Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Arçynlar ‘galp galla planynyň parasynyň’ öwezi üçin kärendeçileri gyssaýarlar


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda galla oragy möwsüminiň bosagasynda, Lebap welaýatynyň käbir arçynlarynyň döwlet tarapyndan kesgitlenen galla planyny galp görnüşde dolmak üçin berýän para-peşgeşini kärendeçilerden soraýandygy öňe sürülýär.

Anonim ýagdaýda Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan lebaply käbir kärendeçileriň aýtmagyna görä, täze döredilen Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreş gullugynyň işgärleri etraplara aýlanyp, geçen ýylda ýerine ýetirilen galla planlarynyň yzyny derňeýärler we adaty ýagdaýda däl-de, para-peşgeş bilen galla satyn alyp planyny dolan arçynlary gyssaýarlar. Arçynlar bolsa, galp galla planynyň derňelmezligi üçin ýene para-peşgeş berip sypýarlar we olara beren pullarynyň öwezini hem kärendeçilerden soraýarlar.

"Un gytçylygynyň barha ýaramazlaşmagy we täze galla möwsüminiň ýetip gelmegi bilen Türkmenistanyň ykdysady jenaýatlara garşy göreş gullugynyň işgärleri Lebap welaýatynda galla edaralaryndan daşaryn, daýhan birleşikleriniň geçen ýylky galla planlaryny nähili dolandygyny derňemäge başlady. Arçynlar döwletiň kesgitlän galla hasyly planyny dolup bilmejegine gözi ýetende, baryp galla saklanýan ýerlerden ýa-da kombinatlardan para-peşgeş bilen galp ýoldan plany dolmak üçin bugdaý satyn alýarlar. Soň şol puly hem kärendeçilere bermeli tölegden kesip galýarlar" diýip, Saýat, Sakar we Çarjew etrabynyň käbir kärendeçileri Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda aýtdylar.

Aýdylmagyna görä, Bu her ýyl gaýtalanyp duran bir ýagdaý. Organ we howpsuzlyk işgärleri bilen şol Türkmenistanyň ykdysady jenaýatlara garşy göreş gullugynyň işgärlerine para-peşgeş berýän arçynlar öz wezipesinde galýar, bermeýänler bolsa basylýar.

"Arçynlaryň olara berýän para-peşgeşiniň mukdary 10-12 müň amerikan dollaryna barabar bolýar. Olar muny daýhan birleşiginiň abraýy üçin edendigini öňe sürýärler we gaznadan berlen paranyň yzyna gaýtarylmagynda kärendeçilerden hemaýat isläp, şu wagt olary gaty gysýarlar. Her kärendeçiden arçynlaryň beren para-peşgeşiniň öwezine 150-160 manat soraýarlar” diýip, Saýat, Sakar we Çarjew etrabynyň käbir kärendeçileri Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda aýtdylar.

Anonim ýagdaýda Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan Lebap welaýatynyň Atamyrat etrabynyň käbir kärendeçileri bolsa:

"Ymamnazar-Ýylanly tarapda Bataş diýilýän ýerdäki ekin meýdanlaryndan galla planyny dolup bilmeýän arçynlar Atamyrat etrabynyň galla kombinatyndan plany galp ýagdaýda dolmak üçin para-peşgeş bilen bugdaý satyn alýarlar. Türkmenistanyň ykdysady jenaýatlara garşy göreş gullugynyň işgärleri Atamyrat etrabynyň galla kombinatynda derňew geçirip, para-peşgeş bilen bugdaý satyn alyp, planyny galp ýagdaýda dolan arçynlaryň hemmesini şol ýerdäki galla önümlerini kabul ediş bölümine çagyryp, soraga çekýärler. Lebap welaýatynyň galla önümçiligi birleşiginiň başlygy bilen organ we howpsuzlyk komitetiniň işgärleri hem olaryň işlerine gatnaşýarlar. Olara para-peşgeş bermegi kabul eden arçynlara hiç zat diýilmeýär, bermeýänler bolsa basylýar” diýip, aýdýarlar.

Ýatlap geçsek, prezident Gurbanguly Berdimuhammedow 9-njy martda geçirilen Ministrler kabinetiniň mejlisinde eden çykyşynda geçen ýyl ýurtda ýygnalan galla hasylynyň möçberini üýtgedip, onuň 1 milliondan gowrak däl-de, 1 ýarym million tonnadan gowrak bolandygyny aýdypdy.

Türkmenistanda gurak gelen 2018-nji ýylyň galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi. TDH-nyň maglumatyna görä, Türkmenistanyň prezidentiniň 21-nji maýda gol çeken karary, ýetişdirilen galla hasylynyň ýitgisiz ýygnalmagyny we gallaçylar bilen wagtynda hasaplaşylmagyny maksat edinýär.

Birleşen Ştatlaryň Oba hojalyk departamentiniň bilermenleriniň 2005-nji ýyldaky kesgitlemesine görä, Türkmenistanyň ilaty üçin ýylda 2 million 500 müň tonna galla gerek.

Teswirleri gör (2)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG