Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow "Ýaňlan, Diýarymçylary" gutlady


"Bagt köşgüniň" açylyş dabarasy. Arhiw suraty
"Bagt köşgüniň" açylyş dabarasy. Arhiw suraty

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 17-nji awgustda “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara gutlag iberdi.

Siziň türkmen aýdym-saz sungatyny ösdürmäge, täze, döwrebap aýdym-sazlar bilen baýlaşdyrmaga mynasyp goşant goşjakdygyňyza, halypa bagşylarymyzyň, aýdymçylarymyzyň döredijilik ýoluny mynasyp dowam etdirjekdigiňize berk ynanýaryn” diýip, döwlet baştutanyň “Türkmenistan: Altyn asyr” saýtynda çap edilen gutlarynda aýdylýar.

Emma ýerli synçylaryň, hususan-da türkmen aýdym-saz sungatyny öwrenijileriň köpüsi 1990-njy ýyllaryň başynda, öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň şahsyýet kultunyň ýaňy döredilip başlanan döwründe düýbi tutulan “Ýaňlan, Diýarym” bäsleşiginiň hakykatda türkmen aýdym-saz sungatynyň asyrlyk däpleriniň ýoýulmagyna ýol açandygyny aýdýarlar.

Türkmen aýdym-saz däplerine hormat goýýan adamlar bu bäsleşigi ilki döredilen ýyllarynda hem halamaýardylar. Şo günlerde “Serdara kuwwat diläliň” diýen aýdymy günde-günaşa telewideniýede berilýän bir bagşynyň howlusynyň derwezesinde “Serdara kuwwat dileýänçäň ejeňe bir halta un dile” diýen ýazgy galdyrypdyrlar” diýip, Azatlyk bilen anonim şertde gürleşen aşgabatly saz öwreniji aýtdy.

Ol bu bäsleşigiň aýdym-saz sungatyny däl-de, eýsem aýdym-sazdaky ýaranjaňlygy ösdürýändigini, tapgyrma-tapgyr ýaranjaň bagşy-sazandalary öňe çykarýandygyny, sebäbi hökümetiň bu bäsleşik arkaly hut şeýle maksady -prezidenti we onuň gazandym diýýämn üstünliklerini wasp edijileri ýetişdirmegi nazarda tutýandygyny aýtdy.

Mundanam başga, ýerli saz öwrenijileriň tassyklmagyna görä, bu bäsleşik aýdym-sazyň iň bir aňryçäk derejede ogurlyk edilýän ýerine öwrüldi.

Bäsleşikde pylany pylanyýewiň sazy diýip aýdýarlar, emma hakykatda ol diýilýän adamyň sazy ýok, oňa derek türk, azeri, arap, hindi, özbek... sazlaryndan edilen ogrulyklar welin näçe diýseň bar” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Garaşsyzlykdan öňki ýyllarda türkmen metbugatynda ol ýa-da beýleki awtordan ogurlanan aýdym-sazlar hakynda makalalar, feletonlar çap edilerdi, emma garaşsyzlyk ýyllarynda bu däp ýatyp galdy we täze awtorlaryň adyndan berilýän aýdym-sazlaryň hakykatda nireden alnandygy derňelmeýär diýip, bu pikiri adyny aýtmazlygy soran metbugat işgäri hem tassyk etdi.

“Mysal üçin, şahyr Gara Seýitliýewiň“Ýöreýşiň messan-messan, her bakyşyň bir dessan,//Seni dünýä inderen gözel ülke Hindistan,//Seniň röwşen gözleriň gözlerimde saklansyn, Gara saňa aşyk diýip, goý, çaklansa çaklansyn” setirlerini uly nesilde bilemeýän ýok" diýip, Azatlygy söhbetdeşi gürrüňini dowam etdirdi.

"Indi Gara şahyryň bu setirleriniň ogry aýdymçylaryň dilinde üýtgedilişini, ýagny göz-görtele ogurlanylyşyny göreli: “Ýöreýşiň messan-messan, her bakyşyň bir dessan,//Seni dünýä inderen gözel ülke Türkmenistan,//seniň röwşen gözleriň gözlerimde saklansyn,//bagşy saňa aşyk diýip, goý, çaklansa, çaklansyn.”

Aýdylmagyna görä, sazy, sözi ogurlyk aýdymlaryň täze awtorlary ýylyň-ýylyna döwlet tarapyndan pul sylaglaryna mynasyp bolýar, ýagny hökümet aýdym-sazda ogurlygy maddy taýdan we ruhy taýdan höweslendirýär.

Azatlygyň iki söhbetdeşi “Bu bilmän edilýän işmi, aýdym-saza baha berýänler ol ogurlyklary görmeýärlermi?” diýen soraga bir-birinden habarsyz “bilip edilýär, bilkastdan edilýär, sebäbi ol bagşylaryň döwlet baştutanyny – Arkadagy wasp etmegi gerek, bu galplygyň arkasynda prezidentiň öwgä mätäçligi ýatyr” diýip jogap berdi.

Bäsleşigi gurnaýjylaryň şertine görä, oňa gatnaşyjylaryň hersi iki aýdym aýdyp bilýär. Ol aýdymlaryň biri häzirki zaman aýdymy, ýagny “ýaşa, Arkadag” bolmaly, beýlekisini onuň özi erkin seçip bilýär diýip, bu bäsleşigi synlaýanlar aýdýar.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen saz ekspertiniň bellemegine görä, aýdym-sazdaky ýykgynçylyk häzir S.Nyýazow döwründäkiden-de oýlanyşykly gurnalýar, mekdep okuwçylarynyň derejesinde “Altyn asyryň merjen däneleri” atly bäsleşik geçirip, çagalara hem ogurlyk sözler we sazlar arkaly bir adamy wasp etmegi öwredýäler.

Şeýle-de synçylar türkmen aýdym-saz sungatynyň wekilleriniň yzygiderli gara sanawa, gadaganlyga düşürilýändigini, soň olaryň käbiriniň "Ýaşa, Arkadag" aýdymyny aýdyp, gadaganlykdan çykýandygyny habar berýärler.

XS
SM
MD
LG