Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Açlykdan ölýänem bolsaň, başga ýerde öl!”


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

“Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiri ýurtda ykdysady kynçylyklaryň dowam edýän döwri ýaşaýjylaryň öýlerine aýlanyp, dilegçilik edýän adamlaryň köpelendigine ünsi çekip, ýörite makala çap etdi.

“Soňky iki-üç aýyň dowamynda Türkmenistana sapar edýän adamlar ‘berkarar döwletiň bagtyýarlyk zamanasy’ diýlip häsiýetlendirilýän ýurduň gumanitar betbagtçylygyň bäri ýanyndadygyny aýdýarlar. Ýedi ýaşyndaky çagalar, pensionerler açlyk zerarly adamlaryň öýlerine aýlanyp, iýmit, şol sanda kartoşka, sogan soraýarlar” diýip, neşir özüniň ýurt içindäki habarçysyna we çeşmesine salgylanyp, 8-nji awgustda habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary hem ýokarda agzalýan ýagdaýlaryň soňky aýlarda has köp göze dürtülip ugrandygyny aýdyp, dilegçilik edýän adamlara bazarlarda, etrapçalaryň arasyndaky köçelerde, şäheriň ýangyç guýulýan stansiýalarynyň girelgelerinde we çykalgalarynda hem-de köp gatly jaýlaryň öňünde duş gelse bolýandygyny belleýärler.

Türkmenistanda bolup geçýän wakalar we täzelikler bilen ýakyndan gyzyklanýan aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýew dilegçilik edýän adamlaryň arasynda maýyplyk arabasyndaky mümkinçiligi çäkli adamlaryň, ýaş ýetginjekleriň, çagalaryň, erkek adamlaryň bardygyny, ýöne soňky döwürde gartaşan aýallaryň has köp göze ilýändigini we olaryň gapylary kakyp, öýlere aýlanýandygyny belleýär.

“Şol adamlary göreniňde, olaryň ýag iýip, ýüpek geýmeýändigini görýäň. Olar horaşa geýnen aýal maşgalalar, özem olaryň eti-gany çekilen. Daşyndan seredeniňde, olaryň ýaşy 70-e ýeten aýal maşgalalar” diýip, Bugaýew gürrüň berdi.

Aýdylmagyna görä, mundan ozalky ýyllarda dilegçiler ýaşaýjylardan köplenç pul soran bolsa, indi berilýän azyk harytlary, geýim-gejimleri hem minnetdarlyk bilen kabul edýärler. “Bu bolsa, adamlaryň indi iýere çörek-de tapmaýandygyny görkezýär” diýip, Bugaýew aýdýar.

Paýtagtyň dürli künjeginde dilegçilik edýän adamlaryň köpelmegi bilen, türkmen häkimiýetleriniň olara garşy görýän çäreleri hem barha güýçlenýär. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň düzümine degişli edaralaryň işgärleri dilegçilere köplenç rehimsizlik bilen daraýarlar, olara kemsidiji sözler aýdyp, ‘açlykdan öljek bolsalar-da, başga ýerde ölmegi’ maslahat berýärler.

“Iki sany polisiýa işgäri haýdap gelip, ýaňky agyr göwreli oglanyň goltugyndan tutup, süýräp diýen ýaly polisiýa maşynyna tarap alyp ugradylar. Olam ‘Men el seremok, adamlaryň özi rehim-şepagat edip berýärler. Meniň hossarym ýok, işleýän ýerim ýok. Men açlygymdan ölmelimi? Hossarym şu il-gün’ diýip, aglamjyrap ýagdaýyny düşündirjek bolýar. Şol iki sany polisiýa işgäri hem ‘Aç ölýänem bolsaň, eliňi serip şu töwereklerde görünme, gümüňi çek, häzirem seni polisiýa bölümine elterler. Seniň ele düşüşiň birinji gezek däl. Indi sen bilen başgaça gepleşeris’ diýip, şony ýeňsesinden tutup, zorlap saldylar” diýip, Bugaýew 9-njy awgustda Mir bazarynyň gündogar derwezesiniň golaýynda şaýat bolan ýagdaýyny gürrüň berdi.

Belläp geçsek, Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalar hakyndaky kodeksinde “jemgyýetçilik ýerlerinde sergezdançylyk ýa-da gedaýçylyk bilen meşgullanylmagy” gadagan edilip, munuň duýduryş berilmegine ýa-da ýigrimi dört sagatdan otuz alty sagada çenli möhlete jemgyýetçilik işleriniň berilmegine eltýändigi aýdylýar. Eger bu ýagdaý bir ýylyň dowamynda gaýtalansa, onda on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýändigi bellenilýär.

Ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň ençemesi ýurtda dilegçilige garşy kanun esasynda göreş alnyp barylsa-da, kanunçylykda olaryň näme sebäpden bu işe baş goşýandygyny, ýaşaýyş-durmuş şertlerini öwrenmegiň we maddy üpjünçiligi bolmadyk adamlara sosial goldaw bermegiň göz öňünde tutulmandygyny aýdýar.

Türkmenistan häzirki döwür ykdysady kynçylyklary başdan geçirýär. Ýurtda dollaryň resmi kursy 3,5 manat möçberinde saklanyp galýan mahaly, onuň gara bazardaky nyrhy 18 manada ýetdi. Ýylyň başynda aýlyklar, kömek pullary, pensiýalar, talyp haklary 10% ýokarlandyrylan bolsa, şondan bäri azyk we senagat harytlarynyň bahasy azyndan 100% gymmatlady.

Türkmenistanda işsizligiň derejesi barada statistiki maglumatlar berilmese-de, Azatlygyň hökümete ýakyn çeşmesi bu görkezijiniň 60%-e çenli baryp ýetendigini aýdýar.

Türkmen häkimiýetleri ýokarda gürrüňi edilýän ýagdaýlary inkär edip ýa-da tassyklap çykyş etmeýärler. Ýurduň media serişdelerinde bolsa, halkyň “bagtly, bol-elin durmuşda ýaşaýandygy” barada reportažlar görkezilýär.

XS
SM
MD
LG