Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Prezident Berdimuhamedowyň ýerine ýetirmegindäki 'Garagum' aýdymy özbek hit-paradyna girdi


Özbegistanyň 'Zor TW' hususy telekanalynyň Real Hit atly teleproýektiniň hit-parady

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň "Zor TW" hususy telekanalynyň Real Hit atly teleproýektiniň 9-njy awgustda çap eden hit-paradyna girdi.

Daşkentiň Aşgabat seýilgähinde geçirilen pikir soralyşygynda gatnaşyjylar iň gowy görýän aýdymçylarynyň adyny aýdyp, olaryň repertuaryndan iň halaýan aýdymlaryny ýerine ýetirip berdiler.

​Ses berijileriň biri Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýerine ýetirmegindäki "Garagum aýdymyna" özüniň ses berýändigini aýtdy.

Prezident Berdimuhamedowyň ýerine ýetiren 'Garagum' aýdymy özbek hit-paradynda ses aldy
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:49 0:00

Real Hit teleproýektiniň Daşkentiň merkezinde ýerleşýän "Aşgabat" atly seýilgähde geçiren ses berişliginiň yglan eden netijelerine görä, ses berişlikde 1 sesden alan 13 aýdymçynyň arasynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowdan başga, sowet döwründe meşhur bolan "Ýalla" saz topary, Artyk Atajanow we "Balalar" toparynyň aýdymçysy Tahir Saddykow dagy bar.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň rus dilinde ýerine ýetiren "Garagum" aýdymy Türkmenistanyň döwlet telewideniýesinde mart aýynda görkezilipdi. Döwlet baştutanynyň türkmen zenanlary üçin 8 mart baýramçylygyna "sazly sowgat" diýlip, 17-nji martda görkezilen bu çykyşy halkara habar çeşmeleriniň ünsüni çekipdi we meşhur sosial ulgamlarynda uly gyzyklanma eýe bolupdy. Şonda käbir neşirler Türkmenistanyň prezidenti "Garagum" aýdymy bilen Youtube “agdardy” diýip ýazypdy.

Wideo ýazgynyň doly görnüşinde, Berdimuhamedow türkmen, iňlis we rus dillerinde birnäçe aýdym bilen çykyş etdi, şol sanda “Krug” atly sowet saz toparynyň 1980-nji ýyllarda meşhur bolan “Garagum” atly aýdymyny ýerine ýetirdi.

Türkmenistanyň prezidenti aýdym-saz döretmek we soň olary ýerine ýetirmek, dijeýlik etmek we dürli saz gurallarynda saz çalmak bilen giňden meşgullanýar. Onuň çykyşlary Türkmenistanyň milli telewideniýesinde ýygy-ýygydan görkezilýär.

Ýaňy-ýakynda türkmen telewideniýesi Gurbanguly Berdimuhamedowyň Awazada dynç alýan wagtynda öz agtygy Kerimguly bilen täze aýdym döredip, ony türkmen we iňlis dillerinde ýerine ýetirişini görkezdi. Şeýle-de, Türkmenistanyň prezidenti 40-dan gowrak kitabyň awtory, sportyň dürli görnüşlerinde ussatlyk görkezýär.

Berdimuhamedowlar dynç alyşda
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:38 0:00

Real Hit proýektiniň 9-njy awgustda çap eden hit-parady üçin ses berişlik Daşkentiň merkezinde ýerleşýän Aşgabat seýilgähinde geçirildi. Bu seýilgäh şu ýylyň aprel aýynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistana eden saparynyň dowamynda özbek we türkmen prezidentleriniň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylypdy.

Seýilgäh türkmen paýtagtynyň keşbiniň esasynda gurlupdyr. Daşkentiň "Aşgabat" seýilgähi türkmen paýtagtynyň binalaryny, fontanlaryny we ýadygärliklerini ýada salýan obýektleriň ençemesi bar.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG