Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainada protestçiler aktiwiste edilen kislotaly hüjümiň derňelmegini soraýarlar


Protestçiler Kateryna Handzuga edilen hüjümiň derňelmegini talap edýärler.
Protestçiler Kateryna Handzuga edilen hüjümiň derňelmegini talap edýärler.

Ukrainanyň günortasyndaky Kherson şäherinde onlarça protestçi ýerli bir aktiwiste edilen kislotaly hüjümiň derňelmegini talap edip, demonstrasiýa geçirdiler.

Portestçileriň arasynda aşa-sagçy Milli korpus partiýasynyň, Kiýewden gelen hökümete degişli bolmadyk guramalaryň dagy wekilleri bardy.

31-nji iýulda näbelli bir hüjümçi şäheriň häkiminiň maslahatçysy Kateryna Handzugyň üstüne kislota döküp, wakanyň bolan ýerinden gaçypdy.

Ýerli polisiýanyň ýiti tankytçysy hökmünde tanalýan Handzugyň bedeniniň ençeme ýeri güýçli ýandy. Ol häzir agyr ýagdaýda keselhanada ýatyr. Ýerli lukmanyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, Handzugyň bedeniniň 30% töweregine zeper ýetipdir.

Protestçiler prokuraturanyň edarasyna tüsseli granatlary zyňanlaryndan soň, regional baş prokuror demonstrantlar bilen duşuşdy. Witaliý Tryhubenko hüjüm bilen baglylykda içgin derňewiň geçiriljekdigini söz berdi.

XS
SM
MD
LG