Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Internetiň tizligi boýunça geçirilen barlagda Türkmenistan dünýäde yzky orunlary eýeledi


Aşgabatda bir Internet kafe. Arhiw suraty
Aşgabatda bir Internet kafe. Arhiw suraty

Cable.co.uk saýtynyň analitikleriniň jemi 200 ýurtda ilata hödürlenýän Internetiň tizligini hasaplamak boýunça geçiren barlaglarynyň netijesinde Türkmenistan 198-nji orunda ýerleşdirildi. Geçen ýyl Türkmenistan bu barlagda 142-nji orny eýeläpdi.

Barlagyň maglumatlary 200 ýurtda ýörite tilsimleri ulanmak arkaly edilen 163 million sany Internetiň tizligini barlamak boýunça geçirilen testlerden ýygnaldy diýip, barlagda aýdylýar.

Hasabat 2017-nji ýylyň maý aýy bilen 2018-nji ýylyň maý aýy aralygynda geçen 12 aýyň dowamynda "Measurement Lab" (M-Lab) saýtynyň maglumat bazasyna giren internet tizliginiň barlag testleriniň netijelerini seljermek arkaly, “New America” aň-düşünje guramasynyň binýadyndaky "Açyk tehnologiýa instituty", "Google Açyk çeşme barlagy", Prinston uniwersitetiniň düzümindäki "PlanetLab" barlag tory bilen, hem-de beýleki partnýorlar bilen hyzmatdaşlykda taýýarlandy diýip, "Cable" ýazýar.

Geçirilen barlagyň netijelerine görä, Türkmenistanda Internetiň ortaça tizligi sekuntda 0.56 megabite (Mb/s) barabardyr. Türkmenistanda M-Lab-yň serwerleri arkaly jemi 1368 aýrybaşga IP salgydan, 4378 gezek tizlik testi amala aşyrylypdyr. Internetden agramy 5 gigabaýtlyk (GB) kinofilmi Türkmenistanda 20 sagat 22 minut 25 sekundyň dowamynda indirmäge mümkinçilik bar.

Britan kompaniýasy çap eden hasabatynda Internetiň tizligini barlamak üçin zerur bolan tilsimlere salgylanyp, "Ookla" we M-Lab-yň mümkinçiliklerini deňeşdirýär.

Bu tilsimler kompýuterlerde we ykjam telefonlarda Internetiň tizligini ölçemäge mümkinçilik döredýär.

"Cable-iň" hasabatynda Internetiň ortaça tizligini hasaplamakda ulanylýan tizlik testlerine aýratyn üns çekilip, hödürlenýän test mümkinçilikleriniň routerde elýeterli bolan maksimum tizligi ölçemeýändigini, eýsem, routerden internete baglanýan enjamyň göterip bilýän internetiniň tizligini ölçeýändigi agzalyp geçilýär.

Türkmenistanyň döwlet metbugatynda ýurtda ilatyň Interneti erkin ulanmagyna giň ýol açylýandygy aýdylýar, şol sanda dürli pudaklary digitallaşdyrmak maksatnamalarynyň durmuşa geçirilýändigi wagtal-wagtal agzalyp geçilýär.

Ýöne halkara hasabatlarda türkmen Internetiniň gerimine we mümkinçiliklerine pes paha berilýär.

Golaýda BMG-nyň Ykdysady we sosial gatnaşyklar departamentiniň ýaýradan hasabatynda elektron-hökümeti durmuşa ornaşdyrmakda Türkmenistan 193 ýurduň arasynda 142-nji orunda ýerleşdirildi.

"Cable" kompaniýasynyň soňky barlagynda dünýäde iň ýokary tizlikli Internet Singapurda ilata hödürlenýär. Ol ýerde Internetden sekuntda ortaça 60.39 megabit maglumat indirip bolýar. Hasabatda aýdylmagyna görä, Singapurda agramy 5 gigabaýtlyk maglumaty Internetden 11 minut 18 sekundyň dowamynda indirip bolýar.

Şeýle-de, hasabatda bellenmegine görä, Türkmenistanda Internetiň tizligi geçen ýyl bilen deňeşdireniňde 56 orun pese gaçypdyr, ýöne umuman alanyňda, tutuş dünýädeki Internetiň tizligi ortaça bu ýyl 23 % ýokary galypdyr.

Birleşen Karollygyň telekomunikasiýa, poçta kadalary we beýleki aragatnaşyk pudaklaryna gözegçilik edýän Aragatnaşyk edarasynyň (Ofcom) maglumatlaryna görä, Cable.co.uk saýty Internet hyzmatlarynyň, öý telefonlarynyň we Internet telekanallarynyň amatlylygy boýunça geňeşdarlyk hyzmatlaryny hödürleýär.

XS
SM
MD
LG