Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýakynda geçiriljek sammitde Hazaryň kanuny statusynyň kesgitlenmegine garaşylýar


Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleri Moskwada geçirilen duşuşykdan soň surata düşýär, 22-nji aprel, 2014-nji ýyl (Arhiwden alnan surat)

12-nji awgustda Gazagystanyň Aktau şäherinde Türkmenistanyň, Eýranyň, Azerbaýjanyň, Russiýa Federasiýasynyň hem-de Gazagystanyň ýokary derejeli resmileriniň gatnaşmagynda Hazar deňziniň kanuny statusyny kesgitlemek boýunça Hazarýaka döwletleriniň V sammiti geçirilýär. Gazagystanyň daşary işler ministri Kairat Abrahmanow 17-nji iýulda sammit boýunça žurnalistleriň öňünde çykyş edipdi.

Orsýetiň “RIA Nowosti” habar gullugy 8-nji awgustda Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Grigoriý Karasine salgylanyp, sammitiň dowamynda Hazaryň kanuny statusyny kesgitleýän Konwensiýa bilen bir hatarda, ýene-de alty sany hökümetara ylalaşyga gol çekiljekdigini habar berdi.

Soňky 22 ýylyň dowamynda Hazarýaka meselesi bilen baglylykda degişli döwletleriň resmilerinden düzülen Iş toparlary 50-den gowrak maslahat geçirdi.

Ahyrsoňy, üstümizdäki sammitde Hazaryň kanuny statusyny kesgitleýän Konwensiýanyň kabul edilmegine garaşylýar. Bu ylalaşygyň kabul edilmegi bilen bäş ýurduň Hazardan peýdalanmak mümkinçilikleri aýdyňlaşdyrylar.

9-njy awgustda “Regnum” maglumat agentliginde üstümizdäki sammit barada çap edilen makalada, Hazaryň kanuny statusynyň kesgitlenmeginiň ähmiýetine üns çekilýär. Onda aýdylmagyna görä, bu statusyň kesgitlenmegi bilen suwlaryň çäkleriniň bölünişigi, deňizde bina ediljek gurluşyklaryň ýerleri we olaryň howpsuzlyk üpjünçiligi, suwasty gaz geçirijileriň gurluşygy, Hazaryň ýataklaryndaky mineral serişdeleriň bölünişigi, hem-de Hazar basseýnine birigýän derýalar bilen bagly bar bolan meseleleriň ählisi aýdyňlyk gazanar.

Bilermenler Hazarýaka meselesiniň türkmen gazyny Azerbaýjanyň üstünden Ýewropa akdyrmaga mümkinçilik döretjek Trans-Hazar gaz geçirijisi ýaly iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegini bökdäp gelendigini aýdýar.

Ottawanyň Karlton uniwersitetiniň Ýewropa, Orsýet we Ýewraziýany öwrenmek boýunça institutynyň uly ylmy işgäri Robert Katler “Eurasianet” neşiriniň Hazarýaka meselesi bilen bagly soraglaryna beren jogabynda Trans-Hazar gaz geçirijisiniň çykdajylaryny çaklady:

“Gazgeçirijiniň gurluşygynyň umumy bahasynyň möçberi 2 milliard dollardan aňry geçmez, 1.5 milliard dollar töweregine barabar bolar. Bu arzan” diýip, Katler aýtdy.

“Trans-Hazar gazgeçirijisiniň gurluşygy tamamlanan badyna, Türkmenistanyň bu gaz geçiriji arkaly 10 miliard kub metrden gowrak gaz eksport etmäge mümkinçiligi bolar” diýip, Katler “Eurasianete” gürrüň berdi.

Karlton uniwersitetiniň ylmy işgäri Robert Katler iýul aýynda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynda eden çykyşynda Trans-Hazar gazgeçirijisini “strategiki geçiriji” diýip häsiýetlendirmegiň ýerliklidigini aýtdy.

“Men öte geçip, Trans-Hazar gazgeçirijisiniň strategiki häsiýetli geçirijidigini aýdasym gelýär. Ýöne bu ýagdaý ýeterlik derejede ykrar edilmeýär. 20 ýyl mundan ozal Baku-Tbilisi-Jeýhan gazgeçirijisi nä derejede strategiki hasaplanan bolsa, Trans-Hazar hem edil şolar ýaly strategiki gaz geçirijidir”diýip, Katler belledi.

“Elbetde, Ýewropa Bileleşigi birnäçe ýyldan bäri Trans-Hazar gazgeçirijisiniň durmuşa geçirilmegine ýardam bermäge synanyşyp gelýär. Ýöne olary esasan ykdysady bähbit gyzyklandyrýar. Şeýle-de, olarda Birleşen Ştatlarda bar bolan syýasy agram ýok” diýip, Katler sözüne goşdy.

Ýöne Orsýetiň “Kommersant” neşirinde iýulyň aýagynda çap edilen makalada aýdylmagyna görä, hatda Hazaryň statusy boýunça Konwensiýa kabul edilen ýagdaýynda-da Trans-Hazaryň durmuşa geçirilmegi üçin Türkmenistan hazarýaka döwletleriň ählisine sala salmaly bolar, ol bu meseläni diňe Azerbaýjan bilen öz arasynda çözüp bilmez.

Bilermenler esasan Orsýet bilen Eýranyň Trans-Hazaryň daşky gurşawa ýetirjek täsirini öňe sürüp, onuň gurluşygyna garşy çykýandygyny aýdýarlar.

Sammitiň öňýany, 7-nji awgustda Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki “Altyn Asyr” neşirinde Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň Ekologiýa gözegçiligi gullugynyň bir işgäriniň awtorlygynda “Hazaryň kenarýaka zolagynyň ekologiýa görkezijileri kada laýyk gelýär” diýen at bilen makala çap edildi.

“Eurasianetiň” maglumatyna görä, Ýewropa Bileleşigi hem-de Bütindünýä banky Hazarda suwasty çekiljek taslamanyň daşky gurşawa oňaýsyz täsiriniň ujypsyzdygyny aýtdy.

Galyberse-de, Sammitiň geçirilmegine birnäçe gün galanda Orsýetiň “Gazprom” kompaniýasynyň türkmen gazyny import etmäge dowam etmek ähtimallygy barada habarlar peýda boldy.

Hazaryň bölünişigi hem-de onuň statusynyň kesgitlenmegi boýunça mesele 90-njy ýyllaryň başynda Sowet Soýuzynyň dargamagynyň netijesinde deňziň kenarynda dört garaşsyz döwletiň emele gelmeginden soň ýüze çykdy. Ondan öň taraplar Sowet Soýuzynyň we Eýranyň arasynda 1921 we 1940-njy ýyllarda baglaşylan ylalaşyklaryň esasynda Hazar deňzinden peýdalanypdy.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG