Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Türkmenistan mejbury zähmet boýunça iň pesleriň toparynda


Hasabatda 2017-nji ýylda häkimiýetleriň birnäçe ýylyň dowamynda ilkinji gezek çagalary hem pagta meýdanlaryna çekendigi barada maglumatlar gowuşdy diýip, nygtalýar. Arhiw suraty.
Hasabatda 2017-nji ýylda häkimiýetleriň birnäçe ýylyň dowamynda ilkinji gezek çagalary hem pagta meýdanlaryna çekendigi barada maglumatlar gowuşdy diýip, nygtalýar. Arhiw suraty.

Türkmenistanda erkekler, aýallar we çagalar mejbury zähmete we jynsy gaçakçylyga sezewar edilýärler diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň şu ýylky çap eden “Adam gaçakçylygy” boýunça hasabatynda aýdylýar.

Döwlet departamentiniň penşenbe güni ýaýradan hasabatynda bu ugurdan Türkmenistanyň derejesi iň aşaky, üçünji derejedäki toparda galdyryldy. Hasabatda nygtalyşy ýaly, muňa, esasan, ýurtdaky pagta ýygymy döwri we sentýabrda Aşgabatda geçen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň dowamynda ulanylan mejbury zähmet sebäp bolýar.

Üçünji derejedäki topara ABŞ-nyň adam gaçakçylygynyň pidalarynyň goraglylygyny göz öňünde tutýan kanunlarynyň iň pes normalaryny hem berjaý etmeýän döwletler girizilýär. Şu ýyl 22 ýurtdan ybarat bu topara Türkmenistan bilen birlikde Demirgazyk Koreýa, Russiýa, Belarus, Eýran dagy hem girizildi.

“Häkimiýetler döwlet tarapyndan kesgitlenen pagta planyny dolmak üçin esgerleri, býujet pudagynyň işgärlerini (şol sanda mugallymlary, lukmanlary we beýlekileri) işden kowmak, iş sagatlaryny azaltmak, olaryň aýlygyndan tutmak ýaly çäreleri bilen gorkuzyp, pagta meýdanlaryna çekýärler. Häkimiýetler eger-de daýhanlar döwlet tarapyndan kesgitlenen pagta planyny dolup bilmeseler, onda olaryň kärende ýerleriniň elinden alynjakdygy bilen haýbat atýarlar.” diýip, hasabatda bellenilýär.

Hasabatda 2017-nji ýylda häkimiýetleriň birnäçe ýylyň dowamynda ilkinji gezek çagalary hem pagta meýdanlaryna çekendigi barada maglumatlar gowuşdy diýip, nygtalýar.

Hasabat pagta meýdanlaryndaky mejbury zähmet barada maglumat toplamaga ýardam beren we 2016-njy ýylda tussag edilip, üç ýyl türme tussaglygyna höküm edilen Gaspar Matalaýewiň ykbalyna hem ünsi çekýär.

“Mundan başga-da häkimiýetler agaç ekişlik ýaly jemgyýetçilik çärelerine mejbury ýagdaýda mugallymlary, lukmanlary we beýleki döwlet işgärlerini gatnaşdyrýarlar. Şeýle-de, mugallymlar, talyplar we beýleki pudagyň işgärleri Aşgabatda geçen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna mejbury gatnaşdyryldy” diýip, hasabatda bellenilýär.

Hasabatdaky maglumata görä, daşary ýurtlardaky türkmenistanly migrantlar tekstil, ekerançylyk, gurluşyk we beýleki pudaklarda mejbury zähmete sezewar edilýärler. Ýurduň daşynda türkmen aýal-gyzlary-da jynsy gaçakçylyga zor bilen iteklenýärler.

Döwlet departamentiniň hasabatynda Türkmenistanyň özünde-de mejbury zähmetiň mesele bolup galýandygy, adamlaryň esasan hem gurluşyk işleri ýaly çärelere mejbury çekilip bilinýändikleri bellenilýär.

Maglumatda nygtalyşy ýaly, hasabat döwründe türkmen hökümeti adam gaçakçylygynyň pidalaryny goramak we olara hemaýat bermek boýunça çäkli derejede tagalla görkezipdir. Türkmenistan gaçakçylygyň ähli pidalaryna talabalaýyk çäre görmän, ol bu ugur boýunça işleýän halkara we hökümete degişli bolmadyk guramalary hem maliýeleşdirmeýär.

2017-nji ýylda türkmen häkimiýetleri adam gaçakçylygy boýunça wakalalaryň üçüsi boýunça derňew geçirip, munuň bilen baglylykda bir adamy jogapkärçilige çekipdirler.

Şol bir wagtda türkmen hökümeti adam gaçakçylygy boýunça haýsydyr bir hökümet resmisiniň derňelendigi ýa-da jogapkärçilige çekilendigi barada hiç hili maglumat bermeýär.

Galyberse-de, bilmeli möhüm zat, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň “Adam gaçakçylygy” boýunça iň pes, üçünji derejedäki toparyna girýän ýurtlaryň garşysyna sanksiýalaryň girizilip bilinýänligidir.

Ýatlatsak, geçen aý ABŞ Türkmenistanda öndürilen pagta we bu ýurduň pagtasyndan taýýarlanan önümleriň ähli görnüşiniň ýurda import edilmegine gadagançylyk girizipdi. Mundan owal, dünýäniň belli, şol sanda H&M, IKEA ýaly söwda markalary hem, mejbury zähmetiň ulanylýandygy sebäpli, türkmen pagtasyndan ýüz öwrüpdiler.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, Azatlyk Radiosy hem türkmenistanlylaryň pagta meýdanlarynda, şeýle-de dürli, şol sanda binalaryň açylyş dabarlary, prezidentiň doglan güni ýaly çärelere mejbury gatnaşdyrylýandygy barada dowamly maglumatlary berip gelýär.

XS
SM
MD
LG