Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Täjigistanyň prezidenti Özbegistana sapar edýär


Täjik prezidenti Emomali Rahmon Daşkende resmi sapary amala aşyrýar

Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmonyň Özbegistana amala aşyrýan resmi sapary çylşyrymly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dartgynynyň gowşadylmagynda möhüm ädim hökmünde kabul edilýär.

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew Rahmony 17-nji awgustda Daşkendiň howa menzilinde garşy aldy. Iki lider günüň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýapyk gapylaryň aňyrsynda maslahat etdi.

Özbek prezidentiniň metbugat gullugy Mirziýoýewi sitirläp Rahmonyň saparynyň dowamynda iki ýurduň arasynda geçirilýän gepleşikleriň “taryhy häsiýetlidigini ýazdy.

Maglumatda Merkezi Aziýada ýerleşýän bu iki döwletiň iki ýurduň arasynda uzak wagtlap dowam eden meseleleri gysga wagtyň içinde çözmegi başarandygy nygtalyp geçildi.

Rahmon Mirziýoýewiň mart aýynda Duşenbä sapar edendigini, hem-de amala aşyrylan şol saparyň iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürendigini belledi.

Rahmonyň Daşkende eden sapary 1998-nji ýyldan bäri täjik lideriniň Özbegistana amala aşyrýan ilkinji saparydyr.

Täjigistanyň prezidenti E. Rahmon Özbegistana resmi sapary amala aşyrýar
Täjigistanyň prezidenti E. Rahmon Özbegistana resmi sapary amala aşyrýar

Özbegistanyň täjik goňşusy bilen gatnaşyklary 1992-1997-nji ýyllar aralygynda Täjigistanda bolup geçen raýat urşuna Daşkendiň dahylly bolmagy bilen ýaramazlaşypdy.

Şeýle-de, 90-njy ýyllaryň aýaklarynda “Özbegistanyň Yslam hereketi” atly jeňçiler toparynyň Täjigistanyň territoriýasyndan peýdalanmagy bilen iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar erbetleşipdi.

2016-njy ýylda Yslam Karimowyň ölüminden soň hökümet başyna geçen Mirziýoýew ilkinji nobatda Özbegistanyň goňşulary bilen oňyn gatnaşyklary ýol goýmagyň öz hökümeti üçin örän möhümdigini belledi.

Diýdimzor Karimowyň 27 ýyllyk hökmürowanlygynda Merkezi Aziýanyň iň köp ilatly ýurdy bolan Özbegistanyň Täjigistan, Gyrgyzystan, Gazagystan we Türkmenistan bilen arasyndaky gatnaşyklar tranzit ugurlary, serhet howpsuzlygy, suw bilen bagly dawalar, hem-de beýleki meseler sebäpli dartgynlaşypdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG