Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistana ýene bir açlykly gyş garaşýarmy?


Aşgabadyň Teke bazarynyň golaýynda (arhiw suraty)

Türkmen resmileri galla hasyly barada dymýarlar, bu bolsa Türkmenistanyň halkynyň un we çörek gytçylygy bilen bagly üçünji agyr gyşy başdan geçirmeli bolup biljeginiň ýaramaz alamatydyr.

Türkmenistanyň halkyna ýene bir açlykly gyşyň garaşýan bolmagyna meňzeýär, beýle ýagdaý ençeme ýylyň dowamynda üçünji gezek bolup biler. Emma ozalky ýyllarda bolşy ýaly hökümet problemanyň bardygyny hatda boýun almaga-da taýýar däl görünýär.

Hasyl ýygnaldy. Emma, muňa garamazdan, hökümet şu ýyl yglan eden maksadyna laýyk 1.6 million tonna gallanyň ekin meýdanlaryndan ýygnalyp-ýygnalmandygy hakynda bir agyz söz hem aýtmady.

"Türkmenistanyň alternatiw täzelikleri" (ANT) websaýty hökümetiň howply dymyşlygy saklaýandygyny 22-nji iýulda habar berdi we "Türkmenistanda galla ýygymy tamamlandy... Muňa garamazdan, döwlet maksatnamasyna görä 1.6 million tonnanyň netijeli ýygnalandygy barada habar bolmady" diýip ýazdy.

Türkmenistanda ýyllyk galla hasylynyň mukdary 2011-nji ýyldan bäri 1.6 million tonna möçberinde saklanýar. Şonda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow (biz türkmen hökümetiniň beýanatyna aşakda dolanarys) ýurduň bu görkezijä ýetendigini yglan etdi we munuň ýurduň "öz taryhynda ilkinji gezek " 150 müň tonna bugdaýy we 50 müň tonna uny eksport etmäge mümkinçilik berýändigini aýtdy.

ATN 2015-nji ýylda galla hasylynyň 1.4 million tonna we 2017-nji ýylda 1 million tonna bolandygyny ýazdy. Türkmenistanyň hökümeti 2016-njy ýylda ýygnalan hasylyň 1.6 million tonna bolandygyny we 2017-nji ýylda 1 milliondan sähel gowrak bolandygyny yglan etdi.

Şu ýylky howanyň Türkmenistanyň hasylyny weýran edendigi habar berilýär. Baharyň başy gurak boldy; soň maý aýynyň ortalarynda güýçli ýagyn ýurda zarba uryp, ýurduň ençeme bölegini suw aldy, maý aýynyň aýagynda güýçli ýel guraýan Aral deňzinden duzly tozany getirdi we ýurduň demirgazyk welaýaty Daşogzyň hem gündogar welaýaty Lebabyň ekin meýdanlaryny örtdi.

Iýun aýynyň ortalarynda Daşoguz welaýatynyň käbir daýhanlary döwlet tarapyndan zerur dökünleriň we tehnikanyň berilmeýändiginden Azatlyk Radiosyna şikaýat etdiler.

Türkmenistanyň ilatynyň aglaba bölegi 2016-njy ýylyň güýzünden bäri un gytçylygy bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Un we bişen çörek söwdasy häzirki wagtda çäklendirilýär we köplenç raýatlar döwlet dükanlarynyň öňünde uly nobatlara durup, rugsat berilen azygy satyn almak üçin şahsyýetini tassyklaýan resminamalary görkezmeli bolýarlar.

ATN hökümet resmileriniň häzirki wagtda dynç alyşdadygyny belleýär we "Dynç alyş gutaransoň hökümet hasyl ýygymynyň netijelerini analiz eder" diýip ýazýar.

Hökümetiň netijede näme diýjegi gyzykly bolmaly. Öňde goýlan maksada ýetmezlik prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňünde berk jogap bermeli boljagyny aňladýar.

Geçen ýylda resmiler 27-nji iýula çenli ýurduň 1.6 million tonna öndürjegini yglan edipdi. Öň önümiň garaşylyşyndan 40 prosent az bolandygynyň üsti açylanda, Gurbanguly Berdimuhamedow etrap ýolbaşçylaryndan ministrlere çenli ençeme resmini we Garlykdaky dökün öndüriji täze zawodyň ýolbaşçysyny berk tankyt edipdi.

Şu ýyl hakyky sanlaryň yglan edilmegi ençeme resminiň öz wezipelerini ýitirmegine getirip biler, muny resmileriň özleri-de bilýärler.

AÝ/AR-nyň Türkmen gullugy - Azatlyk Radiosynyň 12-nji iýulda habar bermegine görä, Daşoguz welaýatynda regional ýolbaşçysy galla hasyl planyny dolmandygy üçin daýhan birleşiginiň başlygyny urup ýenjipdir.

Eger Türkmenistan galla planyny dolandygyny ýa-da tas dolandygyny yglan etse bu soraglaryň ençemesini döreder.

Türkmen hökümetiniň islendik pudak barada geçmişde beren sanlary şübhelidi, galla önümçiligi-de anyk mysallaryň biridir.

Berdimuhamedowdan öňki prezident Türkmenistanyň birinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow ýurduň galla önümçiliginiň möçberini 1992-nji ýylda 1.2 million tonna möçberinde kesgitläpdi. 1990-njy ýyllarda ýurt bu görkezijä köplenç ýetip bilmändi (1996-njy ýylda hasyl 488 müň tonna barabar bolupdy). Nyýazow Berdimuhamedowyň edişi ýaly galla planynyň dolmandygy sebäpli resmilere käýinç berýärdi we olary işden boşadýardy.

Emma 1998-nji ýylyň mart aýynda galla ekişliginiň başynda Nyýazow hökümet maslahatynda eden çykyşynda eger galla we pagta planlary dolmasa, "ähli derejelerdäki" jogapkärleriň hasap bermeli boljagynyň we olara garşy jenaýat işiniň gozgalmagynyň ähtimaldygyny duýdurypdy.

Şol ýyl Türkmenistan 1.2 million tonnalyk planyna ýetendigini yglan edipdi we Nyýazow ministrler kabinetinde "Altyn aý" baýragy bilen sylaglanypdy (bu baýrak Nyýazowa üçünji gezek berlipdi we ondan başga bu baýragy alan bolmady). Şondan soň ýurtda galla önümçiliginiň şübheli üstünlikleriniň döwri başlandy. 1999-njy ýylda 1.4 million tonna, 2000-nji ýylda (ýyl gurak bolupdy) 1.7 million tonna, 2001-nji ýylda 2 million tonna, 2002-nji ýylda 2.3 million tonna gallanyň ýygnalandygy habar berlipdi. Nyýazowyň ýogalan ýyly 2006-njy ýylda ýurtda 3.5 million tonna gallanyň ýygnalandygy aýdyldy.

Şeýle-de, 2006-njy ýylda Türkmenistanyň Statistika boýunça döwlet instituty ýurduň ilatynyň 6 786 million adamdygyny yglan edipdi. Emma ýurduň ilatynyň sanynyň hatda şu günki gün hem 5 million çemesidigi çak edilýär.

Şu ýyl ýygnalan hasylyň betbagtçylykly bolandygyny ret etmeklik her bir resmi üçin manysyz bolara çemeli. Hakykat Türkmenistanyň halkyna tiz wagtda aýan bolar.

Maglumatda öňe sürlen pikirler AÝ/AR-nyň resmi pozisiýasyny aňlatmaýar.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG