýyl 1 million 600 müň tonna diýip meýilleşdiren galla planyny dolmandygyny habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary we çeşmeleri ýerli kärendeçilere salgylanyp, şu ýylky bugdaý möwsüminde dökün we tehnika ýetmezçiligi barada yzygiderli maglumat berdi. Şeýle-de olar bu ýylyň gurak gelendigini, üstesine bugdaý ekilen meýdanlaryň ýaplardan hem ýeterlik suwarylmandygyny tassyklap, habar berdiler.​

“Türkmenistanyň alternatiw habarlary” saýty 17-nji iýulda ýetiren maglumatynda türkmen metbugatynda galla hasylynyň bu ýylky netijeleri barada dowam edýän imi-sala dymyşlyga ünsi çekdi.

“Häzir galla oragy tamamlandy diýen ýaly... Gallanyň özümizden artyk galýan möçberini daşary ýurtlara eksport etmek bolar” diýip, türkmen prezidenti 5-nji iýulda TDH-da sitirlendi.

Mundan ozalky galla oragy möwsüminde sanlar boýunça galplyga ýol berlendigini Saýat, Sakar we Çarjew etrabynyň käbir kärendeçileri Azatlyk Radiosyna maýyň aýagynda gürrüň beripdi.

Galyberse-de, Daşoguz welaýatynda ýokary derejeli bir resminiň bugdaý planyny dolmadyk oba başlyklaryny ýençýändigi barada Azatlygyň ýerli çeşmesi habar berdi.

Merkezi Aziýa boýunça ekspert Brýus Panniýer bu ýyl galla hasyly doly berjaý edilmedik Türkmenistanda gyşyň agyr boljakdygyny çaklaýar.

Bu çaklamalaryň we habarlaryň fonunda Türkmenistanyň resmi metbugatynda bu ýylky ýygnalan galla hasylynyň anyk möçberi barada takyk san agzalmaýar, diňe töwerekläp “1 milliondan gowrak hasyl ýygnaldy” diýilýär.

Üstesine, düýn geçiren hökümet maslahatynda prezident ýerlerdäki kombaýnlaryň we traktorlaryň üstümizdäki pagta ýygymyna hem-de güýzki bugdaý ekişine taýýarlygyndan nägile bolup, bu ýylky galla hasylyny, eňňereleriň häzirki ýagdaýyny düýbünden agzamady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG