Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatly pensionerler 'göz diken' pullarynyň gijikdirilýändigini aýdýarlar


Aşgabat, dynç alýan pensionerler. 2017 ý.

Aşgabatly pensionerler ýene garaşyp ýeten pensiýalarynyň gijikdirilýändigini we munuň sebäbiniň düşündirilmeýändigini habar berýärler. Bu habar Türkmenistanda durmuşyň barha gymmatlaýan we howanyň aşa gyzýan günlerine gabat geldi.

Читайте также на русском

Ozal beýle problema ýokdy, pensiýa pullaryny almagyň nähili kynlaşandygyny görjek bolsaň, “Senagat bankyň” Aşgabadyň“10 ýyl abadançylyk” köçesiniň ugrunda ýerleşýän bölüminiň öňüne geläýmeli diýip, aşgabatly çeşme habar berýär.

Onuň sözlerine görä, bankyň bu ýerdäki bölüminden 5 müňe ýakyn adam pensiýa, kömek pullaryny alýar we indi bu ýere gelip, nobata duran adamlaryň haýsy bilen gürleşseň, pulunyň kartyna geçmändigini, ýogsa pensiýa gününe hem garaşyp ýetendigini aýdyp zeýrenýär.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanda pensionerleriň pensiýalary şu ýylyň aprel aýyndan başlap plastik kartlaryň üstünden tölenmeli edildi. Elbetde, başda bu düzgün 65 ýaşa çenli pesnionerlere degişlidi, soň ony üýtgedip, 70 ýaşa çenli pensionerlere hem degişli etdiler.

Emma bu çäräniň guramaçylyk işleri şindi hem tamamlanmadyk bolarly, Azatlyk radiosynyň ýerli habarçysy bilen söhbetdeş bolan pensionerler öz pullarynyň wagtynda kartlaryna geçmeýändigini ýa örän giç geçýändigini aýdyp zeýrenýärler.

Türkmenistanyň pensiýa gaznasynyň düzgünnamasyna laýyklykda, pensiýalar her aýyň 1-nden 22-sine çenli berilýär. Emma muňa garamazdan, aşgabatly pensionerler iýun aýynyň pensiýalaryny almakda gaty uly kösençlik çekdiler we köp adam puluny diňe aýyň ikinji ýarymynda aldy, sebäbi olaryň pullary wagtynda plastik kartlara geçmändir diýip, ýagdaýy öwrenen habarçy gürrüň berdi.

Pensionerler indi bu ýagdaýyň iýul aýynyň pensiýa puly babatda hem gaýtalanmagyndan alada galýarlar. Sebäbi olara bankda “bäş-üç gün garaşyň, puluňyz geçer” diýip, pensiýanyň gijikmeginiň sebäbini düşündirmezden, sowuk-sala jogap berýärler. Şol bir wagtda, bank işgärleriniň hem bu soraglara anyk jogap bermäge mümkinçiliginiň ýokdugy habar berilýär.

Netijede, bank işgärleriniň käbiri pensionerleriň soragyna “ýokardan görkezme berilmegine garaşylýar, pesnionerleriň belli bir bölegine pul aýyň birinji hepdesinde, galanlaryna ikinji we üçünji hepdesinde geçiriler, şondan soň kartlaryňyza pul gelip-gelmändigini barlap bilersiňiz” diýip jogap berýär.

BMG-niň Azyk we oba hojalyk programmasynyň 2017-nji ýylyň dekabrynda çap edilen hasabatyna görä, Türkmenistanda ýurduň ilatynyň 5,5%-i doýagarna naharlanyp bilmeýär.

Ýerli synçylaryň tassyklamagyna görä, türkmenistanly pensionerleriň köpüsiniň pensiýa pullary, wagtynda berlen halatynda hem, doýagarna naharlanmaga ýetmeýär. Pesnionerleriň bir bölegi bolsa, ogul-gyzlary işsiz bolansoň, eline düşenje puly çagalary bilen bölüşmäge mejbur bolýar.

Şol bir wagtda, Türkmenistanly pensionerleriň sebitdäki ýurtlaryň pensionerleri bilen deňeşdirilende, az pensiýa alýandygy habar berilýär.

“Pensionerleriň içinde 150, 200, 300 manat pensiýa alýanlary hem az däl. Pensiýalar bellenende adatça gaty kän adamyň haky köýdürilýär, sebäbi SSSR döwründäki edaralaryň bir topary ýapyldy we olaryň köpüsiniň arhiwleri saklanmandyr – diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran 70 ýaşly aşgabatly pensioner Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy. – Iş stažyny tassyklaýan resmi dokument getirip bilmedik adamlaryň, 30-35 ýyl işlän hem bolsalar, iş stažlary hem azaldylyp, köp haky iýildi” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

“Pensionerleriň köpüsi 65-70 ýaşly adamlar, olar öň banka baryp, gol çek diýlen ýere gol çekip, puluny alyp gaýdýardy, emma soňky üç aýda bu eşret gutardy, sebäbi olaryň köpüsi ýanyna agtyk-çowlugyny almasa, bankomatdan pul hem alyp bilmeýär. Emma indi, puluň wagtynda geçmezligi zerarly, türkmen pensionerleri bankomata kömekçileri bilen has köp gatnamaly boljaga meňzeýär” diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG