Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan we Gyrgyzystan ikitaraplaýyn resminamalara, “Strategik hyzmatdaşlyk” boýunça jarnama gol goýdy


Gyrgyzystanyň prezidenti Sooronbaý Žeenbekow we Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredeow

Gyrgyzystanyň prezidenti Sooronbaý Žeenbekow türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy esasynda şu gün, ýagny 23-nji awgustda Türkmenistana iki günlük resmi saparyny amala aşyrýar.

Aşgabadyň halkara aeroportunda Žeenbekowy Türkmenistanyň wise-premýer-ministri, daşary işler ministri Reşit Meredow garşy alandan soň, gyrgyz lideri bilen Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda geçirilen gepleşiklerde ikitaraplaýyn resminamalaryň ençemesine gol goýuldy.

Bu resminamalaryň arasynda beýlekiler bilen bir hatarda Girdeji salgydy boýunça goşa salgyt salynmagyndan gaça durmak we salgytdan boýun gaçyrmagyň öňüni almak baradaky ylalaşyk; Söwda we ykdysady hem-de ynsanperwer hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşyk; Transport pudagy boýunça hyzmatdaşlygyň esasy düzgünlerine özara düşünişmek baradaky memorandum bar.

Türkmen döwlet habarlar (TDH) gullugynyň maglumatyna görä, Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrlikleri “2019-2020-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk Programmasyny” hem kabul etdiler. Iki ýurduň Senagatçylar we telekeçiler birleşikleri hem Hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyga gol goýdular.

Gyrgyzystanyň prezidenti Aşgabada bardy
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:50 0:00

Bu maglumat Gyrgyzystanyň prezidentiniň metbugat gullugyndan alnan wideo esasynda taýýarlandy.

Türkmenistanyň prezidentiniň Oguzhan köşgünde geçirilen duşuşykda Berdimuhamedow we Žeenbekow iki ýurduň arasyndaky dostlugy we ynamy berkitmek boýunça “Strategik hyzmatdaşlyk” baradaky jarnama hem gol çekdiler.

Maglumat üçin ýatlatsak, soňky bir ýarym ýyla golaý wagtyň dowamynda Türkmenistan “Strategik hyzmatdaşlyk” boýunça Şertnama goňşy döwletleriň dördüsi, ýagny şu ýylyň aprelinde Gazagystan, geçen ýylyň oktýabrynda Orsýet, awgustynda Azerbaýjan we martynda Özbegistan bilen gol goýupdy.

Eýse, bu nähili jarnama ýa-da şertnama, bu iki ýurda näme berýär? Şeýle-de soňky döwürde Türkmenistanyň bu şertnama goňşy döwletleriň ençemesi bilen gol goýmagynyň nähili sebäpleri bolup biler?

Azatlyk Radiosy bu soraglar bilen Merkezi Aziýa boýunça bilermen Brýus Paniniýere ýüzlenende, ol şeýle şertnamanyň iki ýurduň arasynda geljekde amala aşyryljak hyzmatdaşlyklaryň özenini emele getirýändigini aýtdy. Ol soňky döwürde Türkmenistanyň şeýle şertnamalara goňşy döwletleriniň tas ählisi bilen diýen ýaly gol goýmagynyň bolsa, birnäçe sebäbiniň bolup biljekdigini çaklaýar.

Panniýer munuň esasy sebäplerini gatnaşyklaryň we dünýäde global ýagdaýlaryň üýtgemegi bilen, şeýle-de Türkmenistanyň ykdysady kynçylyklary başdan geçirýän döwri özara hyzmatdaşlyklary täzeden dikeltmek tagallasy diýip düşündirýär.

“Türkmen hökümeti özüniň ykdysady kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüzdigini has köp boýun alýar. Ýöne şertnama baglaşan ýurtlaryň ählisi Türkmenistanyň häzirki wagt agyr ykdysady kynçylyklary başdan geçirýändigini örän gowy bilýär. Dogrusy, bu şertnamalar täze hakykaty hem şöhlelendirýär, ýagny [türkmen hökümeti] bu ýurtlar bilen söwda ýa-da beýleki ugurlar boýunça täze hyzmatdaşlyklary amala aşyrmagy umyt edip, täze şertnamalara gol goýýar. Belkem, ýurt öň şeýle şertnama zerurlyk duýan hem däldir. Sebäbi Türkmenistanyň gaz eksportundan uly girdejisi bardy. Şeýle-de, şuňa meňzeş öňki şertnamalar baglaşylandan bäri Türkmenistanda ýagdaýlar ep-esli üýtgedi. Türkmen hökümetiniň ‘biziň elimiz gysga, bize kömek gerek” diýip bilmejegi äşgär. Şol sebäpli türkmen hökümeti hyzmatdaşlyklary ösdürmek ýa-da dikeltmek üçin diýip şeýle şertnamalara gol goýýan bolup biler” diýip, Panniýer belledi.

Gyrgyz prezidentiniň Türkmenistana edýän saparyna dolanyp gelsek, Žeenbekowyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyny dörediji döwletleriň baştutanlarynyň 24-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek duşuşygyna gatnaşmak üçin 23-nji awgustda giçlik Türkmenbaşy şäherine gitmegine garaşylýar.

Araly halas etmegiň Halkara gaznasy 1993-nji ýylyň 4-nji ýanwarynda Daşkentde esaslandyrylypdy. Onuň maksady Aral basseýnindäki sosial-ykdysady we ekologiki ýagdaýlary gowulandyrmakdan ybaratdyr.

Bellesek, maý aýynyň aýagynda güýçli ýel guraýan Aral deňzinden duzly tozany getirdi we Türkmenistanyň demirgazyk welaýaty Daşogzuň hem gündogar welaýaty Lebabyň ekin meýdanlaryny örtdi.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG