Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Welaýatlarda pensiýalar we aýlyk haklary gijikdirilýär


Parkda oturyp dynç alýan ýaşuly adamlar (Illýustrasiýa suraty)
Parkda oturyp dynç alýan ýaşuly adamlar (Illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanyň dürli welaýatlarynda raýatlar pensiýa haklaryny we aýlyk haklaryny wagtynda alyp bilmeýärler.

“Aýyň 10-y boldy, plastik kartlara henizem pul geçmedi.” diýip, daşoguzly pensioner Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Edil şuňa meňzeş ýagdaýlary başdan geçirýän Azatlygyň lebaply söhbetdeşi: “Bankomatlarda pul ýok, adamlar Gurban baýramyndan öň pullarynyň ellerine degmejekdigini pikir edip çaklaýar” diýdi. Ol Azatlygyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde özüniň býujet işgäridigini mälim etdi:

“Heniz geçen aýyň aýlygy-da tölenmedi” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde tutulmazlygyny soran býujet işgäri sözüniň üstüne goşdy.

Türkmenistanda aýlyklaryň gijikdirilýändigi, pensiýa haklarynyň wagtynda tölenmeýändigi barada resmi maglumat elýeterli däl.

Azatlygyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan daşoguzly beýleki bir býujet işgäri gijikdirilýän tölegleriň mümkin bolan sebäpleri barada maglumat berdi:

“Döwletden aýlyk alýan býujet işgärlerine öňümizdäki awtoralli ýaryşy geçenden soň, olaryň aýlyklarynyň tölenjekdigi aýdyldy” diýip, daşogzuň ýaşaýjysy işleýän edarasynyň başlygynyň sözlerine salgylanyp, Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Gurbanlyga pul gerek. Diňe bir gurban baýramyna däl, täze okuw ýyly üçin hem okuwçylaryň gerek-ýaragy bar. Adamlar şu zatlary satyn almakda uly kynçylyk çekýär” diýip, daşoguzly söhbetdeş aýtdy.

Azatlygyň habarçysy lebaply hem-de daşoguzly söhbetdeşleriniň sözlerine salgylanyp: “Býujet işgärleri “ralli gerekmikä” diýen soraglar bilen ýüzlenýärler” diýdi.

Türkmenistan döwlet derejesinde sentýabr aýynda geçiriljek “Amul-Hazar 2018” Halkara awtorallisine taýýarlyk görýär. Onda awtoulaglar ýaryşar. Döwlet metbugatynda bu ýaryşyň tarypy giňden ýetirilýär.

Galyberse-de, geçen ýyl Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçirildi. Synçylar bu halkara çäreleri geçirmek üçin zerur bolan desgalaryň gurluşygy hem-de guramaçylygy üçin türkmen döwletiniň gaznasyndan 8 milliarda golaý çykdajy edilendigini çaklaýar.

Azatlygyň habarçysy pensiýalary we aýlyk haklary gijikdirilýän lebaply hem-de daşoguzly gürrüňdeşlerine salgylanyp: “Olar bu çärelere aç-açan nägileliklerini bildirýärler” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Türkmenistanda pensiýa tölegleriniň, hem-de aýlyk haklarynyň gijikdirilýändigi barada mundan ozal hem dürli maglumatlar peýda bolupdy.

Awgustyň başynda aşgabatly pensionerler garaşyp ýeten pensiýalarynyň gijikdirilýändigini we munuň sebäbiniň düşündirilmeýändigini habar berdiler.

Aşgabatly pensionerleriň Azatlygyň paýtagtly habarçysyna gürrüň bermeklerine görä, pensiýalar bilen bagly kynçylyklar hususan-da tölegleriň plastik kartlara geçirilmeli edilmeginden soň has-da ýygylaşdy.

Türkmenistanda pensionerleriň pensiýalary şu ýylyň aprel aýyndan başlap plastik kartlaryň üstünden tölenmeli edildi. Elbetde, başda bu düzgün 65 ýaşa çenli pensionerlere degişlidi, soň ony üýtgedip, 70 ýaşa çenli pensionerlere hem degişli etdiler.

Gijikdirilýän pensiýalar baradaky habarlaryň iýun aýynda-da yzy üzülmedi.

Azatlygyň Türkmenistanyň Sosial üpjünçilik edaralary bilen pensiýalar boýunça aragatnaşyga geçmek synanyşygy başa barmady.

Türkmen häkimiýetleri gijikdirilýän pensiýalar we aýlyk haklary baradaky maglumatlar bilen çykyş etmeýärler.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki media serişdelerinde “bagtyýarlyk” ritorikasynyň bady gowşadylmaýar.

XS
SM
MD
LG