Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda Garaşsyzlyk baýramçylygy mynasybetli taýýarlyk çäreleri başlandy


Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramçylygy mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görýän döwlet işgärleri
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramçylygy mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görýän döwlet işgärleri

Türkmenistanda howanyň gyzgynlygy 45 gradusdan aşak düşmeýän şu günlerde Aşgabadyň Dagdan stadionynda Garaşsyzlyk baýramçylygyna görülýän taýýarlyk çäreleri başlandy.

Читайте также на русском

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 27-nji oktýabrdan 27-nji sentýabra geçirilmegi bilen, şu ýyl bu senä görülýän taýýarlyk çäreleri hem ozalkylaryndan bir aý çemesi öň başlap, oňa esasan döwlete degişli aň-bilim edaralarynyň ýaşy 35-e ýetmedik işgärleri gatnaşdyrylýar.

“Talyplar häzir tomusky dynç alşynda bolany sebäpli, Aşgabadyň demirýol wokzalynyň golaýyndaky Dagdan stadionyna edara-kärhanalaryň işgärlerini ýygnap, marşirowkalara başladylar. Howanyň derejesiniň şeýle ýokary bolmagynda galýan şu yssy günlerde adamlary marşirowka kowalamagyň özi akyla sygýan zat däl” diýip, öz adynyň efirde tutulmazlygyny soran bank işgäri Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, olaryň arasynda gyzgyna çydam etmeýän taby gowşak gelin-gyzlar hem bar. Göwreli zenanlar hem bar. Ýöne iş ýeriňi ýitirmejek bolsaň, hiç bir bahanasyz marşirowka gatnaşaýmaly.

“Çaý-suw bilen sowadyjylaryň aşagynda oturýan işgärler üçin bu marşirowkalar durşuna bir jebir. Suwsuzlykdan bokurdagy gurap, gözi garaňkyrap durany haýsy, başy aýlanyp, stadionyň kölegesinde kellesini tutup oturany haýsy, garaz ‘ody özüňe bas, ötmese kesekä’ diýlen nakyldan bir many çykaraýmaly emeldarlaryň hiç zada başlary agyramaýar. Olar üçin adam saglygy, gara şaýa durmaýar” diýip, ýaşaýjy zeýrenýär.

Edara-kärhanalaryň işgärleriniň aýtmaklaryna görä, işgärler her hepdäniň ýekşenbe we çarşenbe günleri sagat 15:00-de eýýäm edaradan çykyp, Dagdan stadionyna marşirowkanyň geçjek ýerine ugraýarlar. Marşirowkalar sagat 16:00-da başlanyp, öýlän sagat 18:00-19:00 aralygynda tamamlanýar.

“Ondan soňra öýüne dolanyp baryp, çagasyny çagalar bagyndan almaga ýetişmeli işgärler hem bolýar. Ine iň kynçylygy şolar çekýärler. Öýüňde çagaňy çagalar bagyndan alar ýaly kömekçiň bolmasa, bu işlerden soňra öýüňe baryp, agşamlyk nahar-çaýyňy taýýarlamaga hem ýaramaýarsyň” diýip, bank işgäri belledi.

Belläp geçsek, geçen ýyllarda döwlete degişli edara-kärhanalarda, saglyk öýlerinde, banklarda, sosial üpjünçilik bölümlerinde müşderiler bilen işleýän işgärleriň çärelere ugradylmagy bilen, bu ýerdäki işler ýatyp galypdy.

Edaralara işi düşüp barýan müşderilere gerek bolan işgärleriň marşirowkadadygyny aýdyp, soňra gelmelidiklerini düşündirýärler. Işgärler marşirowka gidip, hem yssyda kösenýärler, hem-de öz müşderileriniň zerur işlerini wagtynda ýerine ýetirip bilmeýärler.

Türkmen häkimiýetleri Garaşsyzlyk baýramçylygy mynasybetli meýilleşdirilen dabaralaryň “ýokary guramaçylykly derejede geçirilmelidigini” tekrarlasalar-da, bu taýýarlyk çäreleriniň raýatlara ýetirýän täsirleri we oňa işgärleriň mejbury gatnaşdyrylmagy barada-da kelam agyz söz aýtmaýarlar.

Şu ýyl Türkmenistan öz döwlet garaşsyzlygynyň 27-nji ýyl dönümini belleýär. 1991-nji ýyldan bäri 27-nji oktýabrda bellenilen bu sene öten ýylyň 9-njy oktýabrynda geçirilen Halk maslahatynda 27-nji sentýabryna geçirildi.

XS
SM
MD
LG