Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aşgabatda kärendesine berilýän awtoulaglar ýygnalýar


Illýustrasiýa suraty

Aşgabat şäheriniň Çoganlydaky Polisiýanyň ýol-gözegçilik gullugynyň edara jaýynyň howlusyna ýygnanan hususy awtoulaglaryň sany sanardan köp.

“Bu ýerdäki ýygnanan hususy awtoulaglaryň sany ýüzden hem agdykdyr” diýip, kärendesine alyp sürýän awtoulagyny aldyran, özüni Meret diýip tanyşdyran aşgabatly sürüji aýdýar.

Ýaşaýjylaryň ençemesiniň sözlerine görä, soňky iki günüň dowamynda sürüjileri saklap, awtoulaglaryny ellerinden almak çäresi has hem möwjäpdir. Aşgabadyň özünde we onuň daş-töwereklerinde hem könelişen awtoulaglary, hem-de goýy reňkli awtoulaglary saklap “yrs arap” başlapdyrlar.

“Änewiň ýolunda, Aşgabatdan Bagyra barýan ýoluň çatrygynda onlarça awtoulagyň saklanyp durandygyna şaýat boldum. Mende hususy awtoulagy ýok. Işsizlik sebäpli awtoulag edinmek däl, güzeranymy aýlap bilmän, hususy awtoulaglardan birini kireýine alyp, ýolagçy gatnadyp, gündelik çörek pulumy gazanýardym. Emma bir aý mundan ozal ‘prezidentiň karary’ bilen diýip, kärendesine berilýän awtoulaglary polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri şäherde saklap, olary Çoganlydaky polisiýanyň ýol-gözegçilik gullugynyň edara jaýynyň howlusyna salyp başladylar” diýip, Mergen aýdýar.

Ol başga-da ýüzlerçe sürüji bilen birlikde özüne hem şol jerimäniň salnandygyny we indi bir aýa golaý wagt bäri jerimäni töläp bilmän, awtoulagy alyp bilmeýändigini hem sözüniň üstüne goşdy.

“Awtoulag eýesi hem ýarawsyzrak adam bolup, ol hem özi işläp bilmänden soňra hususy awtoulagyny kärendesine berip, güzeran aýlap oturan bir adam. Onda hem artykmaç pul bolmandan soňra ol hem awtoulagyň jerimesini töläp, awtoulagyny meniň alyp bermegime garaşýar. Awtoulagyň eýesi we ony kireýine alan sürüjiniň her biri 600 manat möçberinde jerime tölemeli. Şeýle pul bolsa meniň aňrymda ýok. Öz ýakyn hossaryň bolmasa, keseki sürüjä ynanç hatynyň berilmegi gadagan edileli bäri biz kösenip ýörüs. Ynanç haty bolmadyklaryň bolsa, häzir elinden awtoulagyny alyp, jerime tölemäge mejbur edýärler hem-de ýakynyň bolmasa awtoulagyňy ynanmaklyga berk gözegçiligi ýola goýýarlar” diýip, Mergen belledi.

Ol türkmenistanlylaryň, esasan-da, aşgabatlylaryň ençemesiniň awtoulaglary kärendesine alyp işleýändigini aýdyp, müňlerçe adamyň gazanç çeşmesinden kesilendigini sözüniň üstüne goşdy.

Kärendesine awtoulag alyp, onuň bilen güzeran aýlaýan sürüjiler awtoulaglaryň bejeriş-abatlaýyş işleri, ätiýaçlyk şaýlary üçin hem her hepde diýen ýaly çykdaja galýarlar.

“Emma bizi bu gazanjymyzdan hem kesdiler. Käşgäm bir ilaty iş bilen üpjün etsediler. Ol hem ýok. Ilaty diňe gysýarlar. Nireden çörek puly tapsaň, şol ýeri hem ýapmak bilen bolýarlar” diýip, Meret janygýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG