Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polisiýa işgärleri hususy dükan eýelerinden 'yzygiderli para soraýar'


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Aşgabatda polisiýa işgärleri hususy eýeçilikdäki dükanlara ýygy-ýygydan aýlanyp, söwdegärlerden yzygiderli para soraýarlar diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy aýdýar.

“Meniň gözümiň öňünde polisiýa işgärleri maşynly gelip, dükan eýesiniň ýanyna bardylar. Olar dükan eýesine gök-bakja önümlerini dükanyň girelgesinde goýýandygyny aýdyp, yrs aradylar we ondan munuň üçin özlerine pul bermegi soradylar ýa-da miweli duran gutuny alyp gitjek boldular” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny soran habarçymyz gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, dükan eýesi ne pul, ne-de gök-bakja önümlerini berjekdigini aýdansoň, polisiýa işgärleri onuň elini gaňryp, ony Parahat-4 etrapçasyndaky polisiýa merkezine alyp gitjek bolýarlar, ýöne soňra ony goýberýärler.

“Soňky hepdelerde şuňa meňzeş wakalara şäheriň dürli künjegindäki dükanlarda duş gelse bolýar” diýip, habarçymyz sözüni jemleýär.

Azatlyk Radiosy ýokarda gürrüňi edilýän ýagdaýlar dogrusynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi we paýtagtyň Parahat-4 etrapçasyndaky polisiýa merkezi bilen habarlaşanda, bu maglumatlary ne tassyklatmak, ne-de inkär etdirmek başartdy.

Ýöne Türkmenistanda polisiýa işgärleriniň “dürli bahanalar” bilen, şol sanda arassaçylyk düzgünleriniň doly berjaý edilmeýändigini aýdyp, hususy eýeçilikdäki dükan eýelerinden ýa-da köçe söwdegärlerinden para soraýandygy barada Azatlyk Radiosyna mundan öň hem maglumatlar gelip gowşupdy.

Şu aýyň başynda Daşoguz welaýatyndan anonim görnüşinde habarlaşan bir çeşmämiz polisiýa işgärleriniň ýerli ýaşaýjylara bakjalarynda ýetişdiren önümlerini satdyrman, olary bazardan kowýandygyny, ýöne para beren söwdegärleriň söwda etmegine rugsat berilýändigini habar beripdi.

Polisiýa işgärleriniň arasynda korrupsiýanyň zynjyr ýaly sepleşip gidýändigini aýdan çeşmämiz ýurduň demirgazyk welaýatyndaky “Daýhan bazarynda” polisiýa işgärleriniň aýal satyjylaryň üstüne kemsidiji sözler bilen gygyryp, olara berk daraşýan we bazardan çykaryp kowýan pursatlaryny görkezýän wideo ýazgyny hem ugratdy.

Türkmenistanda para almak we bermek tejribesiniň, ýagny korrupsiýanyň çagalar bagyndan ýokary okuw jaýlaryna, keselhanalardan türmelere, harby gullukdan maýyplyk derejesini tassyklatmaga çenli durmuşyň dürli pudaklarynda giňden ýaýrandygyny, Azatlyk Radiosy bilen habarlaşýan türkmenistanlylar gürrüň berýärler.

Bu meseläni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem wagtal-wagtal boýun alyp, soňky bir ýylyň dowamynda korrupsiýa aýyplamalarynda ençeme hökümet resmisini wezipesinden boşatdy. Şeýle-de, korrupsiýa garşy berk göreşjekdigini aýdyp, geçen ýyl Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugyny hem döretdi.

Ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň ençemesi hökümet maslahatlarynda korrupsiýa garşy göreş barada giňden durlup geçilse-de, aýdylanlaryň iş ýüzünde amal edilmeýändigini, şol sebäpli bu mesele boýunça üýtgeýän zadyň ýokdugyny aýdýarlar.

Türkmenistan halkara guramalarynyň ýyllyk hasabatlarynda dünýäniň iň korrumpirlenen ýurtlarynyň hatarynda agzalýar.

XS
SM
MD
LG