Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zimbabwede saýlawlardan soňky gazaplylykda üç adam öldi


Zimbabweli esger bir protestçini urýar. 1-nji awgust, 2018 ý.
Zimbabweli esger bir protestçini urýar. 1-nji awgust, 2018 ý.

Zimbabwede howpsuzlyk güýçleriniň protestçilere garşy ot açmagy netijesinde azyndan üç adam öldi. Paýtagt Hararede demonstrantlar 30-njy iýulda geçirilen parlament saýlawlarynyň netijelerine garşy protest geçiripdiler.

Telewideniýede görkezilen şekillerde esgerleriň märekäniň arasynda ylgap, tüpeňiň gundagy bilen demonstrantlary we žurnalistleri urýan pursatlaryny görse bolýardy. Protestçilere garşy göz ýaşardyjy gazlarynyň we söweş oklarynyň hem ulanylandygy barada maglumatlar gowuşdy.

BMG ýurduň syýasy wekillerine ýüzlenip, “asudalygy saklamaga we gazaplylygyň islendik görnüşinden gaça durmaga” çagyrdy.

Saýlawlaryň fonunda ýaşaýjylar ozalky prezident Robert Mugabe döwründe amala aşyrylan zulumlardan we ykdysady çökgünlikden soň, ýagdaýlaryň gowulaşmagyna umyt edipdiler. Mugabe, 37 ýyl häkimiýetden soň, geçen ýyl harby agdarylyşyk netijesinde wezipesinden çetleşdirilipdi.

Protestlerden öň, Zimbabweniň saýlaw edarasy prezident Emmerson Mnangagwanyň uzak wagtdan bäri häkimiýet başyndaky Zanu-PF partiýasynyň parlamentdäki orunlaryň aglabasyny almagy başarandygyny yglan edipdi.

Oppozisiýadaky Demokratik Özgerişler Hereketiniň tarapdarlary saýlawlaryň galplaşdyrylandygyny we öz partiýalarynyň ýeňiş gazanandygyny öňe sürdüler.

XS
SM
MD
LG