Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistanlylar 'dogruçyllygy we päkligi ündeýän' Gurban baýramyny belleýärler


Aşgabat. Gurbanlyk hiňňilliginiň başynda. 2012 ý.

Türkmenistanlylar 22-23-24-nji awgustda, üç günläp Gurban baýramyny belleýärler, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken karary esasynda beýleki musulman ýurtlaryndakydan bir gün giç başlanýan baýramçylyk günleri iş güni däl diýlip yglan edildi.

Emma ýurtdaky ykdysady kynçylyklar Gurbanlygyň öňki ýyllardaky şowhunyny, dabarasyny azaldana meňzeýär.

Prezidentiň Gurban baýramy mynasybetli çap eden gutlagynda “Gurbanlyk ...dogruçyllygy we päkligi ündeýän, agzybirligi we jebisligi dünýä ýaýýan, ...ählumumy ruhubelentligi döredýän gadymy baýramdyr” diýilýär.

Sowet ýyllarynda häkimiýetlergadymdan gelýän Gurbanlyk däplerine garşy durup, käte şäher ýerlerinde hiňňillikleri ýykan bolsalar, garaşsyzlyk ýyllarynda bu baýram hökümetiň öňe sürýän milli däpler we ruhubelentlik ideologiýasynyň bir bölegine öwrüldi.

Ýöne şu gün Aşgabadyň köçelerine, bazarlaryna aýlanan habarçymyz adamlaryň baýramçylyk şatlygynyň azdygyny, öňki ýyllardaky ýaly gurbanlyk gezýän gyzlary maşyna mündürip, hiňňiliklere aýlaýan oglanlaryň göze ilmeýändigini habar berdi.

“Soňky iki ýylda gapysynda janly öldürip, gurbanlyk edýän adamlar juda azaldy, ozallar obalarda öý başyna gurbanlyk edilýän bolsa, indi köp adamyň muňa güýji ýetmeýär” diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky çeşmesi aýtdy.

“Obalardaky tanyşlaryma telefon etdim, ýagdaýlaryny soradym. Olaryň biri ‘düme gawun-garpyz ekipdim, şondan alyp, ýedi hojalyga bir gawun, bir gapyzdan paýlaýmasam, başga hiç zadym ýok, hudaýam günämi geçer-dä’ diýip, öz ýagdaýyny düşündirdi” diýip, Azatlygyň çeşmesi gürrüň berdi.

Aşgabatda bolsa, biri-birinden habarsyz iki çeşmäniň maglumatyna görä, öňki ýyllardaky ýaly, ‘şu gün pylany gurbanlyk edýär, ertir pylanyň gezegi, baraweriň’ diýen çakylyk juda azaldy, her kim diňe özli-özli bilen ýygnanyp, saçak ýazyp bilse-de kaýyl bolýar.

Bu ýagdaýyň sebäbi mal bahalarynyň juda gymmatlygy, adamlaryň bolsa eliniň örän ýuka bolmagy bilen düşündirilýär.

Häzir iň gowy jylka etleriň kilogramy 45-46 manatdan satylýar, geçen ýylyň gurbanglygynda goýnuň diri agramyndaky etiniň bahasy 14-15 manatdy, häzir goýnuň diri agramyndaky etiniň kilogramy 35 manatdan ýokarda bahalanýar. Diýmek, 40 kilogram çykýan goýun aljak bolsaň, 1400 manat çykarmaly, bu bolsa är-aýalyň bilelikde alýan aýlygy bolýar” diýip, çeşme aýtdy.

Şeýle-de, ýerli synçylaryň sözlerine görä, häkimiýetler hem indi adamlaryň öňki gurbanlyk şatlygynyň ýokdugyny aňýarlar.

Aşgabatda diňe bir ýerde, olam agşamara sirkiň binasynyň öňünde hiňňilik şowhuny guralýar diýip eşitdim, başga ýerlerde beýle şowhun boljak däl ýaly. Aýdaly, Parahat -3-de ozal dikilýän ýerinde hiňňilik agajy dikilmedi” diýip, Azatlygyň çeşmesi habar berdi.

Azatlyk bilen anonim şertde gürleşen şäher resmisi oglanlaryň öz garyndaşlaryny, tanyş gyzlaryny maşynly şähere, hiňňiliklere aýlamagynyň azalmagyny her maşyna diýen ýaly bir garawulyň peýda bolmagy bilen düşündirdi. Onuň sözlerine görä, häkimiýetler dükanlaryň öň tarapynda nobataduranlary hem kowýarlar, sebäbi biriniň üýşüp duran adamlaryň suratyny alyp, maglumat ýaýratmagyndan alada edýärler.

Umuman, adamlaryň göwni çökgün, baýramçylyk şatlygy pes, ýogsa olar adatça Gurban baýramynda gundagdaky bäbegine-de täze eşik geýdirýärdi, emma indi o zatlar ýok. Dynç güni bolsa-da, köçeler boşlaň. Hatda ýaňy bazara bardym, bazarda satyjylar bar, emma alyjy örän az” diýip, Azatlygyň çeçmesi Gurbanlygyň birinji güni Aşgabatdan beren maglumatynda aýtdy.

Teswirleri gör (3)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG