Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda student we okuwçy gyzlardan täze okuw formasy – giň köýnek, balak geýmek talap edilýär


Mekdep okuwçylary

Türkmenistanda student we okuwçy gyzlara dar köýnek geýmek gadagan edilip, onuň deregine teniňe ýapyşmaýan, giň köýnek we aşagyndan hem keşdeli balak, ýagny milli aýak geýmini geýmek talap edilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary we çeşmeleri habar berýärler.

Читайте также на русском

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny soran Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bir işgäri Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda, ýurtda täze okuw ýylyndan başlap güýje girjek bu okuw formasy barada şu ýylyň aprel aýynda ministrlik derejesinde karara gelnendigini, häzirki wagt munuň mugallymlara ýetirilendigini we olaryň hem bu barada okuwçy gyzlara we ene-atalara duýduryş edendigini tassyklady.

Aşgabatly mekdep mugallymlarynyň we ene-atalaryň ençemesiniň aýtmagyna görä, 20-nji iýuldan mekdep ýolbaşçylary okuwçy gyzlaryň öýlerine ýörite jaň edip, ene-atalardan bu düzgüni berjaý etmegi talap edip başladylar. Hatda mekdep ýolbaşçylary ene-atalara formany özleriniň tikdirmeli däldigini, onuň her mekdebe bellenen ýörite tikinçilik sehlerinde tikdirilmeginiň hökmanydygyny duýdurýarlar.

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny soran Daşoguzdaky çeşmämiz hem, täze okuw ýylynda şeýle düzgüniň boljakdygy barada welaýatyň bilim işgärlerine maglumatyň gelip gowuşandygyny, olaryň hem okuwçy gyzlara we maşgalalara duýduryş edendigini gürrüň berdi.

“Şu ýyl mekdep okuwçy gyzlar üçin täze mekdep formasy giriziljek. Bu barada mekdep mugallymlaryna ýokardan tabşyryk gelipdir we formanyň nusgasynyň 10-njy awgustda mekdeplere geljekdigi aýdylýar. Dynç alyş döwri bolsa-da, klas ýolbaşçylary okuwçylaryň öýlerine aýlanyp, olara 10-njy awgustdan öň mekdep formasyny almazlygy tabşyrýarlar. Käbir bilim pudagynyň welaýat derejesindäki jogapkär işgärleri bu formanyň giň köýnek, balak we žaket boljakdygyny eşidendigini aýtdylar” diýip, çeşmämiz belledi.

Belläp geçsek, bu düzgün diňe türkmen maşgalalarynyň çagalary okaýan mekdeplerden däl, eýse, paýtagtyň 55-57-nji orta mekdepleri ýaly rus, türk we beýleki milletleriň çagalary okaýan mekdeplerden hem talap edilýär. Bu bolsa, käbir türkmenler bilen bir hatarda, beýleki milletleriň ene-atalarynyň arasynda hem nägilelikleriň döremegine sebäp boldy.

24-nji iýulda irden sagat 7:45 töweregi 30-dan gowrak ene-ata Aşgabadyň Parahat-3 etrapçasyndaky 57-nji mekdebiň öňünde üýşüp, mekdep ýolbaşçylaryna gyzlarynyň uzyn ýaşyl köýnegi we tahýany geýmegi dowam etdirjekdigini, ýöne olardan milli aýak geýmini, ýagny balagy geýmegi talap etmezligi soradylar.

“Ata-eneler telefonda düşünişip bilmän, ‘Uzyn ýaşyl köýnege razy, ýöne beýdip çagalarymyzyň ýaşlyk höwesini ýüzüne urmaň. Biz gyzlarymyza ony nädip aýdaly? Häzir 18-19-njy asyr däl, biz swilizasiýanyň üstünde ýaşap ýörüs. Geýýän egin-eşigiň edep-ekramlylygyň alamaty däl. Elbetde, sypaýy geýinmeli, bizem şonuň tarapdary, ýöne ýaşlyk, çaga höwesini ýüzüne urmaň’ diýip, ýörite üýşüp, arz edip barypdyrlar. Mekdebiň edýän talabynyň hukuk taýdan talabalaýyk talap däldigini düşündirjek bolupdyrlar. Mugallymlaram ‘Bize ýokardan berlen görkezme, diýlen bilen boluň’ diýipdirler. Garaz, uruş-sögüş bolmandyr, ýöne umumy ylalaşyga gelip bilmän gaýdypdyrlar” diýip, aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýew ene-atalaryň we mugallymlaryň ençemesine salgylanyp gürrüň berdi.

Galyberse-de, bilim işgärleriniň ençemesi bu täze formanyň köp maşgalalaryň býujetine agram saljakdygyny, sebäbi okuwçy gyzlaryň täze egin-eşigini tikdirmek üçin 1000-den 2000 manada çenli aralykda pul serişdesini sarp etmeli boljakdygyny çaklaýarlar.

“Mekdep okuwçylarynyň sumkalary, ruçkalary, depderleri, gündelikleri geçen ýyl bilen deňeşdirilende azyndan 500% gymmatlady. Dogrusy, käbir hojalyklaryň çagalaryna täze forma beýle-de dursun, ruçka-depderi alyp biljegi hem gümana. Dollar şu gün 18 manada ýetdi” diýip, daşoguzly çeşmämiz sözüni jemledi.

Türkmen häkimiýetleri ýurtdaky aýal-gyzlaryň daşky görnüşi bilen baglylykdaky çäklendirmeleri mundan birnäçe ýyl ozal girizip başlan bolsa-da, soňky aýlarda munuň gerimini barha güýçlendirdiler.

Maý aýynyň başynda Türkmenistanda orta we umumy bilim berýän mekdepleriň mugallymlarynyň, hususan-da, aýal-gyzlaryň birmeňzeş geýim formasyna geçmäge mejbur edilýändigi habar berilse, ondan öň ýurtda aýal-gyzlaryň suwa düşülýän geýimlerini, has takygy bikini-kupalnikleri we şortylary ýurduň çäklerine getirmek gadagan edilipdi.

Galyberse-de, bu çäklendirmeleri berjaý etmedik zenanlaryň işden kowulmagy, hem-de jerimelere sezewar edilmegi ýaly faktlaryň bardygy barada hem Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary we çeşmeleri habar beripdi.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki media serişdelerinde ýokarda gürrüňi edilýän ýagdaýlar dogrusynda, has takygy aýal-gyzlaryň daşky görnüşi bilen baglylykdaky çäklendirmeler, munuň olaryň durmuşyna we maşgala býujetine ýetirýän täsirleri barada mesele gozgalman gelýär.

Azatlyk Radiosyna ýokarda gürrüňi edilýän ýagdaýlar dogrusynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginden resmi derejede maglumat almak başartmady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG